4:44

Gybatçylyk

MP3

Gybatçylyk-bu söz eşidilende hemmeniň göz onunde dessine gybatçy aýal
görünýar. Bu ýagdaý biz aýallar uçin oraň göwne degiji. Aslynda bu dert
diňe aýallarda däl,erkeklerde hem,garrylarda hem,çagalarda hem duşuşýar. Bu
dert butin ynsaniete degen kesellik. Bu günä.Mukaddes Kitabda ýazýlyşynça
: «Hemme günä edenler Hudaýyň sylagyndan juda bolýar.”Gybatçylyk günä
eken bu günäni hemme eden we edip gelýar. Emma gybatçylygy aýallara degişli
hasiet diyip bellanlar.Bu biz aýallar uçin göwne degmeden başka hiç zat
däl.Umuman gybat etmýan diýan aýal hem kä wagt gybat edenini bilmän
galýar. Emma bu dertni we boýnumuza asylan bu ady alyp taşlamak elimizden
gelýar.Nädip diýaňyzmy? Hudaýyň kömegi bilen elbettde. Hudaý gybatçylygy hem
güna diyp aýdan. Günä bolsa bizi Hudaýyň sylaglaryndan juda edýar.Hudaýyň
sylagy bilen ýaşamagy halýaňyzmy,oňda gybat etmeslige hereket etmagi
başlaň.Bunuň hiç kyn eri yok.Goňşylar ýygnalyp düranda geplýan her bir
gepiňizi onuňden öýlap gepleseňiz elbettde gybatyň onuni alýanyz. Ýadyňyzda
bolsun siz gybat edýan adam hem Hudaýyň bendesi.Hudaý sizi söýani ýaly oňy
hem söýar. Ol hem Hudaýyň keşbinde ýaradylan.Çunki Hudaý ynsanny öz
keşbinde ýaradan. Biz tilimiz bilen Hudaý keşbinde ýaradylan ynsanlary
näletlemegimiz ýa-da gybat etmägimiz nädögry. Her bir ynsanňyň özüne görä
kemçilikleri we hatalary bar.Bu hatalary biz gürrün edip, olary gybat
etmägä ýa-da aýyplamaga hakymyz yok.

Mukaddes Kitabda “Agzungdan hiç hilli ýaramaz söz çykmasyn.Emma
mätäjliklere görä diňlejileriň janyna rahatlyk berýan göwy sözleri
gepleňler… Her hilli ýaman niýet,nägilelik,her hilli gahar-gazap, nalyş
we gybatçylygy özünüzden daş ediňler” diyip ýazylan. Ýa-da bolmasa
“Başkalary ýazgamaň, şonda siz hem ýazgarylmýaňsynyz. Sizler nahilli
ýazgarsaňyz ozünuze hem şeýle höküm geçirýarlar”-diyp ýazylan.Başkalary
ýazgarmasdan öň bizi hem höküm etmäklari mumkindigini we iň esasýsy biziň
Iň Ýokarý kazymyz Hudaý ekenini ýatdan çykarmaslygymyz gerek.Eger hakykatda
gybat etmägi halamasaňyz Hudaýydan kömek soraň.Gybatçylyk etmek ätiýçy
dogulanda Ol sizi önünden duýdyrýar.Şonda diňe diliňizi tutub dýnçly
dürsaňyz bolony.Ýa-da bolmasa başkalara hem gybat etmek göwy däldigini
düşüntirib goýuň. Bu bilen siz hem özüňuze hem başkalara kömek eden
bolýaňyz.
Eger ýer ýüzundäki hemme aýallar gýbatçylygy özünden daşlaştyryb bilendedi
gybatçylyk tagmasy aýallardan alynan bolordy we gybatçylyk diýanda hiç
kimiň göz önüňde aýal görünmesdi.Emma ýer ýüzünde bir aýal hem
gybatçylygy özünden daş edip bilse bu tagmanyň öçürilmagine ulakan goşant
goşan bolordy. Eger bu ýaman dertni özüňuzden daş etseňiz diňe özünuz däl
Hudaý hem sizden begenerdi we başkalar oňünde hörmata mynasyp bolýaňyz.
Hemme sizi gybat edip bilmesligiňiz hakynda magtab geplýan bolýar.
Nirededir kimdyr gybat ýaýratanda hem sizden şübhe etmýarlar.
Töweregiňizdäki dostlaryňyz we goňşylaryňyz arasynda ynama mynasyp
bolýaňyz. Hemme size öz syryny we ýürekdäki derdlerini ynanyp
tapşyrýarlar. Bir söz bilen aýdanda siz ynamly we hörmata laýyk ynsan
derejesine göterilýaňyz.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top