3:24

Düýş görmek

MP3

Salam eziz doganlar,siz bilen ýenede duşuşmaga mumkinçilik bolany uçin Hudaýdan minnetdaris.Eziz doganlar,bize mälim boluşy ýaly peýdasyz niýetler kop gepler biderek netijelere alyp gelýar.

Şeýle etmek ornüna Hudaýdan gorkuň.Koplanç adamlar duýş görende Hudaýdan gorkmak ornüna,duýşlaryny düşündirip berýan pälmançylara barýarlar.Bu bolsa Rebbiň gazapyny getirýar.

Paýgemberler kitapynda Hudaý şeýle diydi: “Meniň adymdan galp pygamberlik edýän pygamberleriň ‘Düýş gördüm, düýş gördüm!’ diýişlerini eşitdim.

„Özüňize pygamberlik edýän pygamberleriň sözlerini diňlemäň, olar size biderek zatlar öwredýärler. Olar Rebbiň agzyndan çykan sözleri däl-de, öz ýürekleriniň hyýalyny sözleýärler. Olary Men ýollamadym, olara Men tabşyryk bermedim. Olaryň bu halka asla peýdasy ýok“.

„Men ýalan düýşler bilen pygamberlik edýänlere garşydyryn. Olar bu düýşleri aýdyp, ýalan sözleri we boş öwünmeleri bilen Meniň halkymy azdyrýarlar.

Eger bir pygamber, ruhany ýa-da halkyň içinden biri „Bu Rebden gelen pygamberlik sözi“ diýse, ol adamy hem, onuň tutuş hojalygyny hem jezalandyraryn.

Rebbimiz insaniýeti bu günaleri etmeslige çagyrýar.Ýer ýüzünde diňe Hudaýyň eradasy kabul bolýar.Şonuň uçin her bir insan uçin Hudaýyň eradasy bar.

Hudaýyň eradasy näme ekenini bilmaga insan hereket etmagi gerek.Hudaý insana duýş berýar we :”Hudaý bir gezek gepleýar we eger insan duýmasa,indiki gezek duýşynda,daňdaky görünişde,adamlara uky gelende Hudaý adamlaryň gulagyny açýar,we Rebbimiz Özünuň öwüt-nesihatlaryny onüň ýadynda galdyrýar,insaňy haýsydir başlan işinden gaýtarýar we adamdan tekepbirligi alyp taşlaýar.

Insanyň janyny jar ýakasyndan we onuň haýatyny gylyçdan ýenilmekden saklap galýar.Adamlar koplanç duýşlarynyň manysyny düşünip bilmeýarler.Diýmek,Hudaý duýdurmasdan insanyň duýşlaryny ýagşylyga öwürýar. Erbet işlerden gaýtarýar.Heläkçilikden saklap galýar.Hudaýyň beýle aladasyny biz insanlar bilýas ýada umumman bilmeýas.

Ýone rehim-şepagatly Hudaý insaniýete alada etmekden togtamaýar.Hudaýy tanap-bilmeslik,Onuň maksat-eradasyny aňlamaslyk-insaniýeti däp-dessurler oýlap tapmaga mejbur edýar.Bu kadalar duýş görende amal edilýar.Meselen ýaman duýş görseň baryp suwa aýt,duýş akyp gitsin diýerler.Ýaman duýş görseň uç günden soň aýt,şonda goren duýşyň amala aşmaýar diyip nesihat berýarler.Koplanç “ýaman duýş gören wagtda “ mal soýup,gurbanlyk edýarler.Bundan başga sag tarapyň bilen ýatsaň ýagşy duýş gorýaň diyip öwretýarlar.Şonuň bilen ezizler mowzugymyz öz sönüna ýetdi.Hoş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top