2:52

Aýanlyklar

MP3

Salam hormatly radio diňleýji doganlar.Siz bilen ýenede radio tokunlary arkaly bolsada düşuşup duranymyzdan Hudaýa şukurler aýdýas.

Hormatly radio diňleýji doganlar,häzirki günde jemagatlarda koplanç aýanlyklar hakynda geplenýar.Hatta kop doganlarymyz aýrym aýanlyklar hakynda şaýtlyk hem berýarlar.Bu mowzukda siziň pikriniz nahilli?Bugun şol meselede biraz gepleşsek.

Har hilli hakykat insanlara Hudaý tarapynddan berilýar. Diňe Hudaý şol aýanlyklary ýada hakykatlary açyp berende biz bu hakda bilmegimiz mumkin.Tersine biz insanlar özümizçe hiç zady bilmeýas.Hudaý hakykatlaryňy ikki hil adamlara açyp beren diyip aýtmagymyz mumkin.

Birinjisi bu paýgemberler.Hudaý paýgemberler bilen dogrydan dogry gepleşen.Meselen Musa,Işaýa,Daniyel paýgemberler.Meselen Hudaý Musä dünýany hadip ýaradany hakyndaky aýnlygy berdi.Eger Hudaý bu hakda Musä açyp bermaninde Musa belki ýaradylyş hakynda umumman bilmesdi.

Ikkinji görunuşdaki aýanlyk alanlar bu-resullerdir.Hudaý Täze Äht döwründe Pawlus,Petrus,Matta ýaly resullere kop aýanlyklar beren.Hudaý Pawlusa iman bilen aklanmak hakyndaky hakykaty açyp berdi.Bolmanda Pawlus iman bilen aklanmak hakynda bilmän bolordy.

Biz insanlar näme uçin Hudaý Öz hakykatlaryny edil şol ikki görünuşdäki insanlara açyp berenini bilmeýas.Ýone Hudaý olora şol hakykatlary açyp berenini anyk bilýas/Meselen Rimlilere haty 1 bap 17-18 aýatlar, 1-ji Korintoslylara hatynyň 15 bap 3 aýaty we Galatiýalylara hatynyň 1 bap 11-12 aýatlarynda şol hakda okap görmeginiz mumkin.

Hudaý şol ýokarynda atlary aýdylan insanlara gerekli hakykatlaryny açyp bermaninde biz ne bir olar hakynda,belki olora açyp berilen möhüm hakykatlar hakynda hem bilmän bolordyk.Şonuň uçin hem geljek nesile Hudaý hakynda we Rebbimiz Isa Mesih hakynda kop aýdyp bermegimiz gerek bolýar.Geljek nesl bolsa öz perzentlerimizdir.Huday biz ýokarynda atlaryny dile alan insanlara hakykatlary açyp berdi.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top