4:32

Ähli nur bolup ýaşamak

MP3

Salam eziz radio diňleýji dostlar.Programmamyza höş geldiniz.Ezizler size mälim boluşy ýaly programmamyz eziz Perwerdigarimize ybadat etmek uçin bagyşlanandyr.Ybadat etmekden başga biz elbettde Mukaddes Kitapdan käbir aýatlary görüp çykýas.Ezizler bugun biz Resullerden Pawlusyň Efesliklere ýollan hatyndaky aýatlary okap çykýas.

Şeýle hem siz söýgüli çagalar kimin Hudaýdan görelde alyň. Mesih ýaly söýüp ýaşaň. Ol bizi söýüp, Hudaýa ýakymly ysly sadaka hem gurbanlyk hökmünde biziň üçin janyny gurban etdi. Araňyzda azgynlyk, haramlyk, açgözlük edýän bolmasyn. Beýle zatlar Hudaýyň halkyna gelişmeýär. Şeýle hem araňyzda biedeplik, ýaňralyk, biderek degişme-de bolmasyn. Bular size ýaraşmaýar. Muňa derek Hudaýa şükür ediň. Şuny bilip goýuň: hiç bir azgynyň, murdaryň ýa-da açgözüň Mesihiň we Hudaýyň Şalygynda mirasy ýokdur. Çünki şeýle adamlar butparazlar bilen des-deňdir Hiç kim sizi boş sözler bilen aldamasyn. Şu zatlar sebäpli Hudaýyň gazaby Özüne boýun egmeýänleriň üstünden inýändir. Şonuň üçin olar ýalylar bilen gatnaşmaň. Ýadyňyzdamy, birwagtlar siz garaňkylykdyňyz, ýöne indi Reb arkaly nursuňyz. Şonuň üçin nuruň çagalary bolup ýaşaň. Dogrudanam, ähli ýagşylyk, dogrulyk we hakykat nuruň miwesidir. Rebbi hoşnut etjek zady bilmäge çalşyň. Garaňkylygyň ýaman işlerine gatyşmaň, tersine, olary paş ediň. Olaryň edýän gizlin işleri hakda hatda söz açmak-da aýypdyr. Emma nur parlanda, ähli zat paş edilip, aýdyň görner. Çünki nur ähli zady äşgär edýändir. Şonuň üçin şeýle diýilýär:

«Oýan, eý, uka giden! Ölümden direl! Mesih saňa nur saçar».

Şeýlelikde, nähili ýaşaýandygyňyza üns beriň. Nadanlar ýaly däl-de, danalar ýaly ýaşaň. Her bir pursatdan degerli netije çykaryň, sebäbi bu ýaramaz döwürdir. Şonuň üçin-de samsyk bolman, gaýtam, Rebbiň yradasynyň nämedigine düşüniň. Şerapdan serhoş bolmaň, bu sizi wejeralyga elter. Tersine, Mukaddes Ruhdan dolup-daşyň. Bilelikde mezmurlar, öwgüli we ruhy aýdymlar aýdyň; Rebbe tüýs ýürekden sazlar çalyp, nagmalar aýdyň. Ähli zat üçin Rebbimiz Isa Mesihiň adyndan Ata Hudaýa hemişe şükür ediň.

Isa Mesihe hormat goýmak bilen biri-biriňize tabyn boluň.

Eziz radio diňleýjiler,geliň ellerimizi açyp Rebbimize ybadat etsek.Hudaýym,Sen bize ähli nur bolup ýaşanlar diarsin.Ýne biz täze haýata indi gadam goýdyk.Ähli nur bolüp ýaşaýyşy bize öwret.Çunki indi güna etmaga ýer ýokdyr.Güna indi bize garşydyr.Güna diyip haňrati Isa mukaddes ganyny döküp bizi güna jarinden çykaryp aldy.Hudaýym bizi özgert,haýatymyz täzeden aksyn.Bizi täze ak mata doladyň,emma samsyklygymyz sebäbli biz şol ak geýimimize dag düşurmesligimizden ozuň sakla.Hudaýym bizi bagyşla.Sen biziň bary eden günalerimizi bagyşlap bilýaň.Diňe Se arkaly mukaddes bolup bilýas.Hudaýym bize ybadat etmaga mumkinçilik bereniň uçin Senden minnetdaris.Omin.Ezizler ine bize aýryp berilen wagt hem öz sönüna ýetdi.Siz bilen höşlaşyp saýtymyzy ýatlatyp geçýan.Hoş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top