3:01

Hökümrawan Hudaý

MP3

Salam eziz dostlar siz bilen mowzuklarymyz arkaly düşüşup duranymyzdan oran berenýaris.Mukaddes Kitapdaky ýaradylyş hekaýasyna esasan insan Hudaýyň keşbinde ýaradylanyna dykgat edilmadik pikr nälaýykdir.

Hudaý keşbiniň anyk manysyny suratlandyrmaga ikkilenmegimiz mumkin,emma insan Hudaýyň keşbinde ýaradylan ekeni Hudaý bilen aýratin aragatnaşyga eýe bolman durup insan hakykyý insan bolup bilmeýar.

Hudaýy nazardan çetde galdyrýan bolsak biz insanyň nämedigini bilmege näçe çalyşmaýlyň barysy biderek. Diňe Hudaý we insan ortasyndaky aragatnaşykda insanyň wezipesi name ekeni görkezilen.

Biziň jynsyýete eýedigimizi hem diňe Hudaý bilen aragatnaşykda aňlap almagymyz mumkin.Butin barlyk üstinden hökümdarlygymyzy hem Hudaý bilen aragatnaşykdan daşarda aňlap bilmeýas.

Insanyň bilimini gözlemagi,tehnologiýany ösdirmege çalyşýanlary,hatta butin insaniýat medeniýetini ösdürmege hereketi,bularyň barysy Hudaý bize tapşyran wezipedir.

Insan Hudaýyň onünde jogapkarçilige eýe.Jögapkär diýeni bolsa kimedir edýan işimiz uçin jögapkär bolmagymizdir.Bu sözi insanlaryň jögapkarçilik derejesine degişli ulanmak arkaly elbettde onuň manysy guýçsizlenen.

Şoňa seretman, — jogapkär hemde jogapkärsiz adam hem Hudaýyň onünde barabar jogapkärdir.Biz buny isleýasmy,ýokmy barybir biz Hudaý onünde jogapkardiris.

Insanyň jogapkärligi esasy onuň erkindigidir.Bu erkinlik manysy ýaradylyş hekaýsynda suratlandyryp berilen.Gelip çykyş kitapynyň 1 bap 28 aýatynda bizde hakykyý saýlamak erkinligi barlygy,biz bir näçe saýlawlar içinde isleýanymyzy saýlap bilýanymyz anyk görkezilen.

Ýone şony ýatdan çykarmaslygymyz gerekki erkinligimiz bolsa-da Hudaý bize bereketli bolunlar höküm süriňler diyip buýran.Erkinligi bolman kişi bolsa höküm sürup bilmeýar.

Ine şu manyny anyk görkezmek uçin Gelip çykyş kitapynyň 2 bap 16 aýaty terjimesinde,rugsat manysynda «Sen bagdaky islän agaçlaryň miwesinden arkaýyn iýip bilersiň.”diyip aýdylan.Emma asl ewreý metininde “arkaýyn” sözi ýok,bunda gep düzilmagi 17 aýatdaky bilen bir hil bolup,ýagny “miwesinden iýmegin, çünki şondan iýen günüň sen hökman ölersiň».diyeni bildirýar. Ezizler mowzugymyzyň dowamyny indiki programmamyzda dowam etdirýas.Häzirlikçe höş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top