3:07

Aýanlyklar

MP3

Salam hormatly doganlar.Siz bilen duşuşup duranymyzdan Hudaýa şükürler aýdýas.Hormatly doganlar häzirki gunde jemagatlarda koplap aýanlyklar hakda geplenýar.Hatta koplap doganlarymyz aýrym aýanlyklar hakda şaýatlyk hem berýarler.

Bu mowzukda siziň pikriniz nahilli?Bugun şu meselede biräz togtasak.Her hilli hakykat insanlara Hudaý tarapyndan berilýar. Diňe Hudaý şu aýanlyklary ýada hakykatlary açyp berse biz şu hakda bilmegimiz mumkin.

Tersine biz insanlar özümizçe hiç zady bilmagi başarmaýas.Hudaý hakykatlary ikki hil adamlara açyp beren diyip aýtmagymyz mumkin.Birinjisi bu paýgemberler.Hudaý paýgemberler bilen dogrydan-dogry gepleşen.

Meselen,Musa,Işaýa,Daniyl paýgemberler şolar hatarynda.Meselen,Hudaý Musä dünýany nahilli ýaradany hakda aýanlyk berdi.Eger Hudaý bu hakda Musa açyp bermaninde Musa belki ýaradylyş hakda umumman bilmezdi.

Ikkinji turdäki aýanlyk alanlar,bu-resullerdir.Hudaý Täze Äht döwrinde Pawlus,Petrus,Matta ýaly resullere kop aýanlyklar berdi.Hudaý Pawlusa iman bilen aklanmak hakdaky hakykaty açyp berýar.Bolmanda Pawlus iman bilen aklanmak hakda bilman bolordy.

Biz insanlar näme uçin Hudaý Öz hakykatlaryny edil şu ikki hildaki insanlara açyp berenini bilmeýas.Ýone ,Hudaý olara şu hakykatlary açyp berenini anyk bilýas.Meselen,Rimlilere hatynyň 1 bap 17 we 18 aýatlar,1-ji Korintoslylara hatynyň 15 bap 3 aýaty we Galatiýalylara hatynyň 1 bap 11 we 12 aýatlarynda şu hakda okap görmeginiz mumkin.

Hudaý şu ýokarda aýdyp geçen insanlara gerekli hakykatlary açyp bermanindedi,biz diňe bir olar hakda,belki olara açypberilen möhüm hakykatlar hakda hem bilman bolordyk.Şonuň uçin hem geljek nesile Hudaý hakda we Rebbimiz Isa Mesih hakda kop aýdyp bermagimiz gerek bolýar.

Geljek nesil bolsa öz perzentlerimizdir,Hudaý biz ýokarda adlaryny dile alan insanlara hakykaty açyp berdi.Şu bilen bille olary dolandyrdy we şu hakykatlary ýazyp almaklary uçin olary ruhlandyrdy.Çunki adamlara bu hakykat diňe dilden däl,belki ýazma şeklde hem ýetip gelmagi gerekdi, goý geljekdaki insanlar şu hakykatlara ynansyn we amal etsinler .ezizler bary adamzad Hudaýyň hakykatlaryna amal edýarlermi?diyen sorag bilen mowzugymyz gutarýas.Hoş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top