4:46

Hudaý bilen aragatnaşygymyz

MP3

Salam gadrly doganlar.Hudaý hakda bilýan,emma Ol bilen işim ýok,diyenler aramyzda kop tapylýar.Ol-Hudaý haýatymyzyň başlanýyşy we ahyry.Siz Ol bilen aragatnaşyk edýanyzmy ýokmy,Ol Öz işini edwerýar.Her bir adam dogrudan dogry oňa bagly,çunki sizi Hudaý ýaradan we sizi uýpçin edýar we ähyretde sizi höküm edýar. Haýatymyzda kop zatlar özgerýar ,emma Ol özgerman galwerýar.Ýene bir aragatnaşyk bar bu başgalaryndan aýratyn bolup durýar.Hemmemiz ine şonuň ýaly aragatnaşyk edýanler hataryna girýas.Bu biz imanlylaryň Hudaý bilen bolan aragatnaşygy.Ýagny,bu aragatnaşygyň başga aragatnaşyklardan tapowuty,Hudaý bilen bunuň ýaly aragatnaşykdaky insan Hudaýa garşy günä edenini aňlaýar we olar özlerini özgertip bilmeýandygyny boýun alýarlar.Olar Hudaýň Sözünde ýazylan hakykata ynanýarlar.

Şeýlelikde günälerini boýun alan we Isa Mesihy özünuň Halasgäri diyip kabul eden,Oňa we Onuň haçdaky ölümi bilen meniň günalerim uçin töleg doly tölen diyip ynanan we buny kabul eden her bir adam Hudaýyň perzenti bolýar.Ine şol zat olaryň arasyndaky aragatnaşygy aýryp durýar,başgaça,aýratyn edýar.Çunki Hudaý sizi Özunuň perzenti diyip kabul edeninde,diňe siziň bir siziň günalerinizi bagyşlaýar,belki Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly siz satyn alynan hem bolýanyz. Ýagny Hudaý siz uçin töleg töledi we Onuň Oglunuň sylagy sebäbli günaleriniz bagyşlandy.Bu siz aklandynyz diýeni.Isa Mesihyň siz uçin eden gurbanlygy esasynda siz bundan beýle başga günakär dälsiniz,diyip yglan edildiniz.Çunki Ol siziň günä uçin tolemeli töleginizi doly töledi.Haýatynyzyň nahilli derejede we näçe günali ekenine seretman siz Hudaý bilen ýaraşdyrylansynyz.

Siz mukaddes edildiniz.Ýagny-siz Oňa özüniziň halasgäriniz diyip ynanan pursatdan başlap,Ol sizi Özi uçin we haýatynyzda Özünuň maksatyny berjaý etmek uçin saýlap aldy.Siz bilen men Hudaýyň perzenti bolduk,biz indi iman halkydiris.Onuň aýdyşynçe,Ol bizi Özünuň şäälygyna kabul etdi.Mukaddes Kitapda ýazylyşy boýunça,Onuň Ruhy içimizde ýaşaýar.Bize ebediý haýat sowgat edip berilen we biziň oýemiz Gökde. Biz Hudaýyň Ogly Isa Mesih arkaly Hudaý bilen aragatnaşygymyzy aýratyn we dogrudan dogry aragatnaşykdan başgaça dowam etmegimiz mumkin.Her bir imanlyda Hudaý bilen aýry bolup durýan aragataşyk bar.Ol Hudaý bilen tä Hudaýyň perzenti ýaly aragatnaşyk edýar.Tä Hudaýyň Ruhy içinde ýaşaýan adam ýaly aragatnaşyk edýar.Hudaýyň Ruhy bilen möhürlanan we özünuň Haýat Kitapynda ady ýazylan adam ýaly aragatnaşyk edýar.

Şu zat bizi başgalardab aýryp dürýar.Aragatnaşygyň ýenede bir duri bar,buny biz uzak aragatnaşyk derejesi diýas.Bu topara kimler girýar? Bunuň ýaly aragatnaşyk toparyna girýanler hem ýokardaky özüne has,aýrylyp durýan aragatnaşyk derejesine giren adamlardir.Olar hem Hudaýyň perzentleri,emma olar Hudaýa özleriniň Häläsgäri diyip ynanyşy bilen bille Oňy nirededir ýokarda,ol bilen bille dälde ýokarda diyip bilýar.Olarda Hudaý bilen billelik duýgysy ýok,çunki hakykaty ýagşy düşünip etmanler.Şonuň uçin hem bu hakykat haýatlarynyň niresindedir ýatyr. Olar Mukaddes Ruhyň gudratyny,günaden üstin gelýan haýat geçirmek gerekdigini,haýatda päk we dögryçyl bolmak gerekdigini düşünmeýarler.Mukaddes Kitapy kem okýarlar,diňe gýnanda,haýatlarynda agry we teşwişler geleninde ybadat edýarler.Eger aramyzda şonuň ýalylar bolsa,Hudaýa ýakynlaşmak wagty geldi.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top