“Her bir oňat we kämil peşgeş ýokardan,gökdäki yşyklaryň Atasyndan
gelýändir.Ol hiç haçan üýtgeýan däldir.Onda üýtgemekligiň ýokudysy hem
ýokdur.”(Ýkup 1:17)
Käwagtlar töwerege gözlep baý kişiler öz perzentlerine ulakan miras
galdyranyny ýa-da bolmasa perzentleri uçin köp zat berip bilenini
görup,eşidip,olara bir höwesim bir bahylygym gelýar. Bahyllyk gowy däl.
Hudaý maňa edil şol zady öwretýar.Belki sizde hem şonuň ýaly mesele
bardyr,eziz diňlejiler? Yone men özümni mätaç we garyp görüp ýaňlyşdym.
Eger siz hem özünizi şeýle pikrlýaň bolsaňyz söhbetimize gulak asyň.Eger
özüňizi garyp diyip öýlasňyz töweregiňize, haýatyňyza nazar salyň.
Hudaý siz uçin taýyarlan sylaglary görmek uçin kalb gözlerinizi açyň. Size
alada etmek uçin Hudaý perişdeleri iberen.Siz Hudaýyň perzenti bolanynzdan
soň sizni doly orasyn,doldursun we Hudaý ýolunda ýoramekde ýardam bersin
diyip Mukaddes Ruhy iberen.Siz ýalňyz dälsiniz,şatlygyňyzda hem gaýgyňyzda
hem size duýgudaş bolmak uçin jemagatny iberen. Size hemişe hemra
bolmak,agyr pursatlarda ruhlandyrmak we ýol görkezmek uçin Öz Sözüni
iberen.Haçan isleseňiz Hudaýa geplemegiňiz mumkin-Ol sizi eşitýar. Hudaý
sizi eşitýar,ybadatda näme sorasaňyz alýaňyz.Howwa haýtymyzda kynçylyklar
bolup dürýar,emma biliň Hudaý güýjuňizden artyk kösenmekligiňize ýol
goýamaýar.
Mukaddes Kitabda hem bu hakda ýazylan;”Başyňyzdan inen synaglar başgalaryň-
da başyndan inýändir.Emma Hudaý sadykdyr!Ol siziň güýjüňiziň çatmajak
synagyny bermez.Siz synaga düşeniňizde,Hudaý çykalga-da açar,synagdan üstün
gelmek üçin gujur-gaýrat-da berer.” Ol ýykylmagyňyza ýol göýmaýar..Siz
çendeňaşa kösendiňiz,gam-gussadan ýüregiňiz jebir çekýar.Hudaýa nalap
aglaýaňyz,,Hudaý gaýgyňyza biperwaý bolup bilmaýar.Ýüzünize akyp düşýan
gözýaşyňyzy süpürip aýyrýar. Sizei köşeşdirýar. Minnetdarlyk bilen
ýüregiňiz şatlyga dölüp diliňizden şöhratlandyrma bolüp çyksa Hudaý
ýanyňyzda dürup eşitýar.Şöhratlandyrmalaryňyzy hoşal bolup kabul edýar.
Käwagt Hudaýa ýakyn bolmag islegi oraň güýçli bolýar. Hany indi Hudaýa oraň
ýakyn bolsam diýas. Kynçylyklarda,şatlyklarda,hemişe Onuň ganatlary
astynda dynç almagy isleýars.Yone Hudaýyň bize ýakyn bolmak islegi
biznikiden hem güýçli.Ol hemişe bize ýakyn bolmagy halaýar.Mukaddes
Kitabda ýazylyşy boýunçaä Hudaý bizi Özüniki ediş uçin ozaldan saýlady.Isa
Mesih gelensoň Onuň gany arkaly günälerden azat boldyk.Oňa ynanymyz uçin
Ol bize Hudaýyň perzenti bolmak erkini berdi.We bizi Özünuň söýgilileri
diyp aýtdy. Biz garyp ýa-da gedaý däldiris.Hudaýň bize beren we be bermagi
dowam edýan sylaglaryňyň çägi yok,diňe buny görüp bilmägimiz gerek. Siz
dünýadäky her bir baý adamdan görä baýraksyňyz,çunki siziň Hudaýyňyz bar.