4:56

Hudaýyň nuh bilen ähty

MP3

Salam gadrdan doganlar.Eger Köne Äht kitapyny okasak bir näçe ýerinde Hudaý Öz perzentleri bilen äht düzenini okaýas.Bir sorag döreýar.Nämuçin Hudaý insanlar bilen ähtlaşan?Buňa durli sebäbpler bar,çunki Onuň her bir ähtynyň sebäbi we özüne has manysy bar.Bugun Hudaýyň Nuh bilen eden ähty hakynda gepleşýas.Eger biziň söhbetimizi diňlasaniz Hudaýyň näçe mähriban Ata ekenini gorup haýran galýanyz.Men bu äht hakda kop gezek okadym,ýone Onuň beýle guýçli,ýone addyý manyly ekeni haýalymada gelmandi.Geliň Gelip çykyş kitapynyň şol bölegini bir ýatlap geçaýliň. “Hudaý Nuha hem-de onuň ogullaryna şeýle pata berdi«Örňäň, köpeliň, ýer ýüzüni dolduryň. Ähli haýwanlar, guşlar, süýrenijiler we balyklar sizden juda gorkuda ýaşarlar; olaryň hemmesi siziň ygtyýaryňyza berilýär.

Janly-jandarlaryň ählisi size iýmit bolar; edil gök ösümlikleri berşim ýaly, olaryň hemmesini Men size berýärin. Ýöne olaryň etini gany bilen iýmäň. Jan gandadyr. Siziň ganyňyzy dökene ölüm jezasyny bererin. Adam öldüren islendik haýwana ýa-da ynsana Men jeza bererin. Kimde-kim bir ynsanyň ganyny dökse, onuň gany hem ynsan tarapyndan dökülsin. Çünki Hudaý ynsany Öz keşbinde ýaradandyr. Siz örňäp, köpeliň we ýer ýüzüne ýaýraň».Hudaý Nuha we onuň ogullaryna ýüzlenip, şeýle diýdi: «Men indi siz we sizden soňky geljek nesliňiz bilen, şeýle hem siziň bilen gämiden çykan ähli jandarlar: guşlar, mallar we ýer ýüzündäki haýwanlaryň bary bilen äht baglaşýaryn. Men siziň bilen äht baglaşýaryn. Indi hiç haçan bütin janly-jandarlar sil bilen heläklenmez we tutuş ýer ýüzüni weýran etjek sil gelmez. Meniň siz hem-de siziň bilen bolan ähli jandarlar bilen nesilden-nesle edýän ebedilik ähtimiň nyşany şudur: bulutlaryň arasynda ýerleşdiren älemgoşarym Meniň dünýä bilen eden ähtimiň nyşany bolar. Ýeriň ýüzüni bulut örtüp, bulutlaryň arasynda älemgoşar görnende, Men siziň we ähli janly-jandarlar bilen eden ähtimi ýatlaryn. Mundan beýläk Men hiç haçan bütin janly-jandarlary sil bilen heläklemerin. Bulutlarda älemgoşar peýda bolan mahaly ony görüp, Men ýer ýüzüniň ähli janly-jandarlary bilen eden baky ähtimi ýatlaryn». Hudaý Nuha: «Ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlar bilen Meniň baglaşan ähtimiň nyşany — ine, şudur» diýdi.

Mundan beýläk Men hiç haçan bütin janly-jandarlary sil bilen heläklemerin. Bulutlaryň arasynda ýerleşdiren älemgoşarym Meniň dünýä bilen eden ähtimiň nyşany bolar. Bulutlarda älemgoşar peýda bolan mahaly ony görüp, Men ýer ýüzüniň ähli janly-jandarlary bilen eden baky ähtimi ýatlaryn». Oran ajaýyp bu Ähtyň manysyny bilmek uçin biräz oňe seretsek.Hudaý Barlygy Ýaradanynda ýer ustindaki suwy ýer astyndaky suwdan aýrdy.Nuhyň döwruniçenli adamlar bunuň ýaly guýçli ýagyş, tupan ýada ullakan sili hiç haçan görmandi.Hudaý Nuha gämi gurmagy buýranynda,bu oran gulkinç eşidilen bolmagy gerek.Göz onünize getiriň,buňaçenli hiç haçan beýle ýagyş ýagman.Indi gämi gurup bitenden soň Hudaý “gir”diydi we 40 gije we 40 gundiz dinygsyz ýagyş ýagdy.Soň ýene suw yza gaýtmagy uçin bir ýyl wagt gitdi.Şonçakylym kop suwy olor ömründe hem gormendiler.Bu olor uçin täze bir zatdy,täze gorkydy.Näçe wagt olor suwda ýöremegide bilman.Şoňa seretman,olor iman bilen sonünaçenli Hudaýa daýandy.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top