MP3

Gorky ynsana berilen duýgularyň biri. Hudaý ynsana her hil duýgylar bilen
bille gorky duýgusyny hem beren.Aramyzda örän köpçiligi gorkynyň bolmäny
gowy diyip bilýarlar.Bu bilen olar az-kem hak. Käbirler gorkydan azap
çekýarlar. Hudaý ilki bilen ynsaňy ýaradan wagty bu duýguny oňa beren.
Näme uçin. Howwa dogry tapdyňyz. Öz ýaradyjysyndan gorkmagy uçin. Eger biz
gorky düşunçesini Hudaýa görä ulansak bu gowy düýgy bolup hyzmat edýar.
Ynsan Hudaýdan gorkyp ýaşany makul.eger ynsanda Hudaýda garanda gorky
düýgysy ýitse bunuň ýaly ynsan iň ýigrenji we zalym ynsana öwrilýar.
Zebur 32 bap 18-19 aýatynda:”Ine Rebbiň nazary Ondan gorkýanlarda,sadyk
söýgüsine umut baglaýanlarda.Ölümden olaň janyny Ol halas eder,Açlyk
döwründe-de aman galdyrar.”-diyip ýazylan.Hudaýdan gormak nämedigini
unutan günumizden haýatymyzda düýplige düşmägi başlaýas. Hudaýdan gorkmak
öraň gowy,bu gorky bizi günä etmekden ýa-da ýaman işler etmekden
saklaýar.Musulmanlar Hudaýdan gorkmak hakynda öraň gowy bilýarlar.Biz
käwagt olaryň ynamynda gorky düşünjesi Hudaýa ýakyn aragatnaşykda bolmak
düşunjesinden görä ýokary diyip aýdýas.Elbettde olaryň taglymatynda gorky
birinji öründa durýar. Esasan ynsanlary gorky bilen şol ynamynda uşlap
dürmaga hereket edýarlar. Elbettde bu hem dogry däl. Gorky ynsanlaryň
Hudaýa ýakynlaşmagyna halakyt bermesligi gerek.Biz Mesihiler sonky
ýyllarda nämuçindir Hudaýdan gorkyş mowzugynda diýen ýaly
gepleşmän,öýlaman goýdyk.” Hudaý biziň Atamyz.Ol bizi söýar.Hudaý bilen
ýakyn aragatnaşykda bolmagymyz zerur.Hudaýa dostlyk aragatnaşykda
bolaýlyň..”ýaman däl.Hudaýa hakykatda ýakyn bolmagymyz we Ol bilen dost ýaly
gepleşip,haýatda Hudaýyň dolandyryýşi bilen ýaşamagymyz zerur.

Emma şonuň bilen bille Ýaradyýjymyzdan gorkyş düýgusyny hem ýatdan
çykarmaslygymyz gerek. Eger Hudaýydan gorkyş diýen zady bilmesek hiç haçan
Hudaý bilen hakykatda ýakyn aragatnaşykda bolup bilmýas.1Petrus 1 bap 17
aýatynda:”Butinleý ýuz görmesden,her kime eden işine göra höküm çykarýan
Hudaýy Ata diyip çagyrýan bolsaňyz,bu dünýädäki wagtlaýyn döwrüňizi
Hudaýdan gorkup geçiriň.”diyip ýazylan.Biz bu dünýada wagtynçalyk
ýaşaýanymyzy ýatdan çykarmaň.Öran köp ymanlylar ol ýa-da bu zatlardan
gorkup ýaşaýarlar.Bu gorky käwagt olara hakykat yolunda hyzmat
etmäklerinde,özleri hakyndaky hakykatny bilip almaklarynda ýa-da Hudaý
beren haýatda asuda ýaşamaga päsgel berýar.Bunuň ýaly gorky şeýtanňyň
ýaragy.Ol her bir imanlynyň ejiz ýerini bilip,şol tarapdan hüjüm
edýar.Käbirler maşgalasyndaky birinden aýrylyp galmakdan gorksa,başgalar
adamlar ol hakda näme öýlaşlary hakynda gorkýar. Ýene başkalary Isa Mesih
sebäpli öz işinden,ýakynlaryndan aýrylyp galmakdan gorkýarlar. Bunuň ýaly
gorkylar hasapsyz.Emma Hudaý bilen bille bolsak,şeýtana garşy durup
bilýas.Şeýtanňyň hüjüminden saklanmak uçin we hüjüme garşy durmak uçin
elbettde Hudaýyň söýgisine eýe bolmak we oňa ýakynlaşmak gerek bolýar.Siz
Hudaý bilen hança ýakyn bolsaňyz Hudaý siziň ejiz tarapyňyzy
güýçlendirýar.Ýüregiňizdaki böşlygy doldyrýar.Şonda şeýtanňyň size hüjüm
etmek mumkinçiligi azalýar.1-ji Ýhanna 4:18 aýatynda :”Söýgude gorky
ýokdur.Tersine,kämil söýgi gorkyny kowup çykarýandyr.”-diyip ýazylan.Eger
ýüregimizde Hudaýyň söýgisi bolsa,gorkuwa ýer galmaýar.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top