Salam ezizler.Nä ata nä ene çagasy gýnanýanynda dynç ötürup bilmeýar.Ene-ata perzenti uçin we onuň saglygy uçin her zada hatta öz janyny bermagade taýyn bolýar.Bugun ene-atalar hakda söhbetleşýas.Olordan biri Kopernahum şäherindaki sinagoga ýolbaşçysy Ýaýrus diyen kişidi.Isa Mesih Kopernahuma gaýtanson Ony örän yhlaslyk bilen garaşýan halk garşy alyp onüne çykdy.Şol wagtda öz zamanynyň iň abraýly,meşhur adamlar ýanynda ötürýan dowlet işgärleri bilen düşüşyklar geçirýan Ýaýrus atly kişi gelip Isanyň aýklaryna özüni atdy.Onuň bu işi Isa Mesihe bolan ynançyny görkezýady.Ol şol wagt Isany dabaraly sözler bilen gutlap garşy alýan ýagdaýda däldi.
Ol şonda şeýle bir gýnançly ýagdaýdady,sesi titrep çykýady.Belki şonda aglap ibermeslikden özüni zordan tutandyr.Mukaddes Kitapda şeýle ýazylan: “Sinagoga ýolbaşçylaryndan Ýaýrus atly bir adam geldi. Ol Isany görüp, Onuň aýagyna ýykyldy. Oňa köp ýalbaryp: «Meniň gyzjagazym ölüm ýassygynda ýatyr. Gel-de, elleriňi onuň üstünde goý, sagalyp ýaşasyn!» diýdi.(Mark 5:22,23).Oz perzenti uçin Isanyň onüne ýalbaryp gelen diňe Ýaýrus boman.Mukaddes Kitapda Kenganly bir aýal hakda hem ýazylan.” Ol ýerde bir kengan aýaly Isanyň ýanyna gelip: «Agam, eý, Dawut Ogly, bize rehim et! Gyzymy arwah-jyn eýeledi, ol erbet ejir çekýär» diýdi. (Matta 15:22). Ýene bir gezek bolsa perzendini jyn eýeläninden azaplanýan ata umut bilen Isa Mesihyň şägirdlerinden ýardam sorady.Olor ýardam berip bilmenson bolsa Onuň Özünden ýardam sorady.Gyzynyň ölüýanyndan azap çekýan Ýaýrus Kenganly ene we ogluny jyn çalanyndan gatty alada düşen ata.Bularyň hemmesi gynanýan we azap çekýan ene-atalardy.
Olor tä haýatyň bir ujyny öz ellerinde tutyp,ikkinji ujyny Hudaýa uzatýan ýalydy.Her uç ýadaýda hem Hudaý ýardam berdi.Oloryň hiç birinden ýüz öwürmedi.Hudaý şeýle bir mähriban,ol ene-atalaryň ýüregindäki agryklary düýady.Aslynda biziň perzentlerimiz-Onuň perzentleri.Mukaddes Kitap şeýle diydi:”Perzentler-Hudaýyň beren sylagydyr”.Perzentlerimiz biziki bolmasdan oň Onikidi.Hudaý olory bize ynanyp tapşyrany bilen perzentler hali hem onuň perzentleri.Ýone biz käwagt buny ýadymyzdan çykarýas.Perzentlerimizi biziki diyip oýlaýas.Her bir insan Hudaýyň perzenti,şol gatarda biz bilen bir saçakda oturup naharlanýan kiçikler hem.Çagalary hemişe Hudaýa gaýtyp berýan ene-atalar danadyr.Buňa mysal edip Ybram paýgemberi getirmegimiz mumkin.
Ybram paýgember we Seraý bibi Ishaga sel kem 100 ýyl garaşdy.We ahyry Hudaý olora wada eden perzendini berdi.Berdi ýene şeýle diydi:”Sen ýagşy gorýan ýekeje ogluňy alyp Men aýdan ýere bar we şol ýerde oňy Men uçin gurban et”.Bu onuň uçin iň kyn işdi.Emma şoňa seretman Hudaýyň mähribanlygyna wadasyny berjaý edýanyna ynanyny uçin hem Ol aýdyşy ýaly etdi.Ybram hyzmatkärlerini aşagda galdyryp olora şeýle diydi:”Şol ýerde garaşyňlar,biz ybadat edip gaýdýas diydi”.Ol bu sözleri ynanç bilen aýtdy.Ol Hudaý ölileri direltip bilýar diyip ynanandy.Hudaý bolsa Ishagy ölümden gutkaryp galdy.Ýaýrus hem Isa Mesih gyzymy ölümden gutkaryp galýar diyip ynandy.Hudaý bolsa oloryň ynançyna görä jogap berdi.