Salam eziz moştaklar.Ezizler ýene siz bilen sag aman duşuşup duranymyz uçin Hudaýa şan-şöhratlar bolsun!Ezizler,Rebbimiz Isa Mesih Öz islegi bilen bize hemme zady berdi.
Şonuň uçin biz haýatymyza geljegimiz parlak bolmagyna umut baglan ýagdaýda seretmegimiz we biz uçin hakykatdan möhüm zady etmge karar etmagimiz gerek.Ýone şonuň ýaly howp- hatar bar welin,biz janymyzyň rähnetine öwrenip galýas we bu haýatyň merhemetlerini Mesihyň merhemetinden üsin edip goýmagymyz mumkin.
Eziz dogan,eger kimdir biriniň haýatynda şonuň ýaly zat bolsa,her birimiz özümizi barlap çykyp,imanymyz nahilli derejede ekenini anyklap almagymyz zerur.Ilki jemagatlar bize her ýerde Rebbimiz hakda şaýatlyk bermagimiz uçin uly görelde bölüp biler.
Elbettde,ilk masihiýler hem kop azap çekenler.Hatta käbirleri Höşhabar uçin öz janlaryny hem gurban edenlerine şaýat bolýas.Koplap masihýy doganlar Masih uçin öwgiler aýdyp,dürli ölümlere dik baranlar.
Mesih olaryň haýatlaryna nahilli täsir geçiren bolsa,olar hem şol gahrymanlyklary arkaly häzirki masihyý doganlar uçin şeýle tasir görkezýar.
Eziz dogan,haýatyňda düşüşup durýan käbir meseleler,kowmalar,barysy Hudaý tarapyndan 100 paiz dolandyrylýar.Ol hiç haçan kimdir birine Hudaý tarapyndan bellep goýulan çäginden geçip gitmagine ýol bermeýar.
Şonuň uçin Hudaý uçin alyp barýan hyzmatyňyzy dowam ediň.Hudaý kimi nira goýan bolsa,şu ýerde galyp Hudaýa sadyk ekenini ýenede tassyklamaga hereket etsin.
Hudaý kimdir birini nahillidir hyzmata bellän bolsa,diymek,Ol ažaşmadyk.Hudaý hiç haçan ažaşmaýar.Hudaý biz insanlar uçin şeýle bir mähribanlyk görkezýar welin,buny biz insanlar göz önümize getirmagimiz hem kyn.
Meselen,Filipiýlilere hatynyň 2 bap 7 aýatynda aýdylyşy ýaly,” Isa Mesih Hudaýyň tebigatyna eýe bolsa-da, ony Özüne dereje saýmady, ondan mäkäm ýapyşmady. Gaýtam, bir gul kimin bolup, ynsan keşbinde bu dünýä indi,” Ýene 2 Korintoslylara hatynyň 8 bap 9 aýatynda hem:” … Ol baý bolsa-da, siziň hatyraňyz üçin garyp boldy.” Diyip aýdylan.
Ýene Filipiýlilere hatynyň 2 bap 8 aýatynda :” ..ölüme, hatda haçdaky ölüme-de tabyn boldy”diýip ýazylan aýat hem bar.Eziz dogan,Hudaý bularyň barysyny biz insanlar ýaşamagymyz uçin amala aşyrdy.
Geliň,biz hem Hudaý uçin hyzmat edip,Oňy şatlandyraýlyň.Çunki diňe Ol magtawa laýyk.Butin öwgiler Hudaýa bolsun.Ezizler,siz bilen höşlaşýan ekenim,özümiziň internet sahypamyzy ýatlatyp geçýan.Höş sag aman boluň.