3:20

Hyzmat 2

MP3

Salam ezizler,siz bilen ýenede mowzuklarymyz arkaly duşuşup durs.Bunuň ýaly mumkinçilik uçin Atamyz Hudaýdan minnetdaris.Pawlus koplap hakykaty özünuň howsala duşenini tuýs ýürekden ykarar bolanynda düşünipti.

Ol şeýle diyendi:” Eý, doganlar! Biziň Aziýa welaýatynda başymyza inen külpetlerden siziň-de habarly bolmagyňyzy isleýäris. Bu külpetler çekip-çydardan juda agyrdy, biz diri galarys-da öýtmedik.

Hawa, ajal biziň ýakamyzdan tutandyr öýtdük. Bu ýagdaý biziň özümize däl-de, diňe Hudaýa, merhumlary direldýän Hudaýa bil baglamagymyz üçin ýüze çykypdy.

Hudaý bizi ajalyň penjesinden halas etdi we ýene-de halas eder. Biziň üçin edýän doga-dilegleriňiz arkaly Onuň bizi ýene-de halas etjekdigine umyt baglaýarys. Şonda köpleriň doga-dilegine jogap hökmünde bize berlen merhemet üçin köp adamlar Hudaýa şükür ederler.”2-ji Korintoslylara hatynyň 1 bap 8-11 aýatlary.

Eger Pawlus özüniň şu tejribesini ýaşyranyndady millionlap kişiler bundan peýdalanyp bilmesdi.Diňe paýlaşylan tejribe başgalara ýardam berip bilýar.Aldos Huksleý :”Tejribe size näme bolanyny däl.Bu size näme bolany bilen näme edeniňizdir”diyip aýdýar.Size näme bolany bilen näme etmekçisiz?Agrygynyzy biderek ýitirmaň,oňy başgalara ýardam bermek uçin ulanyň.Hudaý sizi hyzmata taýarlaýşyny görup çykandan soň sizde Hudaýyň garaşsyzlygy we Ol sizi hyzmata taýarlaşynyň maksaty hakda anykrak düşünje ýüze çykýar diýip oýlaýan.

Şeklinizi ulanmagynyz hyzmatda bol hasyl berýän, we üstünlikli bolmagynyzyň syrydir.Eger siz ruhyý päsgeşleriniz we ukuplarynyzy ýüreginiz islegine göra we tejribe hemde şahsýyetinizi aňlatýan ýolda işleseniz,iň köp peýda berýän hyzmatçy bolýanyz.

Näçe laýyk bolsanyz,şonça üstinlikli bolýanyz.Hudaý siziň iň ýokary işinize mynasypdir.Ol sizi anyk maksat uçin ýaratdy we sizden bunuň uçin elinizden gelinçe hereket edişinizi isleýar.

Sizde bar bolan bolman ukuplar hakda alada bolmak we olara eýe bolmaga hereket etmaginiz gerek däl.Onuň ornüna Hudaý sizde bar bolan ukuplarynyzy ulanmaga üns etmeginizi isleýar.

Eger siz Hudaýa şekilänman ýollar bilen hyzmat etmage hereket etseniz bu tegelek deşige kwadrat tagtany dikmage hereket edişinize menzeýar.

Bu peýdasyz netijelere alyp gelýar.Hemde siziň wagtynyz,ukupynyz we kuwwatynyz biderek gidýar.Haýatynyzyň iň ýagşy ulanylmagy Hudaýa şekilinizden gelip çykyp hyzmat edişinizdir.Şonuň bilen ezizler mowzugymyz öz sönüna yetdi.Höş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top