5:09

Haça çüýlenen haýat

MP3

Salam gadrly doganlar.Haç-bu Isa Mesihy jezä tartmak uçin ulanylan gural däl, bu biz uçin ondanam çuňňur manyny, ýagny nahilli ýaşaýyşy hem görkezýan zatdir. Isa Mesih bize: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa… haçyny alyp, yzyma düşsün”diyen.Eger haçdäky hakykat dogry bolsa diymek hemme zat aýagy asmandan bolup gidýar.Ýagşy haýata eýe bolýas diyip oýlanymyz nädogry bolup çykýar.Namuçin?Çunki gudrat,abraý,şöhrat, meşhurlyk, oňaýlylyk bularyň barysy ýoga çykýar.Ýagşy haýat bu Isa Mesih bize görkezen göreldä-meselen kiçigöwünlik, edermenlikli,öz isleglerini ret etmek,özüni başgalar uçin Hudaýyň ýolunda bagyşlamak we hatta azap çekmage esaslanýar.Isa Mesih görkezen ýol aslynda ine şu Hudaý göz onünde tutan haýata ýol hasaplanýar.Mukaddes Kitapda ýazylyşyna görä bu bedenimiz ölmeýan eken,biz Hudaýa hasyl berip bilmeýas.

Ýagny Hudaýa munasyp haýat geçirmek uçin beden islegi,ýaman adatlar we ýene başga zatlary öldürmegimiz we olaryň ornüna täze tebigata eýe bolup,Mesihyň hasiýetlerini özleşdirip almagymyz gerek.Ölmek we dirilmek sözlerini Mesih gelendäki dirilmegimizede ulansak bolýar.Meselen,siz bir töhümy ýere ekýanyz,ol ölýar we Hudaý oňa başgaça Ozi isläni ýaly şekl we beden berýar.Çyndan hem bu täze beden onkisine menzemeýar.Biz bilen hem şeýle bolýar.Biziň pany bedenimiz ölýar,emma Mesih geleninde Hudaý bize başga ölmeýan Mesihnikä menzeş beden berýar.Hudaýyň Sözünde şeýle ýazylan,”Ähtimal kimdir biri:«Merhumlar nädip direler? Olar gaýdyp gelenlerinde bedenleri nähili bolarka?» diýip soramagy mümkin. Nähili nadanlyk! Seniň eken tohumyň ölmese, ýaşaýşa gowuşmaz.

Sen ekeniňde gögerjek ösümligi tutuşlygyna ekmeýärsiň. Sen ýöne tohum, mysal üçin bugdaý ýa-da başga bir ösümligiň tohumyny ekýärsiň. Hudaý bolsa bu tohuma Öz bellän görnüşini berýär. “ Ýene Mukaddes Kitapda dirilýan bedenimiz nahilli boluşyny anyk suratlandyryp berilen 1 Korintoslylara haty 15 bap 42 aýatynda şeýle ýazylan:” Merhumlaryň direlişi-de şuňa meňzeýändir. Çüýreýän beden jaýlanyp, çüýremejek beden direlýär. Abraýsyzlykda jaýlanyp, şan-şöhratda direlýär. Ejizlikde jaýlanyp, güýç-kuwwatda direlýär. Pany bedende jaýlanyp, baky bedende direlýär. Pany beden bar bolsa, baky beden hem bolýandyr. Çünki Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Ilkinji adam — Adam ata janly barlyk boldy». Soňky Adam bolsa ýaşaýyş berýän Ruh boldy.”

Mukaddes Kitapda”Eý ölüm neşderiň nirede galdy”diyip ýazylan.Haç Isa Mesihyň öleni we direleniniň nyşany we iň möhümy biziň haýatymyz Mesihde nahilli boluşy gerekdigini görkezýan ýol gorkezgiç bolup hyzmat edýar.Haç Mesihyň dirilenini ,umytymyz we imanymyz ynançly we berk ekenini hem görkezýar.Şeýle eken,her gezek haçy görýan ekeniniz,Hudaý sizden nahilli ýaşaýşa garaşýanyny ýadynyza salyň. Isa Mesihyň dirilişi kop zady özgertip iberdi.Pawlusyňýazyşynça,Isa Mesih dirilen günde Ol ölümiň guýçini we aýlanmagyny togtatýar.Biz adam Atanyň nesli bolanymyz uçin,hemmemiz ölüme ýesirdiris.Ýone Hudaýyň Özi Isa Mesih keşbinde gelip bize geçirilýan ölümiň guýçini kesdi.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top