4:32

Çäklerden çykmak!

MP3

Salam eziz aga-iniler we uýalar.Isa Mesihe haýatyny tapşyryp oňa eýerenleriň barysy Onuň şagirdleridir.Olor ýürek ýolunda Isa Mesihi ýoluny gözlep,Oňy hemişe köpräk bilmaga günden güne bilimini aşyrmaga hereket edip ýaşaýarlar. Size gönuktirmek bolan Ynjyl sapaklary esasan Isa Mesihe eýerip,Oňa haýatyny bagyş eden we Hudaýyň hakykatyny gözlemaga çalyşýanlara bagyşlanan.Hekaýamy başlaýan.Gara renkli at,zebranyň onüne gelip ondan ”Biz dost bolup bilersmi?”diyip sorapty.Zebra oňa jogap edip:”Belki,ýarym dost bolup bileris,ol hem bolsa meniň gara çyzyklarym bolony uçin”diyiptir.Şonda olaryň geplerini eşiden ak renkli at,”Ýadyndan çykmasyn,şol gara çyzyklaryň aşagynda seniň ak renkiň bar”diyiptir.Göz birinji bolup görýar,ýone duýmaýar.

Ýürek bolsa birinji bolup duýar,we duýuşy ýaly goraýr.Petrus, ewreýyň ewreý bolman bilen bille naharlanmagy nädogry ekenine butin haýaty dowamynda ynanyp gelýady.Ewreýler uçin bunuň ýaly iş haramdy.Şol wagtlarda ewreýler haram bolup dogulmanlary uçin Hudaýa şüküur edýadylar.Ýone Hudaýyň Isa Mesihdaki merhemeti we halas etmegi diňe ewreýler uçin däldi,tersine bu halas etmek ýer ýüzindäki bary adamlar uçindi.Şol höşhabar butin ýer ýüzüne ýaýrasa Isa Mesihyň şol döwürdaki ewreý şägirdleri hiç haçan bu çaklerden çykmasalar hem,indi çykmalydylar . Kaýsariýada Korneliý atly bir adam bardy. Ol «Italiýa» atly rim goşun bölüminiň ýüzbaşysydy. Korneliý hudaýhon adam bolup, özi hem, öý-içersi hem Rebbe sežde edýärdi. Ol halkyň arasyndaky mätäçlere köp kömek edip, elmydama Hudaýa doga ederdi. Bir gün öýlän sagat üçlerde Kornelä bir görnüş aýan bolup, öz ýanyna Hudaýyň bir perişdesiniň gelenini aýdyň gördi.

Perişde: «Eý, Korneliý!» diýip seslendi. Korneliý gorky içinde gözlerini oňa dikip: «Gulak asýan!» diýdi. Perişde oňa: «Seniň Hudaýa eden dogalaryň, garyplara paýlan sadakalaryň Onuň nazarynda kabul boldy. Indi Ýafo birnäçe adam ýolla-da, Petrus lakamly Simuny getirt. Bu adam deňziň ýakasynda ýaşaýan Simun diýen deri eýleýjiniň myhmanydyr» diýdi.

Özi bilen gepleşen perişde gidenden soň, Korneliý hyzmatkärlerinden ikisini we hemişe ýanynda bolýan bir takwa esgeri çagyrdy. Bolup geçen ähli zady gürrüň berip, olary Ýafo ýollady. Ertesi gün olar ýol ýöräp, şähere golaýlanlarynda, günortan on iki töweregi Petrus Hudaýa doga etmek üçin üçege çykypdy. Ol ajykdy we bir zatlar iýesi geldi. Nahar taýýarlanýarka, oňa bir görnüş aýan boldy.

Ol gögüň açylyp, ullakan saçaga meňzeş bir zadyň dört burçundan aşak ýere sallanyp gelýänini gördi. Ezizler maňa aýrylan wagt hem öz sonüna ýetdi.Hekaýanyň dowamyny indiki gepleşigimizde dowam edýas.Egerde hekaýanyň elektron şekline eýe bolmagy isleseniz biziň internetdaky saýtymyza giriň/Özünuziň oý-pikrleriniz bolsa biziň elektron menzilimize ýolaň.Ezizler biziň saýtymyzda onlaýin kitaphanasynda kop gyzykly we peýdaly hekaýalary göçurup almak mumkinçiligine eýdirsiniz.Bundan başga saýtyň forumy hem siziň hyzmatynyzda.Ýene efir arkaly duşuşýinçe hoş ezizler.Diri Rebimiziň söýgisi we merhemeti barynyza ýar bolsun.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top