4:33

Maşgalada tertib ötürtýan ýürek

MP3

Salam gadrdanlar.Mukaddes Kitap biz aýallara gerekli we peýdaly bolan hemme
zady öwretýar. Ondan iň gowy ene,iň gowy aýal bolmany öwrenýas. Maşgalasynda
tertip ötürtyp,ony gowy dolandyryp bilen aýal iň tertipli we akylly aýal
hasaplanýar. Mukaddes Kitap bize tertipli bolmagy hem öwretýar.Onda şeýle
ýazylan:”Şonuň uçin-de men ýaş aýallaryň … öý işlerini
dolandyrmaklaryna ündeýärin. Şonda düşmanlarymyzyň olara myjabat almaga
tutarygy bolmas.”(! Timoteus 5:14). Uns beriň, bu aýatda “dolandyrmak” dien
söz bar. Bu öýüdi dolandyrmak we şol öýe bikälik etmek diyeni.Näme uçin
Mukaddes Kitabda ýaş aýallara aýratyn öwüt berilen? Çunki şol wagtda ýaş
aýallar öýme-öý gezip,boş gürlep,başgalaryň işine aralaşyp,gerek bolmän
gepleri geplänlär.Şonuň uçin hem aýallar öýme-öý girip,boş gürruň
etmaň,başgalaryň gybatyny etmän,öz öýlerini tertibe getirmekleri gerek.Bu
aýat her bir aýala degişli.Maşgalany tertibe getriýan,ony dolandyrýan aýal
diyeni bu maşgalanyň başlygy diyeni däl.Eger aýal dürmüşa çykkan bolsa äri
onuň başlygydyr.Eger aýal dul bolsa Hudaý onuň başlygy bolýar.Aýaly
häzirki zaman dili bilen aýdýan bolsak maşgalanyň menedjery diymek mumkin.
Isa Mesihyň amanat pul hakyndaky hekaýasyny ýatlaň.Bir adam öz mal-mülkini
hyzmatkärlerine amanat galdyryp özi uzak sapara gidiptir.Ol her bir
hyzmatkära öz başarjanlygyna görä mal-mülk galdyran. Hyzmatkärleriniň iň
gowysy,iň başarjanlyýsy Hojaýynynan magtaw eşiden.Bu hekaýa biz aýallaryň
öýi dolandyrmanymyzda hem dogry gelýar.Hudaý bize şol öýi,onuň maşgala
agzalaryny ynanyp tapşyran,olary gowy saklamak,dogry dolandyrmak we
tertipli bolmak biziň işimiz. Biz aýallar her güni Hudaý bize beren öýi we
maşgala agzalaryny dogry dolandyrmagymyz gerek.Bu uçin biz Hudaýyň onünde
jogapkärmiz.Dana we başarjan aýal wagty gelip dogry işleri uçin Hudaýyň
merhemeti we bereketine eýe bolýar. Martin Lýuter bu hakda şeýle diyen:
“Iň ulakan merhemet bu- öz işlerinizi ynanyp tapşyrýan aýalyňyzyň bardygy”.
Nädip her bir aýal Hudaý halany ýaly tertipsizligi tertibe
getirýan,maşgalasyny dogry dolandyrýan aýal bolmagy mumkin? Bunuň uçin
birinçiden öýini dolandyrmak Hudaýyň bizden isleýän iň gowy işi ekenini
düşünmek gerek.Buniň uçin öýini dolandyrmagy ýaratýan bolmagy şert
däl.Hudaý bizden öýimizi dogry dolandyrmagy soraýarmy ,ony islesek hem
islemesek hem etmegimiz gerek. Isleg we höwes soňundan,şol işleri etmäga
öwrenip galanymyzdan soň hem gelmagi mumkin. Öýi dolandyrmak Onuň biz uçin
maksaty.Oýi dolandyrmagy saýlamak Hudaýdaky iň gowy zady saýlamak
diyenidir.
Ikkinçiden bolsa öýi dolandyrmagy düpli kabul etmäkdir. Nämuçin? Çunki bu
dolandyrmagy Hudaý Öz maksaty uçin hem işletýar. Ýan
ýoldaşymyzy,çagalarymyzy söýmagimiz,öýimizi dogry dolandyryşymyz biziň
Hudaý uçin edýan hyzmatymyzdyr. Eger men öýde gowy dolandyrýjy bolup
bilmesem Hudaýyň hyzmatyny hem ýüzlaýn dolandyrýan hyzmatkär bolýan. Şonuň
uçin her bir tertipli aýal özi uçin maksat düzup almagy we maksatyna görä
öýini dogry dolandyrmagyny öwrenmagi gerek.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top