MP3

Salam eziz we mährli radio diňleji doganlar. Ene efirda siz uçin
taýyarlan gepleşigimiziň biri. Hormatly radio dinleji doganlar,bu günki
gepleşigimiz köpçilik uçin gyzykly we şo bilen bille möhüm bolan bir
sorag bilen başlamakçi. Ezizler eger ýüregimizde günä bolsa doga etmek
mumkinmi? Ezizler,birinjiden güýçli doga sap ýürekden çikmaly.

Rebbimiz Isa biz iýmit uçin doga edenimiz ýaly her gun bagýyşlaýş uçin
hem doga etmegimiz gerekdigini öwretýar,şeýle “Sen hem biziň günalerimizi
geçir”-diýip ýazylan ayady hemmemiz bilýars.Töbä etmäňimiz uçin hem eden
dogalarymyzyň köpisi kabul bolmaýar. Günalerden arassa bolmadyk açykdäl
ýürekden çikýan doga heç hilli jogap tapmýar. “Eger ýüregimde günä
bolsady,oňda Taňry maňa gulak goýmazdy.” Zebur kitabyňyn 65 bab 18
aýatynda.

Bundan başkada Ýakup hem bizi şeýle diyip düýdürýar:”Hudaýa
ýakynlaşyň,Ol hem size ýakynlaşýar.Eý,gunäkärler,eliňizi günäden
tämizläň.Eý,ikkigöwünliler,kalbyňyzy päkläň. Yakup kitaby 4 bab 8 ayat.
Elbetde eziz radio diňleji doganlar biz günäli eller,arassa däl ýürek ýa-
da iki döwünlilik bilen doga etsek hiç zada ýetib bilmýars.Eger
günälerimizden arassalanmasdan olara entäp ýörsek näçe synanyşsak-da
erkin bolup bilmýars.Hudaýyň bize berjek merhemetinden jyda bolýars.

Hudaýyň garşysynda ykrar bolup töbä etmägimiz gerek bolan günälerimiz
barmy? Eger bolsa eziz dostum.şeýle diyip doga ökaň:”Sen hem biziň
günälerimizi bagyşla!” Doga edýan waktymyzda Hudaý bizi hemaýat edýarmi?
Howwa,elbetde Hudaýy-biziň iň Gudratly hemaýatçimyzdyr. “Bizni ýawuz
şeýtandan halas et”-diýan sözler iň beýik düşmanymyz-şeýtandan halas
bolmagymyz uçin Hudaýyň güýç-gudratyna mätäj ekenimizi boýun alýaňymyzy
bildirýar. Şeýtan bizi durli synaglara duçar edip haýatymyzy haraba
aýlandyrmagy we öz söýän kişilerimize zulum etmägimiz uçin bireýýäm
plan düzib goýan.

Ynsapsyz arassa däl kişiler ýamanlyk etmagiň äläjyny tapmasa,onda onuň
iň ýakyn adamlaryna zelel ertirýar we şol adama şonuň ýaly ýol bilen
azap berýarlar.Şonüň ýaly şeýtan hem hiç haçan Hudaýa dorudan-dogry zelel
etirib bilmýar.Ol Hudaýyň bizi gatty söýüşunden peýdalanyar we bizi
heläk etmäk uçin döwzahyň hemme at-ýaraglaryndan ot açmaga taýyn.Biz
doga arkaly berilýan hemaýatä mätäjdiris.Zulum we gorkydan halas bolmak
uçin edilýan doga bedenimizi durli keselliklerden sklýan dermana
meňseş,diýip aýtmagymiz mumkin.Eziz radio dinleji doganlar şoniň bilen be
günki eşitdirişimiz hem ahryna etdi. Ene radio tolkunlarynda düşüşinça
hoş sag-aman boluň ezizler.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top