3:44

Hudaýyň çakylygy!

MP3

Salam hormatly radio diňleýji doganlar.Siz bilen ýenede radio tolkunlary arkaly düşüşüp düranymyzdan Hudaýa şükürler aýdýas. Bugun men Gülälek siz bilen mikrofon garşysynda.Her bir Mesihyý kişi agar şonuň ýaly peşgeşi bolsa Höşhabar aýtmagy we mätejlere Hudaýyň sözüni ýetirmägi şert.

Biz mesihiýlarda entek haýat demi bar ekeni Hudaý uçin hyzmat etmegimize hiç zat garşylyk etmesligi gerek. Ýahýa gelen Aýanlyk kitapynyň 2 bap 17 aýatynda şeýle sözleri okamagymyz mumkin:” Mukaddes Ruh we Gelinlik «Gel!» diýýärler. Eşidýän her kes hem «Gel!» diýsin. Suwsan gelsin. Kim öz teşneligini gandyrmak islese, goý, ýaşaýyş suwundan mugt içsin! “.Höşhabary ýaýratmak bu biziň abraý tapmagymyz uçin däl,tersine Hudaý uçin edilýan hyzmat.

Eden hyzmatymyzdan bolsa Hudaý şöhratlanmagy we şat bolmagy gerek.Elbettde bunuň ýaly hyzmata diňe erkek kişiler däl,belki aýallar hem çakyrylandyr.Elbettde her bir çakyrylan kişi Hudaý uçin edýan hyzmatyndan zeýrenman her hilli kynçylyklara seretmesden amala aşyrsalar ýenede köprak kişiler halas bolmaklary mumkin diýip aýtmagymyz mumkin.

Haçan edýan hyzmatymyzdan göwnümiz dolsa we şatlyk bilen oňy amala aşyrsak,işimiz bereketli we alýan hasylymyz bol bolýar.Kimdir jemagatda çöpanlyk etse ýene kimdir çagalar uçin hyzmat etmagi mumkin.Iň möhümy edýan hyzmatymyzy edil Hudaý tarapyndan berilenine özümiz ynanmagymyz gerek.Men haýatdan bir mysal getirip aýtmagym mumkin.

Bir guni hyzmatçylary taýynlamak uçin bäş günli seminar gurnaldy.Seminarda takmynan oňa ýakyn kişi gatnaşdy.Şonda gözüm uç uýalarymyza düşup galdy.Olaryň ötüruşlaryndan şol seminar ýakmaýany görünup durýady. Arakesme wagtynda men olor bilen söhbetleşenimde bu uýalarymyz bu seminara çöpanynyň gystagy bilen alaçsyz gelenleri mälim boldy.

Aslynda bolsa olara edil şol ugurdaky hyzmat ýaramaýany mälim boldy.Şonda men olara arkaýyn öýlerini gaýtyp gitmeklerine rugsat berdim.Çöpan olara hiç hilli jeza ulanmajagyna men wada berdim. Häzirki günde şol uýalarymyz başga ugurda ajaýyp hyzmat edip Hudaýa hasyl getirýarlar.Bu bilen ezizler hyzmat başlamasdan oň ybadat edip Hudaýdan anyk görkezme alsak ýagşy bolýar diyip aýtmakçy bolýas.

Insanyý guýç bilen başlanan hyzmat elbettde ýary ýolda togtap galmagy mumkin.Bu bolsa insanyň ruhyý çökmagine we boldy men hyzmatçy bolup bilmeýan diýip öýlamagyna alyp gelmagi mumkin.Hormatly radio diňleýji doganlar siz Hudaý uçin nahilli hyzmat edýanyz? Bize şol hakda ýazyp iberiň.Ýenede radio arkaly düşüşýinçenli höş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top