Her bir rowaýadyň esasýnda biraz bolsada hakykat bar deýan gep bar.
Hormatly radio dinleji moştaklar bugun men sizlere bir hekaýat gepleb
bermekçi bolýan. Bu hekaýat Rebbimiz Isa Masihyň doglan guni oň ýanynda
bolup geçen.Bir wagtlarda bir ädikçi ýaşab geçen eken. Ol öz zähmeti
bilen obadaşlarynyň arasynda oraň meşhur eken. Şeýle ol Hudaýlykly kişi
bolup mdama ybadathana baryp Hudaýyi şohratlandyrýan eken.Aradan wagtlar
geçib onuň aýaly aradan çykyptyr.Çagalary bolsa änçame daşda özleriniň
haýaty böünça ýaşaýan eken. Bu ýaşy ully adam garrylyk sebäpli öz öýinden
daşda we baýyrlykda erleşen ybadathana barmaga özünde guýç tapyb
bilmýan ekeni.
Bir guni ol öz obadaşlaryny Rebbimiziň doglan günuni bellamaga ybadathana
gidip barýanlaryny görüp horlygy geliptir. Kä birleri ondan biz bilen
ybadathana barmýaňyzmy?-diyip söranda -ol garryib galanyny we ysgyny
yokdygyny aýdyp ýüregi ezilen eken.Şol guni ol uhlamak uçin
ýatyptyr.Duşunda bolsa Rebb oňa görünup –ertir senikä myhmançylyga barýan
diyiptir.Garry irden oýanyb taýarlyk göruptir.Emma hiç kim
gelmandir.Şonan soň garry aýnanyň ýanyna baryp daşara gözläptir we kiçijik
oglon aýakýalaňaç gar üstinde aglab barýanyny görüptir. Derrew ony öýine
çagyryp sebäbini söraptyr.Şonda ol oglon ädigi kiçik bölup galanyny we şol
ýagdaýda tokaýa odun ýygmana barýanyny aýdyptyr. Şonda garry oňa bir ädik
sowgat ediptir.Oglon begenip sag bolsyn aýdyp yolunda dowam ediptir.
Ene biraz wagtdan soň garry köçe serediptyr bir aýal elinde bäbek bilen
dilegçilik edýanyny,yone hiç kim oňa uns edmýanyny gordi. Şonda aksakal
aýaly öýine çagyryp myhman edip we bu aýaldan bir wagtlar çagasyna
diktiren ädigini haçan alyp gitjegini sorady.Aýal puly yokdygyny aýdyp
üzür sorab başka birine satmagyny haýyşt ediptir.Şonaň soň aksakal ädikni
aýalyň çagasyna söwgat ediptir.Aýal minnetdar bolup yolunda dowam ediptir.
Emma gelişi gerek bolan myhmandan hali derek bolmandyr. Garry biräz
gamgyn bolup uhlamak uçin ýatybdyr.Düşünda bolsa ene Rebbimizi
GÖRÜPTYR.Rebbim näme uçin meni aldadyň ahrym sen menikä myhman bolup
geljekdiňä? Şonda Rebbimiz Isa Mesih –Men senikinde myhman boldym we sen
maňa ulakan mähr görkezdiň senden minnatdarr men diyp aýdyptyr.
Şondan soň aksakal näme bolonyny aňlabdyr. Hormatly radio diňlejiler her
birimiz eden işimiz uçin Rebbimiz oňuňde jogap berýas.Myhman garşy alanda
hemmä bir ýaly myhmansöýer bolmägä hereket edaýliň.Mukaddes Kitabda
aýdylyşynça kä bir wagt biz özümiz bilmän ýagdaýda Rebbimizi hem myhman
etmägimiz mumkin. Şonuň uçin ezizler mdama bir birimize we daş
töweregimizdaki butin ynsanlara mähriban bolaýlyň,şeýlede myhmansöýer
bolmaga hereket edaýliň. Matta kitabynda Sizlere çynymy aýdaýyn sizler
Meniň şol kiçik doganlarymdan birina näme eden bolsaňyz,bu maňa edeniňiz-
diyp ýazyar.