MP3

Salam. Mukaddes Kitapda Hudaý edi zady ýaman gorýar diyip ýazylan. “Reb alty
zady,
dogrusy, ýedi zady ýigrenýändir:Tekepbir gözi, ýalançy dili,bigünä gan
dökýän eli,ýaman niýetli ýüregi,ýamanlyga ýortýan aýaklary,ýalan ýagdyrýan
galp şaýady,doganlar arasynda dawa döredýän adamy.”(Suleýman pähimleri 6:16-
19).

Bu aýatlary her bir ruhanyý gowy bilen.Dawud Şowuldan gaçyp ýuren wagtda
Ierusalimden 4 kilometr gündogarda ýerleşen Nop şaherinde bir Ahamilek
diýen ruhanyý bardy.Dawut Ahymelek ruhanynyň ýanyna Nop galasyna geldi.Ol
özüniň Şowuldan gaçyp ýorenini we Şowul ony öldirmekçidigini aýtmady. Dawut
Ahymelege: «Patyşa maňa bir ýumuş tabşyrdy. Ol: „Senden iberen bu ýumşum
hakda hiç kim hiç zat bilmeli däldir“ diýdi. Şoňa görä, öz ýigitlerim bilen
hem duşuşar ýaly ýer belleşdik. Häzir ýanyňda nämäň bar? Maňa bäş sany
çörek ýa-da ýanyňda başga nämäň bar bolsa ber» diýdi. Ruhany oňa: «Mende
adaty çörek ýok. Mende diňe Rebbe hödür edilen çörek bar. Eger ýanyňdaky
ýigitler golaýda aýala ýanaşmadyk bolsalar, siz ony iýip bilersiňiz» diýdi.
Şundan soň ruhany Rebbe hödür edilen çöreklerden başga çörek ýokdugy üçin
oňa mukaddes çörekleri berdi..
Dawut Ahymelege: «Ýanyňda naýza ýa gylyç ýokmy? Patyşanyň tabşyrygy juda
gyssagly bolansoň, ýanyma ne gylyjymy alyp ýetişdim, ne-de başga ýaragymy»
diýdi. Ahymelek oňa: «Ela jülgesinde seniň eliňden ölen Jalut piliştliniň
gylyjy şu ýerde, efodyň ýeňsesinde mata dolangy ýatyr. Eger isleseň, şony
alaý. Bu ýerde şondan başga ýarag ýok» diýdi. Dawut oňa: «Ondan gowy ýarag
bolmaz, şony beräý» diýdi.Ahymelek Dawudyň garnyny doýyrdy,ol uçin ybadat
edip Hudaýyň eradasyny sorady.Jaludyň gylyjyny berdi.Dawut ony aldan
bolsada ol tüýs ýürekden Rebbimiziň emrini berjaý etdi.Şondan soň Dawut ol
ýerden çykyp başga ýere gitdi.
Biräz wagt geçenden soň Şawul eskerleri bilen Nop galasyna geldi.Oňa
Ahymelegiň Dawuta kömek berenini Şawulyň nökerleriniň gapdalynda duran
edomly Döweg: aýdyp berdi. Ahymilek bilen Dawut gepleşýan wagty Doweg
ybadathanadady,ol Rebbimiz adyna geçirilýan däp-dessurleri geçirmaga
gelipti . Şawul Ahytubyň ogly Ahymelek ruhanyny, onuň tutuş maşgalasyny —
Nop galasyndaky ähli ruhanylary getirmek üçin adam iberdi. Olaryň ählisi
patyşanyň ýanyna geldiler. Şawul Ahymelege: «Indi maňa gulak as, eý,
Ahytubyň ogly» diýdi. Ol: «Gulak asýaryn, hökümdarym» diýdi. Şawul oňa
şeýle diýdi: «Näme üçin Ýyşaýyň ogly ikiňiz meniň garşyma dildüwşük
guradyňyz? Näme üçin sen oňa çörekdir gylyç berdiň we onuň üçin Hudaýa ýüz
tutup, onuň sapary barada soradyň? Görşüň ýaly, şeýdip, ol meniň garşyma
duzak gurdy». Ahymelek Şawula şeýle jogap berdi: «Dawut seniň nökerleriňiň
iň wepalysy ahyryn. Ol seniň giýewiň, baş janpenaň hem-de seniň köşgüňde iň
hormatly adamdyr. Hudaýa ýüz tutup, Dawut barada bu meniň ilkinji gezek
soraýşymmy näme? Ýok, meniň özümi-de, meniň atamyň maşgalasyndan kimdir
başga birini-de, goý, patyşahym günäkärlemesin. Seniň guluňyň bu işden
düýbünden habary ýokdur». Patyşa: «Ahymelek, seniň özüňiň-de, ataňyň
maşgalasynyň-da öljegine şek ýokdur» diýdi. Yone Şawul Ahymilegiň geplerine
ynanmady. Dawuta kömek bereni uçin ony we tütuş maşgalasyny öldirmägi
buýrdy. Ahymilek hakykyý ruhanyýdy ol öz janyny saklamak uçin Dawudy
aýyplamady, Şäwula ýalynjaňlyk etmedi. Öz wezipesine garşy Hudaýyň
garşysyna iş etmedi. Ýalan geplemedi.Ol Şäwul we Dawut hakynda näme oýlan
bolsa şony gepledi.Yone bu gepler Şawula ýaramady Ahymilek eden işi uçin
ony öldurdi.Ahymilek özüne ziýan etirsede Hudaýyň emrine garşy
çykmady.Hudaýa ýakmyýan iş etmedi.Bunuň ýaly halal we Hudaýa wepaly kişi
kem tapylýar

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top