MP3

Salam eziz doganlar,nowbatdaky mowzugymyz arkaly siz bilen duşuşyp duranymyzdan oran şat.Ezizler,sabrsyzlygyň özi gapyny açmaga,hatta bözmaga çalyşýar,ýone iman Hudaýyň gelmagine garaşýar we Ol gerekli wagtda peýda bolýar.

Onuň çagyrýşy bilen bir wagtda synag hem gelýar.Wagz uçin münbere çykanymyzda biz özümizi diňleýjileriň hökümine tabşyrýas.Eger olar bizi aýplasalar,eger biziň geplerimiz olar uçin nesihatly bolmasa,biz Hudaý tarapyndan saýlanmandygymyz sübhesizdir.

Imanlylaryň öz çöpanlaryny anyklamagy we bilmeklerinde öwüt-nesihat uçin Hudaýyň Sözünde hakykyý gözegçiniň belgileri suratlandyran.Eger olar bizde bu bellgileri görmeseler,biz ýeterliçe ýagşy wagz etsek hem wagz etmek biziň işimiz däldigi anyk bolýar.

Jemagada gelýanlar hemme wagt hem danalyga eýe däl,olar hemme wagt hem “ýokary”dan gelen görkezme boýunça höküm edmeýarler,koplanç diňe öz bedenleri görkezmesi bilen höküm edýarler.

Ýone ukuplarym we ýagşy häsiýetlerim barada öz pikrimden görä jemagatdakylaryň pikrine boýun egmegi makul gören bolordym.Her ýagdaýda bir zat dogry:siz bu pikre göşulýanyzmy ýokmy,sizden hiç kim jemagat agzalarynyň tuýs ýürekden beren rugsatysyz janlaryň çöpany bolup bilmeýar.

Bu rugsat butinleý dogry bolmasada siziň çöpanlyga laýykdygynyzyň hakykýy ykrar etmegi bolýar.Eger siz hakykatdan hem Hudaý tarapyndan çagyrylan bolsanyz siziň kop garaşmagynyza dogry gelmeýar.

Adam öz işi uçin wagt saýlaýşy ýaly,her hilli iş hem özi uçin mas adamy talap edýar.Her hilli masihyý jemagat “diri” wagz ediýja eýe bolmagyň guýçli mätäçligini hemişe duýar.

Bunuň ýaly adam jemagat uçin dünýanyň butin hazynalaryndan hem gymmatlyrakdir.Gury wagyz ediýjiler- hünärmentler ýaman ýaşýarlar.Ýone Hudaýyň maýlap saýlanlary işsiz galmaýarlar,çunki olaryň wagzlaryna seredip tanaýanlar we olary özlerine şatlyk bilen kabul etmage taýyn kopläp minnetdar kalblar bar.

Işiniziň ussady boluň we siz hemişe işe eýe bolýanyz.Bir tarapdan ikkinji tarapdan ikkinji tarapa atylmaň we özünize wagz etmagi zorlap kabul ettirmaň.Amatly pursata däl,özüniziň ukupynyza koprak daýanyň.Barysyndan hen möhümy özüniziň Hudaý bilen aragatnaşygynyz hakynda gaýgy ediň.Şonuň bilen eziz doganlar,mowzugymyz öz sönüna ýetdi.Höş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top