5:05

Doga-dileg

MP3

Salam. Bu gün Hudaýyň Sözüni diňlamana we ondan öwrenmana taýyarmasyňyz?
Dinlaň, Mukaddes Kitab sizi ybadat hakynda öwretýar. Matta6 bab “Doga-dileg
edeniňizde,ikkiýüzlüler ýaly bolmaň. Olar göz üçin sinagogalarda,köçeleriň
burçlarynda durup,doga okamagy halaýarlar.Size dogrusyny aýdýaryn,olar
eýýam öz sylagyny alandyrlar.Emma siz doga-dileg edeniňizde otagyňyza
girip,gapyny ýapyň-da,görünmeýän Ataňyza gizlinlikde ediň.Gizlinlikde
edileni göryan Ataňyz sizin sylagyňyzy berer.Doga-dileg
edeniňizde,butparastlar ýaly,boş sözleri gaytalap durmaň.Olar köp sözlemek
bilen eşidileris öýdýärler.Olar ýaly bolmaň.Ataňyz size nämeleriň
gerektdigini Özünden dilemänkäňiz bilýär ahyryn.Şonuň uçin/şeýle doga-dileg
ediň.

“Eý,gökdäki Atamyz! Adyň mukaddes bolsun! Patşalygyň gelsin! Gökde bolyşy
ýaly,ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn! Gundelik çöregimizi bize şu gün
ber. Bize ýamanlyk edýänleri bagyşlaýşymyz ýaly, Sen hem biziň ýazyklarymyzy
bagyşla. Bizi synaga salma,gaýtam bizi şeýtandan halas et.Başgalaryň özüňize
eden ýazyklaryny bagyşlasaňyz,gökdäki Ataaňyz hem siziň ýazyklaryňyzy
bagyşlar.Emma siz olaryň ýazyklaryny bagyşlamasaňyz ,Ataňyz hem siziň
ýazyklaryňyzy bagyşlamaz..» Adyz beklemek hakynda “ Agyz bekläniňizde
ikiüzlüler ýaly ýüzünizi sallamaň.Olar adamlara agyz bekleýändiklerini
görkezjek bolup,özlerine timar bermeýärler.Size dogrusyny aýdýaryn,olar
eýýäm öz sylaglaryny alandyrlar.Emma siz agyz beläniňizde,başyňyza ýag
guýup ýüzüňizi ýuwuň.Şonda siziň agyz bekleýändigiňiz adamlara däl-de,diňe
ýaşyryn Ataňyza görner.Gizlinlikde edileni görýan Ataňyz siziň sylagyňyzy
berer.

Gökdaki hazyna barada “ Bu dünýäde özüňize hazyna ýygnamaň,bu ýerde ony
güýe bilen pos iýýändir,munda ogrular girip ogurlaýandyr.Muňa derek özüňize
gökde hazyna ýygnaň,ol ýerde ne güýe,ne pos iýýandir,ne-de ogrular girip
ogurlaýandyr.Hazynaňyz nirede bolsa,ýüregiňiz hem şol ýerde bolar.Bedeniň
çyrasy gözdür.Gözüň sagdyn bolsa,tutuş bedeniň hem ýagty bolar.Gözüň
şikesli bolsa,tutuş bedeniň hem garaňky bolar.Eger sendäki yşkyk garaňky
bolsa.onda ol nähilli elhenç garaňkylykdyr! Hiç kim iki hojaýyna hyzmat
edip bilmez.Ol ýa birini ýigrenip,beýlekisini söýer,ya-da birine wepaly
bolup,beýlekisini äsgermezlik eder.Siz hem Hudaýa,hem baýlyga hyzmat edip
bilmersiňiz.

Gaýgy etmäň” Şoňa görä size diýýarin: näme iýip-içerin diýip janyňyzy,näme
geýerin diýip bedeňiňizi gaýgy etmäň.Jan iýmitden,beden egin-eşikden
gymmatly dälmidir? Guşlara serediň,olar ne ekýärler,ne orýarlar,ne-de
ammarlarda iýmit toplýarlar.Muňa garamasdan,gökdaki Ataňyz olary-da
iýmitlendirýar.Siz olardan has gymmatly dälmisiňiz? Siziň haýsy biriňiz
gaýgy edip,ömrüňizi bir sagat uzaldyp bilýarsiňiz? Näme üçin egin-eşigiň
aladasyny edýärsiňiz? Meýdandaky liliýalaryň nähilli ösüşine serediň:olar
ne zähmet çekýärler,ne-de ýüp egirýärler.Emma Men size diýýärin,hatda
Süleýman hem özüniň butin şan-şohratynda bularyň hiç biri ýaly geýinmandi.
Emma bu gün bar bolup,ertir ojaga taşlanýan meýdan otuny Hudaýy şeýle
geýindirýän bolsa,sizi ondan has artyk geýindirmezmi,eý imany azlar?

Şonuň uçin näme iýip-içeris,näme geýeris diyip alada etmäň.Bu zatlaryň
baryny butparazlar agtärýarlar,yöne gökdaki Ataňyz bularyň ählisiniň size
gerekdigini bilýar/Siz bolsa öňurti Hudaýýň Şalygyny we Onuň dogrulygyny
agtaryn,şonda bu zatlar hem size onuň üsüne goşulyp berler. Şonuň uçin
ertiri gaýgy etmän, ertir öz gaýgysyny özi eder. Her günün derdi özüne
ýetikdir”

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top