Salam eziz moştaklar.Siz bilen ýenede düşüşup duranymyzdan oran minnetdaris.Ezizler,siz bilen men ýaşap duran dünýada hemişe Hudaýyň perzentlerine durli hüjümler bolup duruşy anyk.
Hudaýyň maksatlaryny hem amala aşyrmazlyk uçin zalymlyk we tumlyk guýçleri başga koplap usullaryny ýola salmagy mumkin.Ýone böwetler iblisdanmy ýokmy diyip hemişe dörjap oturmagyň hem geregi ýok.
Bu ýol kop ýagdaýlarda ýagşylyga alyp gelmeýar.Bunuň ýaly şübheli teşwişlenmekler ahyr soň beýininizi biderek öý-pikrler bilen doldurup taşlaýar.
Resullerden Pawlus ruhyý duşmanlarymyza garşy berk durup bilmegimiz uçin bize iň ýagşy goranmak usulyny görkezen.Ol bizi Efeslilere hatynyň 6 bap 11 aýatynda:” Iblisiň hilelerine garşy durup bileriňiz ýaly, Hudaýyň beren ähli ruhy ýaraglaryny dakynyňmaga”çagyrýar.
Hudaýyň bunuň ýaly gudratly ýaragyny alyp ýöremagi we ondan peýdalanmagy öwrenen imanly,iblisiň bözuk maksatlaryna garşy söweşip bilýar we söweşden soň hem ýykylmazdan, güýçden gaçman berk durup bilýar.
Hudaý ýer-asmaňy ýaratmazdan oň bary ruhlary ýaradan.Hudaýyň Özi mukaddes we päk bolany uçin ruhlary hem Özünuň keşbine menzeş mukaddes we bigünä edip ýaratdy.Olar sansyz- sajaksyz bolan.
Hudaý bu ruhlary Özüne hyzmat etmekleri,buýran tapşyryklary berjaý etmekleri we Oňa tagzym etmek uçin ýaradylandy.Ruhlaryň biri başgalaryna seredende oran hem owodon,guýçli we danady.
Hudaý oňy Özünuň gökdaki mukaddes tagtyny goramak uçin ýaradandy.Ýone bu ruh Hudaýa bahyllyk edip,Oňa menzemagi islap galýar.Ol hatta Hudaýyň ornuny eýelep almagyda isleb galýar.Hudaý bu ruha beren päk ýürek bolsa bahyllyk we bözgunlyga dolup daşýar.
Netijede bu günakär ruh masgaraçylyk bilen gökden kowup çykarylýar.Häzirki günde ol ebediý jezä garaşýar.Oňa goşulup gozgalan göteren başga ruhlar hem Rebbimiziň gazapyna duş gelip,höküm günine garaşýarlar.
Bir wagtlar bu gudratly ruh özünuň gorki sebäbli “Lusifer”,ýagny Nurly perişde diyip atlandyrylan.Häzir bolsa biz oňy iblis ýada şeýtan,başgaça aýdýan bolsak”aýyplaýjy” ady bilen bilýas.
Iblis Hudaýyň ýagşy maksatlaryny ýok etmek uçin janupkeşlik bilen hereket edýar.Ýone näçe çalyşmasyn,iblis Hudaý oňa ýol bereninden artyk hiç zady amala aşyryp bilmeýar.Iblise menzeş başga zalym ruhlar hem adamlara zelel ýetirmage hereket edýarler.Ýone Hudaý hemmeden gudratly,şonuň uçin hem Ol her hilli zalym ruhlardan üstinden häkimdir.Şonuň bilen ezizler mowzugymyz öz sönüna etdi.Höş sag aman boluň.