4:11

Hannanyň ybadaty

MP3

Salam eziz radio diňleji dostlar. Programmamyza hoş geldiňiz. Ezizler,bugun
biz siz bilen Ýaradana elimizi açyp ybadat edýas.Ezizler Eski Ahdda
Pätyşalar kitabyndaky Hananyň Hudaý eden ybadaty ýadyňyzdamy? Geliň şol
ybadat aýatlaryny ökap çikýas.Hanna şeýle ybadat etdi: «Reb kalbymy şatlyga
besledi. Reb bilime kuwwat berdi.Şeniň halas edeniň uçin,men
şadyýan!Duşmanlarymyň üstinden gülýan! Reb mukaddesdir,Oňa taý bolmaz,Ondan
gaýry Hudaý bolmaz.Buýsançdan doly sözlerden el göter.Ulumsylyk bilen gep
urma,çünki ähli iş Rebbe aýandyr.hemmesine kazylyk edýan Şoldur.Güýçlüleriň
ýaýy döwuldi,ejizlere kuwwat geldi.Doklar bir döwum çörek uçin gunlukçi
boldular,açlar bolsa doýdular.Önelgesiz aýal ýedi çaga dogurdy,köp çagaly
aýal perzentsiz galdy.Öldürýänem Rebdir direldýänem Rebdir. Ölüler dünýäsine
indierýänem ,çykarýanam Rebdir.Çedaý goýýanam,baýadýanam
Rebdir,peseldýänem,beýgeldeýänem Rebbdir.

Reb garyby aýak astyndan göterýär,mätäji serdarlaryň hataryna
goşýar,zzibilhanadan çykaryp,Reb ony hezzet tagtyna oturdýar,çünki Ýeriň
üstünleri Rebbiňkidir,dünýany şolaryň üstünde bina eden Oldur.Wepadarlaryny
Öz penasynda saklar Ol Emma betniýetleri zulmada ýitirim eder.Çunki adam öz
güýji bilen mäkäm däl.Parçalanjakdyr Rebbiň garşysyna çykanlar.Olaryň
garşysyna Gökde Ol nagra dartar.Zeminiň çar künjüne Reb höküm eder/Ol Öz
patyşasyna güýç kuwwat berer,,Öz seçip saýlan patyşasyna ýeňiş getirer.
Soňra Elkana öýüne –Rama dolandy.Şamuwel bolsa Rebbe gulluk etmek uçin Eliý
ruhanynyň ýanynda galdy.

Ezizler siz haçan Hudaýa sonky gezek ybadat etdiňiz?Meselen men günimni
ybadat bilen başlamasam günim sazlaşykly gitmaýar. Günimni ybadat bilen
başlamasam göwnim hatirjem bolmaýar,her hil aladalar töweregimde peýda
bolýar.Yone gunumni ybadat bilen başlasam Hudaý maňa güýç berýar. Mukaddes
Ruhyň özi şatlyk we parahatlyk berýar. Ybadat etsem göwünim dag ýaly
beýiklenýar. Ezizler geliň biz hem Hanna ýaly Ýaradanymyza ybadat edip Onuň
adyňy şohratlandyrýas. Ýaradan Perwerdigar,bizi ýaradyp,yýaradanlaryň
arasynda birinji örüna goýanyň uçin Senden minnetdarys.Bize söýmek ukupyny
bereniň uçin adyň beýiklensin Rebbim.Hudaýym Seniň söýgiňiň çägi yok,bize
bolan söýgiň Saňa änçeme gymmata düşdi.Sen ýekkeje oglüň hezreti Isa
Mesihni günäkär bendeleriňi günasinden azat etmek uçin Oňy gurban
etdiň.Hezrati Isa Mesihyň gany bilen günä näletini ýüregimizden ýuwup
arassaladyň. Hudaýym sen beýiksen! Sen Şäläryň Şäasy.Sen hemme zady
bilersiň,Senden bir zady ýaşyrmagyň geregi yok,çunki Sen älemni Mukaddes
Ruh bilen doldurduň. Hudaýym bize hem söýmegi öwret.Biz hem düşmanymyzy
söýup ol uçin ybadat etmägä öwrenaýliň. Hudaýym Seniň Mukaddes Adyň bilen
ybadat etdik.Omin.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top