Salam hormatly radio diňleýji moştaklar Bugunki gepleşigimizi hem diňe maşgala başlyklary uçin bagyşlaýas.Sebäbi şeýtanyň daşarydan edýan birinji hüjumi elbettde maşgaladaky maşgala başlygyna garatylan bolýar.Eger şol hüjum arkaly ol erkek kişini ýagny maşgala goragçysyny ýeňip bilse,galanlaryny ýeňmek onuň uçin onçaklym kynçylyk doretmeýar.Köne maşynlary metalloma tapşyrylanda olary basyp döwmek arkaly ýagny press arkaly göwrümini kiçeltýarlar.Şol pursaty göz önünize getiriň.Her hil insan gulagyna onçaklym ýaramaýan sesler,demirleriň döwülişi netijesinde çykýan gyjyrdy sesler.Elbettde bularyň hemmesi bize nämenidir ýatlatsa gerek.
Eger bizi şeýtan döwüp başlasa,özümizde elhenç agryklary we kynçylyklary duýas.Bu elhenç duýgynyň özi bizi döwüp taşlamagy hem mumkin.Käwagtlarda şonuň ýaly wakalar hökmän sadyr bolýar.Şonda käbirlerimiz ýeter men ýeňildim diýyp yza çekinýan diyip gygyrasymyz gelýar. Beýdip gygyrmaga howlukmaň.Tersine Hudaý maňa ýardam ber,meni halas et diyip gygyrmagymyz mumkin.Çunki her hilli ýagdaýda hem yza çekinmesligimiz uçin biziň hemaýatkärimiz Hudaý bar.Resulerden Pawlus özünuň hatlarynda batyrgaýlyk bilen:”Biz eziýet çekmeýars we öwranmaýs” diyip aýdýar.Eger eşiden bolsanyz şeýle bir nakl bar:” şahajyk hem duýaniň bilini döwmegi mumkin”.
Ine şol nakl owodonrak çykmagy uçin käwagt”sonky şahajyk hem” diyip şol nakla goşup aýdýas.Düýe hiç haçan öz hojaýynyna,meniň üstume ýenede koprak ýuk ýükle diyip aýtmaýar. Ýone hojaýyny öz düýesi näçe ýük göterip biljegini gowý bilýar,we gereginden artyk ýük oňa artmaýar.Biziň bary kemçiliklerimiz özümizden görä Hudaýya mälimdir.Şonuň uçin hem bize artykmaç ýük ýüklenmeýar.Hudaý biziň näçe ýük goterjegimizi ýagşy bilýar.Eger addyý gyzyklanma ýada kynçylyklara çydamaga öwrenmesek bizi hem şeýtan aňsat ýeňmek usuly bilen arkaýyn agdarýar.Bary zat Hudaýyň gözegçiligindedigini ýatdan çykarmaslygymyz gerek.
Tersine Hudaý bary azap çekýanlere şeýle diyidi:” Eý, argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin. Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň. Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janyňyz rahatlyk tapar. Meniň boýuntyrygym ýumşakdyr, ýüküm ýeňildir».çendan hem Hudaý bize ýeter ýaly ýük berýar.Çunki Ol bizi özümizden hem koprak söýar.Çunki Hudaý gatnaşmagysyz azap çekmek Hudaýy tarapyndan adalatsyzlyk bolordy.Ýone biziň Hudaýymyz asla adalatsyz däl.Biz nire barmaýlyň,Ol hemişe biz bilen.Hormatly radio diňleýji moştaklar şonuň bilen bugunki erkekler uçin bagyşlanan gepleşigimiz öz sonüna ýetdi.Indiki gepleşiklerimizeçenli höş sag aman boluň.