Salam “Elbetde men ony bagyşlaýan,ýone başda ol gelip menden üzür soramagy
gerek.Nämuçin indi men birinji gadamny taşlamaly?” –diydi aýal.Erkek
bolsa:”Men üzür soran bolordym,ýone onuň onune barmaga batyrynyp bilemok.”-
diydi.Şol wagtaçenli biz bagyşlaýyşy öýkelän kişi düşunçesinden görüp
çykdyk. Eger ýagşy aragatnaşyklary gaýtadan doly dikeltmekçi
bolsak,bagyşlaýyş bu entek işiň ýarysydygyny unutmaslyk gerek.Iş ahyryna
etmegi uçin öýkeleten adam toba etmagi gerek bolýar.Bagyşlaýyş bilen toba
billelikde ýaraşyga alyp gelýar.Bagyşlaýyş bu:
-öýkeni tuýs ýürekden bagyşlaýyş;
-etirilen zeleliň ornuny gaplamak hakyndaky her hilli dawadan geçmek;
-öýke-kineni butinleý ýatdan çykarmak diymekdir.
Toba etmek bu;
— üzür soramak;
— zelelniň ornüny gaplamak;
— bundan soň özüni aýpdar we uýatly düýmaslykdyr.
Toba etmek hem käwagt bagyşlaýyş ýaly kyn geçýar.Bu gidiş hem assa ýuwaşlyk
bilen amala aşýar.Toba etmek duýgulary köşeşdirýar.Aýpdarlyk we uýat
duýgysy tä öýke-kine we ýigrenç duýgusy ýaly içini ýakýar.Käbir kişiler
aýpyny ýygşyrýarlar we özlerini aýpsyz edip görkezýarlar.Başgalar bolsa
tersine aýypyny artdyryp iberýarlar we muň gezek puşman bolup öz ýagyna
özleri kowurýarlar.Toba etmek öýkelän kişiniň duýgularyny düşunmek
diymekdir.
Bolup geçen bir ýagdaýi dürli adamlar dürliçe kabul edýarler.Toba etmek
başga adama degişli hormat we söýgini talap edýar.”Näme ol degişmeni
düşunmýamy?”,”Näme ol az ähmietli zat uçin şeýle gaharyňy getirýar?”-ýaly
gepler bilen öz aýpyny şol ýagdaýda ahmietsiz ýa-da degişme zat ýaly
görkezmaga çalyşyp azar göreni kemsitýar.Belki açyk :”ezizim men çyndan hem
senden üzür soramagym gerek,men senden şübhe ediptim.Şübhelerim orunsyz
bolanyna häzir ynanýan.Gabananym uçin meni bagyşla haýyşt.” –diyip ykrar
bolany makuldyr?Käwagt kişi üzür soramak şeklinde öz gazap we tankytyny
ussalyk bilen aýdyp almagy mumkin.Ýone bu usuluň özüne degişli howply
taraplary bar.Toba edýan wagtda nahilli derejede açyk bolmaklyk ýagdaýa
bagly diyen kada amal etmek gerek.
Agyr we gödek başdan geçinmeleri daşara çykarmaslygyňyz
gerek.Meselen,ogurlyga menzeş käbir hereketler kop ýagdaýlarda aýpsyz
kişileri şübhe astyna göýar we bunuň ýaly wagtda adalat ýüze çykmagy uçin
açyk geplemek zerur.Aýypynyza ykrar bolmasdan oň siz tereziniň käsesiniň
bir tarapyna aýpdarlyk düýgusyndan halas bolmak ýenilligini,ikkinji
tarapyna bolsa ýakynlarynyza etirmaginiz mumkin bolan azapny göýup
göruň,sonundan bir karara geliň.Kişi şowsuzlygy we eden hatalaryna islän
wagtynda Hudaýyň onünde ykrar bolmagy mumkin.Iň gowysy toba etmeagi
ybadatdan başlamak makul. Biz buýsanjanlyk duýgularymyzy bir çete
ýagnaşdyryp goýup ,” rehimdil we mähriban, Oran uzak sabrly we
merhemetli,Aýyplaryma seredip bize dolanyşyk etmeýan. Günalerimize göra
bize jogap bermeýan” Hudaýyň garşysyna gelmagimiz gerek. Hudaý bilen ýaraşyp
alanson Onuň ýardamyna daýanyň Ýaradanyň Özi size başgalar bilen ýaraşyp
almagyňyz uçin iň akyl ýoly görkezýar.