4:35

Ejizligiňizde Hudaýyň gudraty

“Isa Mesih ejizlikde haça çüýlenen bolsa-da,indi Hudaýyň gudraty
arkaly ýaşaýandyr.Biz hem Mesihiň ejizligine şärik bolmak bilen siziň
ugruňyzda Hudaýyň gudraty arkaly Mesihiň ýaşaýyşyna hem
şärikdiris”.2Korintoslara hatynyň 13:4.
“Emmaa Reb şeýle diýdi: ”Saňa beren merhemetim besdir.sebäbi Meniň
gudratym ejizlikde kämilleşýändyr.Şonuň uçin –de Isa Mesihiň güýji mende
mesgen tutsun diýip,öz ejizliklerim brada höwes bilen magtanaryn.”2
Korintoslara 12:9.
Hudaý ejizlerde işlamani göwy gorýar. Hemmemiziň öz ejizliklerimiz
bar. Aslynda her bir kişi özündaki kemçilik we ejizliklerini oran gowy
bilýar.Bir kişide bir wagtyň özünde hem fizik taýdan,hem aklan we ryhýy
ejizlikler bolmagy mumkin. Ynsana bagly bolman maddy tarapdan we
aragatnaşyklaryň çaklanýandygy hem ynsanny ejizleştirip goýmagy
mumkin. Kemçilikleriň köpligi ýa-da kemligiden görä şol kemçilikleri näme
etmaklik möhüm.
Adatda her birimiz kemçiligimiz yok diýip inkär etdýas,ýa-da bolmasa
olary bildirmejek bolýas ýa-da sebäp tapmaga hereket edýas. Hiç bolmanda
kemçiliklerimizi ýaşyrmaga hereket edýas.Biziň bu hereketlerimiz Hudaýa
böwet berýar. Çunki Hudaýy biziň ejizliklerimiz we kemçiliklerimiz arkaly
işlamany halaýar.Hudaý Işaýa paýgember kitaby 55 bab 9 aýatynda şeýle
diydi:”Gökler ýerden nahilli beýiklikde bolsa,Meniň ýollarym-da siziň
ýollaryňyzdan,Meniň pikirlerim-de siziň pikirleriňizden beýikdir”.Şonuň
uçin hem Ol biz garaşanymyzdan görä başkaça ýol bilen hereket edýar.Biz
Hudaý diňe biziň güýçli tarapymazy işletýar diyip oýlaýas,emma Ol Özüniň
beýikligi uçin biziň ejizliklerimizi hem işlatmagi halaýar. 1 Korintoslara
hatynyň 1:27 aýatynda:”….Güýçlülerini utandyrmak uçin hem bu dünýäniň
ejiz saýyanlaryny saýlady.”-diyip ýazylan.

Siiziň ejizlikleriňiz hem tötänleýin däl.Hudaý siz arkaly Öz gudratyny
aýan etmek uçin haýaatyňyzda ejizlikler bolmagyna yol goýan.Hudaý
güýçliler ýa-da öz-özünden hoşal bolan kişilerden görä öz ejizligini
ykrar eden kişilere ýakynrak bolýar. Isa Mesih hem biziň bu ykrarlygymyzy
nazarda tutup Matta 5:3 aýatynda:”Ryhy gariplar bagtlydyr,çünki Gögüň
Şalygy olaryňkidyr”-diyip aýdypty. Bu Ol merhemet eden birinji gatnaşykdyr.
Mukaddes Kitabda Hudaý kämil bolmän adyý adamlardaky ejizliklere garamasdan
täsin işleri etmagi göwy gorýanynyň oran köp mysallary bar. Eger Hudaý
diňe kämil kişileri işletýan bolonunda hiç zat amäla aşmän bolordy.Çunki
hiç birimiz nogsansyz däldiris.Hudaýyň ejiz kişileri nahilli ulanýandygy
baradaky täzelik başkalaryň hem göwnüni göterýar. Ejizlik ýa-da
resullerden Pawlus aýdyşy ýaly “tiken” günä,aýyp ýa-da bolmasa özgertip
bolýan harakterdaky kemçilik däl.Ejizlik size dogma miras galan we
özgertip bolmaýan çäklendiriş.

Bu bedeniň bir bölegi işlamaýan fizik çäkleniş bolmagy ýa-da
tebigatdan kem guwwatlylyk, ötüşen kesselik, mayplyk hem bolmagy mumkin.
Biz hemmemiz hem örän kämil we ukuply däldiris.Eziz doganlar söhbetimizi
şol erde tamam etsek. Ejizligimizdaki Hudaýyň gudraty hakyndaky
söhbetimizi sonky gepleşiklerimizde dowam ettirýas.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top