4:04

Dawud we Işaýa paýgemberler baýlyk hakda

MP3

Salam ezizler.Insan haýaty näçe gysga ekenini düşunenimizde,ony dogry zatlara ulanmaga karar edýas.Däwud paýgember : “Bizi duşmandan gaçar ýaly etdiň Sen,bizi ýigrenýänler bizi talaýar.Bizi goýun kimin iýmäge berdiň,Sen milletler arasynda bizi pytratdyň.

Sen Öz halkyňy haýyrsyz satdyň,olaryň bahasyndan haýyr görmediň ..Biri baýap gidende,öýiniň gözelligi aşyp gidende ,howsala düşme!Aradan çykanda,ol özi bilen hiç zat alyp gitmeýar.Baýlygy hem onuň yzyndan gabryna eýerip gitmeýar(Zebur 43:11-13,17-18).

Dawud döwründe bolan hadysa-wakalar häzirde hem bolýar.”Adamlar ýerleri öz ady bilen atlandyrýarlar”.Haýat gysga bolany uçin adamlar ony eziz gorýarler,ebediýete çalyşyp,haýsy ýol bilen bolsa hem haýatda iz galdyrmaga dyryşýar.Bu meselede Işaýa paýgemberiň aýdan geplerine uns ediň.(Işaýa 47) «Eý, eşreti söýýän,howpsuzlykda ýaşap, içinden:«Diňe men, menden başga ýok,dul oturmaryn,perzent ýitgisini görmerin» diýýän

sen muňa gulak goý indi!Bularyň ikisi-de bir günde,duýdansyz başyňa geler:perzentleriňden aýrylarsyň, dul galarsyň.Gözbagçylar köpem bolsa,jadygöýleriň bolam bolsa,bularyň bary başyňa geler.10Öz pisligiňe bil bagladyň;sen: «Meni hiç kim görmeýär» diýdiň.Paýhasyň we bilimiň seni azaşdyrdy, içiňden: «Diňe men,

menden başga ýok» diýdiň.”

Insan ebediýete nädogry ýol bilen ýetişjek bolany uçin,Hudaýyň maksatyna garşy çykan bolýar.Ýokarydaky aýatlarda Babyl hakda gep gidýar,ýone bu sözler butin insaniýetede degişli.Işaýa paýgember Mesihyň gelişini welilik edip,şeýle diyendi:” Ählimiz edil goýun ýaly azaşdyk;öz ýolumyz bilen gitdik herimiz,Reb ählimiziň etmişimizi oňa ýükledi.”(Işaýa 53:6).Ol ýene şeýle diyip ýazandy.” Haram adam deý bolduk ählimiz,

ähli dogry işlerimiz haram esgi deý.Solýarys biz ýaprak deý,ýel dek alyp gidýär ýazyklarymyz bizi.”(Işaýa 64:6).Biz Hudaý we insan tebigatyny dogry düşünip başlanymyzda,insan haýatyndaky bary görkiler onüň günakärdigi we akmakdygy netijesinde boluşyny aňlap başlaýas.Insanyň haýatynda ýüz berýan bary ýagşy zatlar bolsa Hudaýyň merhemeti we şepagaty sebabli ýüz berýar.Adatda adamlar bu düşünjä garşy çylýarlar.Olar tersini aýdyp bary ýeňişler,bereketler we ösüş adamyň zehini we beýikligine baglaýarlar.

Betbagtçylyk, külpetler bolanda bolsa,hiç ikkilenman Hudaýy aýplýarlar.Bary ýagşylyk Hudaýdan geljegini,ýamanlyk we nahäklyk bolsa insanyň günakärligi sebäbli ýüza gelýanyny boýun alman adam Hudaýyň kimdigini bilmeýar,insan tebigatyny hem düşünmeýar.Koplanç biz real wakany görup bilmeýanymyz uçin hem haýatymyzda bolýan käbir hadysalary görki diyip bilýas.Aslynda bolsa bu hadysalar Hudaý düzen kämil maksatyň aňlatmasy bolýar.Rebbimiz hyzmatynyzy Özi berekelesin.Sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top