3:44

Hudaýyň sözi

MP3

Salam eziz radio diňleýji doganlar.Ýenede efirde siz uçin taýynlanan gepleşiklerimizden biri.Diňlaň gepleşigimizi başlaýas.Mukaddes Kitap bolan Ynjyl taglymadyna görä Hudaý bagyşlaýan Hudaýdyr.Eger Hudaý bagyşlaýan bolmanynda Özünuň ýekkeje oglyny Rebbimiz Isa Mesihy ýer ýüzüne biz günakär insanlar arasyna iberen bolormydy?

Eziz doganlar,biz her birimiz şol gurbanlygy we sada karary şahsan özümiz kabul etmegimiz gerek.Biz Hudaý söýgisine eýe bolmagymyz uçin toba edip Isa Mesihy Rebbim we Halasgärim diyip kabul etmegimiz gerek.Aslynda biz insanlar,Hudaýa ýalbaryp Onuň yzyndan “meni bagyşla”diyip dileg etmegimiz gerek.

Ýone Hudaý biz günakär insanlary şeýle bir söýip,Onuň Özi bize Öz Ogluny iberdi.Eger insan Hudaýyň onünde günalerine toba edip,özünuň günakär ýolundan gaýtyp Hudaýa seretse ,Onuň islegini amala aşyran bolýar.Hudaýyň onünde toba etmek Mesihyň haçdaky tölegi uçin Hudaýyň bagyşlaýyşyny almakdyr.

Mukaddes Kitapda:” Emma günälerimizi boýun alsak, sadyk hem adalatly Hudaý günälerimizi bagyşlar we bizi her hili ýamanlykdan tämizlär.” (1-ji Ýohanna 1:9)/Eziz dogan!Öz günaleriňe ikrar bolan her bir kişini Hudaý bagyşlaýar we doly geçirim berýar.

Çunki Isa Mesih bahasyz töleg töledi.Bagyşlaýyş-Hudaýyň adalaty kanagatlanarly bolonyndan bari bagyş edilen.Aslynda Hudaýyň kämil adalaty jezany talap edýar.Şonuň uçin hem biz insanlar jazalanmagymyz gerekdi.Hudaýyň rehm-şepagaty bilen biz insanlar,Isa Mesih arkaly jezadan azat bolduk.Hudaýyň rehim-şepagaty Ýekkeje Ogly, ýagny Isa Mesih diňe aýrym halklar uçin däl,belki butin dünýadaky insaniýet uçin iberildi.

Biz türkmen halkynyň hem halas bolmagymyz uçin gurban bolmak uçin iberilendi.Bagyşlaýyş günakäriň tobasy bilen şadyýan bolýar,çunki Isa Mesih,Hudaýyň Guzysy şol toba uçin töleg töledi.Ýone Hudaýyň önünde toba etmek-bu adyý oýun ýada gyzyklanma däl.Bu oran wajyp gadamdyr.Günä insannyň ýüreginde gun gorýar.Insaniyet bolsa Hudaýyň Guzysy,ýagny Isa Mesih arkaly täze ýüregi kabul etmegi gerek.

Şol arkaly günakärlar öz ýüregini päk ýürege, akýürekli, päk niýetli we dogruçyl ýürege,täze haýata özgerdýarlar.Mukaddes Kitap:” Çünki günäniň muzdy ölüm, Hudaýyň peşgeşi bolsa Rebbimiz Isa Mesih arkaly berilýän baky ýaşaýyşdyr.”Rimlilere haty 6:23.Hudaý tarapyndan berilen gurbanlyk bizi ölimden halas etdi we bize ebediý haýat sowgat etdi.Hudaýyň ebediý haýat sylagy we sowgady Isa Mesihyň gurbanlygyny kabul etmekdedir.Ezizler biziň internetdaky saýtymyza giriň.Höş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top