3:31

Mukaddes Kitap öwrenýas

MP3

Şeýdip biz ökaýan we öwrenýan Mukaddes Kitap biziň her birimiziň
düzgünimizdir.Biz Mukaddes Kitapy okanymyzda ýazgylar insan halas bolmagy
uçin Hudaý nämeler edenini we edýanyny görkezýar.Özünuň hereketi bilen
halas bolmaga hereket edýan adamlar koplap tapylýar.Meselen kimdir Men kop
sadaka bersem Hudaý meniň günalerimi bagyşlaýar we men jennede barýan diýip
pikirleýar.

Ýene kimdir bolsa men hemişe insanlara ýagşylyk etmaga we garyplara ýardam
bermaga hereket edýan,şonuň uçin hem Hudaý meniň günalerimi bagyşlaýar we
ölenden soň jennede barýan diydi.Ýone Mukaddes Kitap bize halas bolmak
hakynda umuman başgaça aýdýar.Geliň bir aýady billeikde okap çyksak:” Çünki
men Hoş Habara utanmaýaryn, sebäbi ol her bir iman edene, ilki bilen
ýehudylara we soňra dürli iman getiren her bir kişä Hudaýyň gutulma
güýjüdir.”(Rimliklere 1:16). Sen Mesih Isa bolan iman arkaly gutulyş üçin
özüňi akyldar etmegi başarýan Mukaddes Ýazgylary oglanlykdan bäri
bilýärsiň.”(2ji Timotius 3:15).Biziň her birimiz uçin iň dana we hakykat
halypasy bu Rebbimiz Isa Mesihdyr.Mukaddes Kitap adamlar gutulmak uçin näme
etmegi gerekdigini öwretýar:

başgaça aýdanda halas bolmak uçin nahilli ýol tutmagymyz gerekdigini
öwretýar.Çunki her bir insan gutulmak uçin nahilli işi amala aşyrmagy
hakynda Rimlilere kitapynda we bundan başga koplap başga ýerlerinde anyk
görkezip geçýar.Hudaýyň söýgisi we merhemeti hakynda adamlar Mukaddes
Kitapsyz hem bilmekleri mumkin,ýone gutulmak uçin ýeketäk ýoly diňe
Mukaddes Kitapda görkezilip berilen «Reb Isa iman et, öý-içeriň bilen
gutularsyň» .
Mukaddes Kitap bize ebediy haýat hakynda we insan nahilli ýaşaýyşy we näme
etmeligi hakynda gepleýar.Hemişe adamlar Mukaddes Kitap kömegine ýüzlenman
geljekki haýaty hakynda bilmega ýürekden höwes edenler.Olor pal
açanlar,jyn arwahlar bilen gepleşýanlaryň onune baranlar.Ýone Mukaddes
Kitap beýan eden Mukaddes Höşhabara bir seredip çyksak beýle hereketleriň
akmaklykdygyny we günadigi açyk göze gorunýar.Mukaddes Kitap bize geljekki
ýaşaýyş hakynda hakykyý we ynançly habary berýar.
Bu çyndan hem Hudaýyň Sözi,onda Gökdäki Atamyz Özi hakynda we biziň Ol
bilen aragatnaşyklarymyz hakynda aýdyp beren.Hudaýyň merhemeti bilen biz
öz bilimimiz bilen aňymyzy we galbymyzy doldurup ony öwrenmaga we gulak
salmaga gaýrat etmagimiz gerek.Häzirki günde Mukaddes Kitapy dürli hil
okamak we öwrenmek uçin programmalar bar. Siz hem hormatly diňleýji özünuze
ýaraýan bir programmany saýlap şol programma esasynda Mukaddes Kitapy
öwrenmaginiz mumkin.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top