3:45

Abort we unuň täsiri

MP3

Salam ezizler.Sagdin maşgala programamyza höş geldiniz.Her bir jemagatda maşgalanyň näçe we haçan çagaly bolmagyny gözegçilik edip barmagyň peýdasy bar.Aýal yzygiderli göwreli bolup,az wagt aralygynda çaga yzyndan çaga dogurwerse koplanç kuwwatsyzlanyp galýar. Onuň çagalary ölüme meýilli bolýar.Bundan başga abort hem kop eneleriň azap çekmagine sebäb bolýar.Çaga ýaşap gider ýaly ýagdaýda ösmän durup aýalyň göwresini togtatylmagy- abort,ýagny çagany aldyrmak diýilýar.Şu programamyzda biz abort sözüni diňe meýilleşdirme boýunça,ýagny diňe bilgeşleýin çagany alyp taşlanýan ýagdaýlary aňlatmak uçin ulanýas.

Meýileşdirilmän abort,ýagny çaganyň öz-özünden düşip galmagy “çaga düşme”diýilýar.

Abort etmek ýada etmezlik kararyna gelmek-kyn mesele bolmagy mumkin.Bunuň ýaly kyn wagtlarda,dostlyk maslahat we düşünmek kopçilik aýallar uçin ýardam ýaly bolmagy mumkin.Eger abort hassahanada ýada klinnikalarda medisina işgarleri tarapyndan amala aşyrylsa,koplanç aýal uçin howpsyz bolýar.Iň ýagşysy aborty hamylanyň kiçi wagtynda eden ýagşidir.Ýone abort öýde,öý şertleri bilen we medisina işgäri bolman adamlar tarapyndan amala aşyrylýan bolsa,onda aýal uçin oran howply bolmagy mumkin. Abortlar etmek kanuna garşy bolan memleketlerde ýada abort etmek kyn bolan ýerlerde,bunuň ýaly öý usullar,12den 50 ýaşaçenli bolan kopläp aýal-gyzlaryň ölümine sebäb bolmakda.

Göwreliligi togtatmak maksatynda , ýatgyny gysmak,hazirki ýada şypaly ösümliklerden taýarlanan dermanlary ulanmak kop gan ýitirmek,infeksiýalara we hatta ölümede alyp gelmagi mumkin. Abortdan soň gelýan howply özgerişler: gyzgynlyk derejesi aşmagy,garyndaky agrylar we kop gan ýitirmek girýar.Eger siz göwreli bolan aýalda,bunuň ýaly belgileri duýsanyz,bu abort täsiri bolmagy mumkin.Olar çaganyň düşenini hem bildirmagi mumkin. Ýatgydan däşaryndaky göwrelilik ýada salpingit keselligi ýalylar hem oňki abort netijesi bolmagy mumkin.Ýokardaky meseler bar käbir aýallar medisina komegini almaga gelýar,ýone näme bolanyny aýtmaga utanýar ýada görkýar.Başgalary bolsa medisina ýardamyny almaga hem utanyp,gorkup ýörýarlar. Olar hassalyk erbetleşmeýinçenli barmaýarlar.Şeýlelikde pursat geçip gidiş netijesinde ýaman bolmagy mumkin.Kop gan ýitirmegi ýada abortdan sonky infeksiýa düşmegi howplydir.Tiz medisina ýardamyna ýüzleniň!

Her hilli abortdan soň antibiotik beriň.Bu infeksiýa we hoply netijelere duşmak ähtimalyny kemeldýar.Göwreliligiň önüni alyň.Göwrelilikden saklanmak usullaryny aýal we erkek birýaly bilmegi gerek.Abortdan soň her hilli belgi ýada meselesi bar aýal derrew medisina ýardamyna ýüzlenmegi gerekdir.

Ezizler,egerde sizlerde hem maşgala saglygyna degişli maglumatlar bolsa,olary biziň elektron saýtymyza ýollaň.Rebbimiz sizi Özi penasynda saklasyn.Sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top