4:57

Asuda wagt

MP3

Asuda wagt Mesihiýleriň gündeki haýatynyň syrydyr. Asuda wagtny päk ýürek

bilen geçirýan Mesihiýni Rebbimiz bilen aragatnaşygy günden-güne berk
bolup barýar.Gelip çykyş kitabynyň 19:27 aýatynda şeýle ýazylan: «Ýbraýym
daň bilen turup,özüniň Rebbiň hyzyrynda duran ýerine gitdi”.Daňdan asuda
wagt geçirmek uçin Ybraýym paýgember gowy görelde bolup biler. Ol daňdaň
turdy.Imanly kişi uçin bu gowy nusga bolýar/Onuň Hudaý bilen düşuşýan
ýörite ýeri bardy.Bizde hem şonuň ýaly bolmagy gerek.Ol Hudaýyň onuňde
turup,Onuň geplämagine garaşan.Biziň fiziki bedenimiz ösüşi uçin
iýmit,güneş şöhlesi we maşklar talap edilýar.Ryhýy haýatymyz hem wagty-
wagty bilen däl,belki Masihiýçe haýatymyzyň her bir günunde imitlendirmäga
mätäç.Zebur 5:4 aýatynda Dawut şeýle diyen:”Ýa Reb,meniň sesimi ertirine
eşidýärsin Sen,häzirlenip,şäher bilen huzuryňda garaşýaryn men”. Isa daňda
däl,kä wagt tutuş gijeler hem ybadat eden.Asuda wagtny her güni etmekgimiz
uçin Isanyň göreldeleri hemde gadymky Mesihileriň tejribeleri bize
goldaw bolýar.

Asuda wagt geçirmekden maksat näme? Asuda wagtnyň esasyý maksaty Hudaýa
eýermekdyr.Hudaý bizden şeýle arabaglanyşygy halaýar.Atamyz bizden her çüni
Oňa sejde etmägimizi halaýar.Şonuň uçin agşam wagtynda ýatyň. Düýpgöter
görkezmelere ämal ediň,bu uçin Hudaý sizi bereketleýar.Mukaddes Kitaby
ökamakdan ýa-da ybadat etmekden oň sowuk suwa ýuwunyň ýa-da issy kofe
içiň/Eger duran ýerinizde uky tutsa,ýerinizi çalyşyň.Ýa-da ýöräp batly
ses bilen ybadat ediň,şonda ukuňyz açylýar. Mukaddes Kitaby ökaýan
wagtyňyzda başga zatlary bir gapdalda goýuň.Ybadatyňyzy hemmesi özunuziň
başyşlanmagyňyz ýa-da wepalygyňyz hakynda bolmasyn. Asuda wagtda Mukaddes
Ryhyň bereketi we dolandyrmagyny gözlaň.Mukaddes Kitapda ökänlaryňyza
tabun bolmagy öwreniň/Asuda wagtda mydama Mukaddes Kitaby ökämak uçin wagt
aýyryň.Mukaddes Kitaby ökamak we pikir ýöretmek uçin asuda ýer
saýlaň.Hudaýa umut ediň.Eden maksatyňyza görä iman bilen ökäň.

Asuda wagtyňyz maksatsyz bolup galmagyndan saklanmaly.Hudaýyň ryhy nirede
bolsa,azatlyk hem şol ýerde bolýar.Alaji bolsa asuda wagtny her gün bir
wagtda geçiriň.Meýilnamaňyza maksat goýüň,wagtnyň ýarysyny Mukaddes Kitab
ökamaga,ýarysyny bolsa ybadat etmäga aýyryň. Gaharjan bolmaň.Eger ryhyňyz
pes bolsa ybadaty dowam ettiriň.Mukades Kitabdaan ökän aýatlaryňyz
esasynda ybadat ediň.Bu bolsa her guni her hill ybadat etmäga öwretýar.
Hudaýi beýiklemek we ybadat uçin esas edip Mukaddes Kitabdan
peýdalanyň.Hakyky ybadat kop wagt we tertipni talap edýar.Ybadatyňyz sada
we tüýus ýürekden bolsun.Hudaý bilen tä perzent atasy bilen gepleşeni ýaly
gepleşiň.Ybadara berilen jogaplar uçin Hudaýa minnetdarlyk bildermagi
unutmaň.
Siziň asuda wagtyňyz şeýtana garama-garşy ekenini şeýtan gowy bilýar. Bu
bolsa gündelik söweşe sebäp bolýar. Eger siz bir daňňy elden berseniz ýagny
asuda wagtny geçirmaseňiz bu elbettde şowsuzlyk däl.Hatalaryňyzy boun alyň
we elbetde bagyşlanarsyňyz.Şeýtan size ýaman işleiňizi ýatlatyp Hudaýa
makul dälsiň deýan wagtlarynda oňy geljekde nämeler garaşýanyny siz hem oňa
ýatlatyb goýuň.Unusiňizi jeemlemek hakykatdan kyn bolýar. Ýeňmek uçin
haçdaky gan we dirilişiň gudratly güýji hakynda oýlamak gerek.Kiçik çagalar
käwagt ene-atalaryna mesele doretmekleri mumkin we ene-atalar plandan
daşary işler etmaga mejbur bolýarlar.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top