6:01

Hudaýyň işleri

MP3

Salam ezizler.Imanly adam köne bedeni we dünýä bilen goreşmek nahilli ekenini ýagşy bilýar.Emma bu meselede Hudaý biz tarapda. Ol bize gerekli ýardamy berip bilýar. Pawlusyň Filipiýlilere ýollan hatynyň 2 bap 13 aýatynda gözel wada berilen:” Çünki Hudaý Öz göwnünden turýan işleri etmek üçin size gujur-gaýrat berip, sizdäki işini amal edýär.(Bu yerde Pawlus”işleri etmek” diyeninde jennete barmagy göz onünde tutmaýar,tersine,bu ýerde sizi orab alan meseleler çözgüti hakda gepleýar.Hudaýy kanagatlandyrýan iş bolsa diňe Onuň Özi eden işlerdir. Adamyň Hudaýyň gatnaşygysyz eden işleri Hudaýi hiç haçan kanagatlandyrmaýar.Hudaýsyz edilen işler hemişe ýoga çykýar.kop ýagdaýlarda peýdasyz bolýar.Hudaýy kanagatlandyrýan ýekeje zat bu kämillikdir we kämil iş edýan ýekehe şahs hem edil Hudaýyň Özidir.

Şonuň uçin hem Hudaýy kanagatlandyrýan ýekeje haýat bu iman bilen geçiren haýatdir.Iman bilen geçirilen hýat bolsa Hudaý içinizde iş alyp baran haýatdir.Iman edil şonan ybarat.Şonuň uçin Ewreýlere hatynda:” Iman etmeýän adam hiç wagt Hudaýy hoşnut edip bilmez. Hudaýa ýakynlaşan adam Onuň barlygyna we Özüni agtarýanlary sylaglajakdygyna ynanmalydyr.”diylen “(Ewreýlere 11:6).We şonuň uçin Hudaýyň Özi bize Ony hoşnut edýan ýekeje haýat Onuň Özi iş alyp barýan haýat diýar.Bu bolsa Täze ähtdir. Resul Pawlus,masihyýlyk hýatynda takmynan on ýyl dowamynda bu hakda bilmani mana uly ýardam berdi. Damaşk ýollarynda imana gireninde Pawlus hemmemiz edýan ýaňlyşy başyndan geçirýar.Isa Mesih hakda biraz maglumada eýe bolup,öz danalygyna,aklyna,geçmişine we taglymadyna ynanyp Pawlus dünýany imana getirmage girýar.Ol hem bary gerek zada eýedirin diyip oýlan.

Filipiýlilere ýollana hatynyň üçinji bapynda Pawlus täsirli aýatlary aýdan:” Eger ynsan güýjüne daýanmaly bolsa, onda bu babatda meniň doly tutarygym bardyr. Eger ýene kimdir biri tene daýanmaga tutarygy bardyr öýtse, meniňki ondan-da köpdür. Men dünýä inenimden sekizlenji günde sünnet edilendirin. Men ysraýyl halkynyň benýamin tiresinden bolup, ýewreýleriň ýewreýidirin. Ýahudylaryň Kanunyny berjaý etmek babatda hem fariseýdirin. Din ugrundaky yhlas diýseňiz, imanlylar ýygnagyna azar berdim. Mukaddes Kanuna daýanýan dogrulyk diýseňiz, aýypsyzdym.”Filipiýlilere 3:4-6). Bularyň barysy Pawlus uçin möhüm bolan.Şondada,masihiýe öwürileninde ol tä şol zatlara ynanyp gelen.Damaşkdaky işinde hem hiç bir insan imana geleni hakda aýdylmadyk.Munuň ornüna adamlar oňa garşy çykmagy başlaýar.Şonda Pawlus sebetiň içinde diwar üstinden tä jenaýatçy ýaly gaçmaga mejbur bolýar.

Son ol Ierusalima geleni hakda bize mälim edýar. Şol ýerde hem,ol tä şonuň ýaly iş tutýar.Ol ýonon dilinde gepleýan ýahudiýler arasynda ýoržp Isa Mesih ekenine olary ynatyrmaga çalyşdy.Bu onuň hereketleridi.Öz maksatyna ýetişmek uçin,ýagny olary imana getirmek uçin hemme zada eýe ekenine ol ran ynanýady.Ýone şoňa seretmezden,Ierusalimde hem tä şu ýagdaýda oňa garşy çykdylar.Son ahmyr çekip we umutyny ýitiren Pawlus ybadathana girip ybadat edýar.Rebbimiz Isa Mesih oňa gorunup.:” Men Rebbim Isany gördüm, Ol maňa: „Tiz bol, dessine Iýerusalimden git, sebäbi olar seniň Men hakdaky şaýatlygyňy kabul etmezler“ diýdi. (Resuller işleri 22:18) Pawlusyn muňa jogapy nahilli boldy?Bu hakda 22 bapda ýazylan.Muny biraz düşundirip bermage hereket edýarin,ol Isä takmynan şeýle jogap berdi,:”Rebbim Sen bu ýagdaýyi ýagşy düşunmeýan Sen haýatyndäky iň gowy pursaty elinden çykarýan”.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top