Salam eziz doganlar we uýalar. Mesihyň şägirdlerine bagyşlanan programmamyza hoş geldiniz.Her bir masihýy memleketimizde Mesih jemagatyna esas salmakda gatnaşmagy gerek çunki bu Hudaýyň eradasy.Bu beýik Işde Oňa hemrä bolmagymyz uçin Ol bize peşgeşleri we gýüç berdi.Bu peşgeşleri Hudaý bize şeýle bir özümiz uçin berman,bu peşgeşler arkaly Hudaý beýiklanmagi,başka imanlylar bolsa bereket almaklary gerek.
Bu işni diňe Hudaý tarapyndan aýratyn pata berilen kişiler ýa-da ryhanyýlar edip bilýar diyip oýlan kişi ýaňlyşýar. Şol kişi Hudaý oňa beren peşgeşlerden bihabar bolsa gerek we Hudaýyň Adyny adamlara tanatmak imanlylara tabşyrylanyny bilmese gerek. Imanlylar öz güýji bilen bu wezipeni berjaý edip bilmeýarler,yone Mukaddes Ruh kömeginde Hudaý bize beren peşgeşleri ulanan ýagdaýda ynsanlara täsir edip olaryň haýatlaryny özgertip bilýas.
15-16çi aýatlarda Pawlus jemagatnyň uýgunlygy, agzybirlikde iş alyp barmaklygy barada ýazýar.Jemagat Mesihyň bedenidir.Butin beden aýry haýatyý damar bogunlar kömeginde özara jebisleşen.Her bir beden agzasy öz wezipesini berjaý edýar,netijede ösüp ulalýar.Pawlus şol mowzugy 1 Korintoslara hatynyň 12 bapynda dowam eden. Beden bir bolsa-da, agzalary köpdür. Agzalary köp bolsa-da, olar bütewi bir teni emele getirýärler. Mesih babatda hem şeýledir. Çünki biz kim bolsak-da: ýahudymy, grekmi, gulmy, erkinmi — tapawudy ýok, barymyz bir beden bolmak üçin, bir Mukaddes Ruha çümdürildik. Biziň barymyz bir Mukaddes Ruhy kabul etdik.
Beden bir agzadan ybarat däldir. Onuň agzasy köpdür. Aýak: «Men el däl, men bu bedene degişli däl» diýeni bilen beden agzasy bolmagyny bes edýärmi näme? Gulak hem «Men göz däl, men bedene degişli däl» diýse-de, beden agzalygyna galýandyr. Eger bütin beden göz bolan bolsa, onda ol nädip eşiderdi? Eger bütin beden gulak bolan bolsa, onda ol nädip ys alardy? Emma Hudaý hemme agzalary bir bedende ýerleşdirip, olaryň hersini Öz halaýşyna görä goýdy. Eger agzalaryň bary haýsydyr bir agza bolan bolsa, onda beden nirede bolardy? Aslynda agzalar köp, beden bolsa birdir.Şeýlelikde hemme päşgeşer Mukaddes Ruhdan ekeni bedeniň hemme agzalary deň.Olaryň arasyndan birini başgasyndan ustin goýmagymyz mumkin däl. Wagyz ediji,mugalymlyk ukupyny alman başga doganlar hakynda”Bular mugallymlyk edip bilmaýar,bu işde olar bize heç hilli ýardam berip bilmaýar”-diyip aýtmaklary mumkin däl.Aslynda göze gorunmaýan ukuplar göze taşlanýan ukuplara garanda köprak ähmiýete laýyk.Koplanç biz “aýratyn ukup”alanlary , okatmak we gudrat körkezmek ukupyna eýe bolan doganlarymyzy kop magtaýas.
Jemagatlarda unussiz bir iş bilen meşgullananlaryň bolsa gadryna etmeýas.Terbiýeçilik işi uçin Mukaddes Ruh beran hemme ukuplar peýdalydyr.Jemagatdaky her bir adam bu işe öz goşantyny goşmagy şert, diňe şonda şägirdler imanda ulalyp butin jemagat berk bolýar.Egerde bir masihyý:”Meni bagyşlaň,men terbiýeçilik işinde size hiç hilli ýardam berip bilmýan”-diyen bolsa onda butin jemagat zelel gorýar,çunki bedeniň bir agzasy öz wezipesini bejermekden boýun gaçyran bolýar.Biz hemmemiz Hudaýa tabun bolmagymyz we Ol beren peşgeşler bilen jamagatymyzda we jamagatdan daşaryda hyzmat etmagimiz şert.Bundan hiç kim aýyrma däl. Eger jemagatdaky hemme agzalar diňe mugallymçylyk we paýgemberlik etmek ukuplaryny alan bolsalar-da onda jemagat ejiz,hassa bolýar.Bunuň ýaly jemagat dunýadaky adamlara tälim bermaga gowşak bolup,hiç hilli netijä etişmeýar.
Şoňa görä goşumça edip aýdmakçydym,Pawlus Korintosly doganlar uçin ybadat edende Korintosly jemagat osüp,netijeli bolanyny halandy. Birinçi bapynda Pawlus Hudaýdan danalygy we akl-paýhasyny dileg edip soraýar.Şoň sözünde dowam edip: «Rebbiňize mynasyp ýaşap. Oňy her babatda hoşal ediňler. Çunki Ol Öz ezizlerine wada eden nurly mirasdan peýdalanmak mumkinçiligini berdi”-diyip aýdýar. Höş ezizler. Hyzmatynyz hasyly kop bolsun. Biziň saýtymyz hemişe siziň hyzmatynyzda.