5:27

Hudaý halkynyň günäsi

MP3

Salam gadrly doganlar.Biz Mukaddes Kitapy okýan ekenik,Hudaý halky näçe gezek Hudaýdan ýüz öwzreni,gaýta gaýta Hudaýa garşy günä edenini we onuň netijelerini hem görenini bilip alýas.”Eh-waý egerde men Hudaýyň halkynyň ornünda bolonymda hiç haçan Hudaýdan ýüz öwürmezdim.Hudaýyň muzjyzalaryny gören halk nadip Oňa garşy günä etmegi mumkin”-diyaniz.Ýone öz haýatynyza nazar taşlaň!Siz näçe gezek haýatynyzda Hudaýyň mähribanlygyny,şepagaty we muzjyzalaryny gordiniz?Şeýle eken,siz hem özüniz aýdyşynyz ýaly,Hudaýyň eradasy we hökümdarlygy astynda ýaşaýanyzmy?Ýok bolýan bolsa,onda siziň hem ysraýyl halkyndan tapowudynyz yok.Ýerem ýa paýgember kitapynda Hudaý halka şeýle diydi:” Rebbiň sözüne gulak asyň,eý, Ýakup nesli,Ysraýylyň ähli kowumlary!

Reb şeýle diýýär:„Menden uzaklaşar ýaly,ata-babalaryňyz Menden näme ýamanlyk gördüler?

Siz hem haýatynyza serediň?Hudaýdan uzaklaşyp,nämeä kopräk ünsinizi we wagtynyzy sarp edýanyz?Haýatynyz,wagtynyz,söýginiz we arzuwlarynyzyň iň kop bölegini alyp goýan zat näme? Şu siz uçin but bolup galanakmy?Hudaýyň ýagşylygyny,halas edenini gören halk tiz arada Onuň merhemetini ýatdan çykardy.Reb olara şeýle diydi:” Biderek zatlaryň yzyna eýerip,özleri-de biderek boldular.Olar: ‘Bizi Müsürden çykaran,çölde, çukurlykda hem çolalykda,gurak hem tüm garaňkylykda,hiç kimiň aýak basmadyk,hiç kimiň ýaşamadyk ýerinde bize ýol görkezen Reb nirede?’diýip soramadylar.Miwesidir näz-nygmatyndan iýsin diýip,getirdim Men sizi bereketli ýere. “ Hudaýyň şonça merhemetine eýe bolmak nahilli ajaýyp!Şonça zat mende bolsaýydy diýanyzmy?Haýatynnyza nazar salyň,sizde ondan hem ajaýyp merhemetler bar.Diňe siz olary görüp bileňizok.

Dykgat ediň,Hudaýyň nazary bilen serediň.Şoňa seretman,Hudaýyň halky eden işini etmeýanyzmy? Hudaýyň beren merhemetine ünçizlik etmeýanyzmy?Ysraýyl halky edil şeýle edipti.Mukaddes Kitapda şeýle ýazylan:” Emma gireniňizde ol ýere,haram etdiňiz siz ülkämi,

nejis zada öwürdiňiz mülkümi.”Bu günäler uçin Hudaý bu halky aýyplady.Diňe olaryň özüni aýyplasa hiç,ýone olaryň eden işleri uçin perzentleri hem aýypdar bolup galýar.Siz hem perzentleriniz ýada agtyklarynyz siziň eden işiniz uçin aýypdar bolup galmagyny islemeýanyzdir!Hudaý Ysraýyl halkyna garatyp şeýle diyidi:” Şonuň üçin hem Men ýene bir gezek sizi ýazgarýaryn.Muny Reb aýdýandyr.Men siziň çagalaryňyzyň çagalaryny hem ýazgarýaryn.Kipriň kenarýakalaryna gidip görüň,Kedara adam ýollap, üns bilen gözden geçiriň.Ser salyň, heý, öň bolupmy şeýle zatlar?”

Öz hudaýlaryny çalşan millet barmy?Ýogsam olaryň hudaýlary Hudaýam däl.Emma Meniň halkym öz şöhratly Hudaýyny çalyşdy biderek zada.” Elbettde beýle bolmän.Ýone Hudaýyň merhemeti,söýgisi we gutulmagyny datyp gören Ysraýyl halky tiz arada ýagşy ýere gelip galanson,bu ajaýyp ýeriň bol miwelerinden doýan halk Hudaýy unutdy.Gyzyk oran tiz unutdy.Insan tebigaty şeýle,ýagşylygy oran tiz ýatdan çykarýar.Siz hem şeýledälmiziniz?Biz hemmemiz şeýlediris.Diňe Hudaýa dykgat etsek Onuň ýagşylygy we merhemetini ýatdan çykarmaýas. Hudaýa biwepalyk edeniň netijesi nahilli boluşyny bilýanyzmy?Eý Ysraýyl,saňa ýol görkezen Hudaýy terk etdiň.Şu edeniň bilen öz başyňy özüň iýdiň Sizi öz pisligiňiz jezalandyrar,dönükligiňiz paş eder.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top