MP3

Salam myhmansöýüjilik, gowy zat. Biriniň öýine barsanyz öý eýesi sizi
güler ýüz bilen mähirli garşy alsa göwnüniz hezil edýar. Şol adam hakynda
butin ömur gowy sözleri aýdyp ýrýanyz.Ýakynda bir bolan wakany eşidip
galdym.Bir wagtlar uç kişi özara, oran gowy gatnaşýan ekeni.Yone olordan
biri başga şahere göçüp gidenson gatnaşyk üzüliptir.Dostlardan biri uzaga
göçüp giden bilen düşuşyp myhmana barmaga gelişiptir.Günini
belleşiptir,menzilini ýazyp alyptyr.Şondan soň ikki maşgala maşyna çykyp
ýola düşuptir. Ýetip baranson derwezani kakyptyplar.Içeriden aýal maşgala
çykyp olary öýe başlaptyr.Erkek myhmanlar dostymyz bir ýere iş bilen
gidiptir-da diyip aýallaryny içere eltiptir.Öý eýesi oran gowy garşy alyp
myhman ediptir. Söhbet sonunda bu öýe azaşyp girip galany mälim boluptyr.

Netije çykaryp aýdanda myhmansöýüjilik kişiniň bezeglerinden
biri.Resullerden Pawlus döwründe hem ine şonuň ýaly myhmansöýüer bir aýal
bardy.Ol hakda okasanyz onuň nahilli aýal bolanyny goz onünize getirýanyz:
“Şeýlelikde, Troasdan gämi bilen göni Samofrakiýa, ertesi hem Neapolise
gitdik. Ol ýerden-de Makedoniýanyň esasy welaýatynda ýerleşýän Filipi
şäherine geldik. Bu şäher Rime garaşlydy. Biz birnäçe günläp ol ýerde
galdyk. Sabat güni biz şäherden derýa ýakasyna çykdyk. Ol ýerde ybadat
edilýän ýeriň bardygyny bilýärdik. Onsoň ol ýerde ýygnanan aýallar bilen
oturyp, olara gürrüň bermäge başladyk. Bizi diňläp oturanlaryň arasynda
Lidiýa atly bir söwdagär aýal hem bardy. Ol Tiýatira şäherinden bolup,
gyrmyzy parçalar satýardy. Bu aýal Hudaýa sežde edýärdi. Pawlusyň sözlerine
gulak asmak üçin, Reb onuň ýüregini açdy. Lidiýa tutuş öý-içersi bilen suwa
çümdürilenden soňra bizi öýüne çagyryp: «Meni Rebbe sadyk saýýan bolsaňyz,
geliň-de, öýümde galyň» diýip ýalbaryp, bizi yrdy”(Resul.iş.16:11-
15).Pawlus bilen hemralary şäherden daşara çykyp derýa ýakasynda ýygnalyp
ybadat edip duran aýallara duç geldiler.Şol wagtda adamlar Köne Äht we
Hudaýyň kanunlary hakynda gowy bilenler.Yone Isa Mesih hakynda hali
eşitmandi.Pawlus olara höşhabar aýdan wagty Hudaý aýallardan biriniň
ýüregini açdy.Nämuçin edil Lidiýanyň ýüregini açdy.Mukaddes Kitapda
:”Pawlusyň aýdanlaryny – aňlamak uçin Rebbimiz onuň ýüregini açdy” diyip
ýazylan.Bundan başga Mukaddes Kitap ony dindar aýal diydi.Hudaýa
ýnanýan,dogry haýat geçirmaga hereket edýan aýal bolany anyk.
Bundan başga Pawlus Isa Mesih hakynda aýdanda ol özüni nahilli tutan.Eger
Lidiýanyň ornunda bolonynyzda özünizi nahilli tutýadynyz? Dindar bolonynyz
uçin hem Pawlusdan Hudaýyň eden işleri hakynda eşidip ony gowy düşunip
almany islediniz.Düşunmaýan bolsanyz gowrak düşunip almaga çalyşýadynyz.
Lidiýa hem şonuň ýaly edeni anyk.Ol Pawlusyn aýdýanlaryny düşunmagi
islän,şonuň uçin hem başga aýallary däl,Hudaý edil Lidiýanyň ýüregini
açdy.Imana gelenson Pawlus bilen hemralaryny myhmana çagyrdy. Bundan onuň
myhmansöýüji aýal ekenini bilmek bolýar. Biz tiz-tiz Mukaddes Kitapy
ökaýas,diňleýas yone hemişe hem Lidiýa ýaly iş tutmýas. Eger Hudaýyň bize
aýdýanlaryny çyndan eşitmagi islesek Hudaý bize gepleýar. Hudaýy eşitmek we
diňlemek hakynda bilmegi isleseniz bizin saýtymyz sizi ýardam etmege taýyn.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top