Salam ezizler.Şägird arttyrmak mowzugyna bagyşlanan programamyza hoş geldiniz.Ynanç we maksaty ösdürmek bolýarmy?Nadip biz bu häsiýetlere ýetişip bilýas?Nadip şägirdlerimize ynanmagy we maksaty gözlep ýaşýaşy öwredip bilýas? Dawud paýgember: ” Eger öýi Reb bina etmese,ony bina edýänleriň azaby puçdur.Eger şäheri Reb goramasa,
garawulyň oýa durmagy puçdur.”diyip aýdandy(Zebur 126:1).Şägird ösdirmek Hudaýyň başlamagy bilen başlanyp,Hudaý tarapyndan gutarylýar.Eger Hudaý biziň haýatymyzda işlemese we Özünuň ýagşy niýetini ýüregimize salmasa,hemme eden işlerimiz biderek bolýar.Ynançy bize Hudaý berýar,maksaty hem Onuň Özi belleýar.
Şu bilen bir hatarda biz hem mälim kadalary berjaý eden ýagdaýda öz jogapkärçiligimizi ösdürmegimiz gerek.Men unsinize şonuň ýaly dört kadany görkezjek bolýan.Siz bu kadalara ýenede goşmaça kadalar girizmeginiz mumkin.Şägird ösdürmek gadry şagirdi okatmak usulyndan üstin bolsun.Şägird ösdürmekde hem hümmete uns bermek,hem dogry gelýan usuldan peýdalanmak gerek.Ýone imanymyz we maksatymyz uçin esas bolan gymmatlyklarymyz ulanylýan usuldan koprak dykgata laýyk bolmagy gerek.Isa Mesih tohum ekiýji hakdaky hekaýany aýdyp berende,tohum näme uçin ekilenini,haçan we näme bolanyny aýdandy.Ýone Isa tohum nahilli ekileni hakda bir söz aýtmandy.Işi nahilli ýagdaýda berjaý edişimiz özümize bagly.Isa biz uçin gymattlyklary belleýar,işi amala aşyrmak usulyny bolsa biz özümiz saýlaýas.
Beýik tapşyrygy hem mysal edip almagymyz mumkin.Isa bize : «Bütin dünýä aýlanyň-da, Hoş Habary hemme adamlara wagyz ediň. . Iýerusalimde, tutuş Ýahudyýada we Samariýada, ýer ýüzüniň dört künjeginde siz Meniň şaýatlarym bolarsyňyz» diydi.Isanyň haýaty we işleri biz uçin görelde bolup hyzmat edýar.Mark beýan eden Höşhabaryň 3 bap 14 aýatynda: “Isa on iki adamy saýlap alyp, olara resullar diýip at berdi. Onuň wagyz etmäge iberen, hassalary sagaldyp, arwah-jynlary kowmaga ygtyýar beren ..” Eger Isa meňzejek bolsak biz hem ynançly adamlary şägird edip almagymyz gerek,soňra öz wagtymyz we haýatymyzy olary ösdürmage bagyşlamagymyz gerek bolýar.
Beýik tapşyrygy amala aşyrmakda haýsy usuly ulanmagymyz biziň özümize bagly.Resuller kitapynda Mesihyň beýik tapşyrygyny amala aşyran kişileriň işleri hakda ýazylan.Olar Isanyň emrlerini berjaý edip amalda ulalan.Resuller kitapynyň 6 bapynda dullara bolan unussizlik netijesinde gelip çykan agzalalyk hakda okamagymyz mumkin.Resuller bu meseleni çözmek uçin iýmit paýlaşdyrýan hyzmatkärleri bellanler.Isa ýerdaki hyzmaty dowamynda:”Dullara iýmit paýlap berýan hyzmatçylary belleň “diýip aýtmandy.Resulleriň özleri ýüza gelen meseleni çözmek uçin şu usuly ulalandylar.Rebbim hyzmatynyzy Özi berekelesin.Sag aman boluň.