4:49

Danalyk hakynda

MP3

Salam doganlar.Diňlamak bilen amala aşyrmak ortasynda danalyk ýtyşuny bilýanyzmy?Onuň ýaly bolsa bugunki Sözi diňlaň.Ol size haýatynyzda özgertirmeginiz gerek bolan zatlary açyp berýar.Matta 7 bap :” ….Şeýlelik bilen, galp pygamberleri miwelerinden tanarsyňyz.Maňa: „Ýa Reb! Ýa Reb“ diýen her bir adam Gögüň Şalygyna girmez, diňe gökdäki Atamyň islegini berjaý eden oňa girer. Şol gün köpler Maňa: „Ýa Reb, ýa Reb, biz Seniň adyň bilen pygamberlik etmedikmi? Seniň adyň bilen arwah-jynlary kowup, köp gudratlar görkezmedikmi?“ diýerler. Şonda Men olara: „Eý, ýamanlyk edýänler, Men sizi asla tanamok, ýok boluň ýanymdan!“ diýip, açyk aýdaryn. Şonuň üçin hem bu sözlerimi eşidip, olary berjaý edýän her bir adam öýüni gaýanyň üstünde guran akylly adama meňzeýär. Ýagyş ýagyp, siller geldi, ýeller öwsüp, ol öýe urdy, emma öý ýykylmady, sebäbi ol gaýanyň üstünde gurlupdy.

Meniň bu sözlerimi eşidip, olary berjaý etmedik her bir kişi öýüni çägäniň üstünde guran akmak adam ýalydyr. Ýagyş ýagyp, siller geldi, ýeller öwsüp, ol öýe urdy. Öý ýykylyp, bütinleý wes-weýran boldy». Isa bulary gürrüň berip gutaranda, mähelle Onuň taglymatyna haýran galdy, sebäbi Isa olara Töwrat mugallymlary ýaly däl-de, erk-ygtyýarly biri ýaly öwredýärdi.

Isa dagdan aşak inende, uly mähelle Onuň yzyna düşdi. Şol wagt deri keseline ýolugan bir adam Onuň ýanyna gelip, dyzyna çöküp: «Agam, eger isleseň, meni bu keselden tämizläp bilersiň» diýdi. Isa elini uzatdy-da, oňa degrip: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi. Ol adam şobada deri keselinden gutuldy. Soňra Isa oňa: «Ägä bol, muny hiç kime aýtmagyn. Ýöne git-de, ruhana görün we deri keselinden saplanandygyňy hemmelere subut eder ýaly, Musanyň buýran sadakasyny ber» diýdi.

Isa Kapernauma girende, bir ýüzbaşy Onuň ýanyna gelip: «Agam, meniň hyzmatkärim öýde agyr ýatyr. Çekýän jebrinden ýaňa gozganyp-da bilenok» diýip ýalbardy. Isa oňa: «Men baryp, ony sagaldaryn» diýdi. Ýüzbaşy Isa şeýle jogap berdi: «Agam, Seniň öýüme gelmegiňe men mynasyp däl. Diňe birje söz aýtsaň bes, meniň hyzmatkärim sagalar. Men hem buýruk astyndaky adamdyryn, ygtyýarymda esgerlerim bar. Birisine „Git“ diýsem gidýär, başgasyna „Gel“ diýsem gelýär. Hyzmatkärime „Şuny et!“ diýsem edýär». Isa bu sözleri eşidip haýran galdy. Ol yzyna düşüp gelýänlere: «Size dogrusyny aýdýaryn, Men hatda Ysraýylda hem şeýle imany bar adamy tapmadym. Size şuny-da aýdýaryn: gündogardan we günbatardan köp adamlar gelip, Ybraýym, Yshak, Ýakup bilen bile Gögüň Şalygynda bir saçagyň başynda oturarlar. Emma Şalygyň mirasdüşeri bellenenler daşary, garaňkylyga taşlanar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar» diýdi. Isa ýüzbaşa: «Bar, gidiber, goý, saňa imanyňa görä bolsun!» diýdi. Onuň hyzmatkäri şol sagadyň özünde sagaldy. Isa köp hassalary sagaldýar.Isa Petrusyň öýüne geldi. Ol Petrusyň gaýynenesini gyzzyrma tutup ýatanyny gördi. Isa aýalyň elinden tutan badyna, onuň gyzzyrmasy aýryldy. Aýal ýerinden turup, Isa hyzmat etmäge başlady.Şol gün agşam Isanyň ýanyna arwah-jyn eýelän adamlary getirdiler. Ol hem bir söz bilen olardaky erbet ruhlary çykardy, şeýle-de hassalaryň hemmesini sagaltdy. Şunlukda, Işaýa pygamberiň üsti bilen aýdylan şu sözler berjaý boldy:

«Ol biziň hassalygymyzy Öz üstüne aldy,biziň dertlerimizi çekdi».

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top