3:32

Bagyşlamak

MP3

Salam hormatly radio diňleýji moştaklar. Ýene radio tolkunlary arkaly siz bilen düşuşup duranymyza Hudaýа şan-şohratlar bolsun. Esasan-da uruşlar we syýasý tolgunmalar unutulmaýan kop öýkeleriň agyr yzyny kopçiligiň ýüreginde galdyrýar.

Ikkinçi tarapdan bolsa bunuň ýaly wagtda bagyşlaýyşa bagly ajayýp mysallar peýda bolýar. Bir ulakan jemagatyň ýaşulysy San Koreýada ýaşan. Ol kiçigöwünli we mähriban kişidi.1940 ýyla gelip memleketde höküm sürýan gelmişek basybalyjylaryň elinde ýesirlikde hem bolupty. Duýdansyz oňa ikki ogly heläk bolany hakynda habar geldi.

Olory kollejdaky işeňňir talyplaryň hereketlerine göşulmany uçin öldirendiler. Ogullaryny ýere goýan ýaşully töweregindaki jemagaty haýran galdyrdy. Ol Hudaý ýüregine salan söýgi bilen ogullaryny öldiren adamy tapyb,olary ogullyga almagy isleýänyny mälim etdi. Harby hereketlerde gatnaşaýan ýaş ýyigiti toparyndan çykaryp alanlarynda ol gorkyp gidendi.

Ol öz gurbanlarynyň maşgalasy bilen tanyşdy.”Biz ikki oglumuzdan jyda bolduk”,-diydi ýaşully San. “Bize gel.Oloryň ornuna ogul bol”/Şonuň ýaly wagtlarda başkalary öýkeleten adam nahilli ýagdaýa düşenini göz onunize getirip göruň. 1987 ýyl millionlap teletomaşaçylar teleýidenie arkaly Gordon Uilson bilen bolan söhbeti gordiler.

Onuň gyzy – demirgazyk Irlandiýadaky , baýramçylykda bomba partlamasynda heläk bolondy.Gyzy jan berýan wagtda atasy onuň elinden tutup turdy,ýone ol terroristlara garşy ýigrenç we är almak duýgusyna berilmedi.”Men şu gunden başlap her guni olar uçin ybadat edýan.Hudaý olary bagyşlasyn,çunki olar näme edýanlaryny bilmeýarler”,diyip aýdypty.Bu gepleri hemme hem aýdyp bilmese gerek.

Diňe hakykatdan Hudaýa tabun bolan ynsan şonuň ýaly etmegi mumkin.Ellik ýaşly Gollandiýaly aýal Kori ten Bom faşistlardan gizlenen ýewreýlere ýardam berib öz haýatyny howp astyna goýdy.Bunuň uçin oňy gyz dogany Betsi bilen bille Rawensbrýkdaky konslagere iberdiler.Gyz dogany Betsi şol ýerde aradan çykdy.Uruşdan soň Korri kişilere bagyşlaýyş bermekni öwretmaga ýadawsyz zähmet çekdi.

Birine degişli ýürekde pinhan gazap saklamak ýa-da sizi öýkeleten insanlara degişli bagyşlaýyş berib bilmeslik günadir. Mukaddes Kitapda Rebbimiz hatta duşmanlarymyzy hem bagyşlamagymyz gerekdigini aýdýar. Ahrym Isa Mesih haçda asylyp duran wagtynda hem Oňa azap berýan adamlary bagyşlap bildi. Elbettde isleg hemmeniň özunde,bagyşlamaslygynyz hem mumkin,emma bagyşlamaslykka karar etmekden oň onuň netijesi hakynda oýlap goruň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top