6:26

Ezekiýel şaýtlygy

MP3

Salam gadrdan diňleýji. Bu şaýatlygymyz Hudaý Ezekiýel paýgemberi nadip
paýgemberlige saýlany hakynda beýan edýar.Bu şaýtlyk dowamynda siz
Ezekiýel paýgemberiň haçan,nirede ýaşap,nahilli adam bolany hakynda bilib
alýanyz.Şo bilen bille Ezekiýel paýgember Hudaýy nadip göreni hakyndaky
maglumada hem eýe bolýanyz.Maglumatlara görä Ezekiýel paýgember eýamymyzdan
oň 595 ýylar töwereginde ýaşan.Onuň özi bu hakda şeýle diydi: “Kebar
kanalynyň ýakasynda sürgün edilenleriň arasyndakam, gökler açyldy we men
Hudaýdan gelen görnüşleri gördüm. Bu sürgünde bolýan wagtymyzyň otuzynjy
ýylynyň dördünji aýynyň bäşine boldy. Bu Ýoýakyn patyşanyň sürgün
edilmeginiň bäşinji ýylydy. Dördünji aýyň bäşine babyllylaryň ýurdundaky
Kebar kanalynyň ýakasynda Buzynyň ogly Ezekiýel ruhana[1] Rebbiň sözi aýan
boldy. Ol ýerde Rebbiň eli onuň üstündedi.”Ezekiýel 1:1-3).
Ezekiýel pygamberiň özi ruhany Bözünuň ogly bolan. Ol takmynan şol
wagtlarda 13 ýaşdan sagal ulakanrak bolan.Ol özünuň pygamberlige
saýlananyny şeýle suratlandyrýar: “Men demirgazykdan tupanly şemalyň
gelýänini gördüm. Şöhleli, üznüksiz ot saçýan äpet bulut gelýärdi, oduň
ortasynda ýakuda meňzeş bir zat ýalpyldaýardy. Buludyň ortasynda keşpleri
ynsana meňzeş dört sany jandaryň duranyny gördüm. Olaryň hersiniň dört ýüzi
we dört ganaty bardy. Aýaklary gönüdi, dabanlary göläniň toýnagyna
meňzeýärdi we ýaldyrawuk bürünç kimin şöhle saçýardy. Ganatlarynyň
astyndan, dört gapdalyndan ynsan elleri çykyp durdy. Dördüsiniň-de ýüzleri
we ganatlary şeýledi: olaryň ganatlary biri-birine degip durdy.
Jandarlar ýöränlerinde hiç ýana öwrülmän, her haýsy öz tarapyna göni
gidýärdi. Olaryň dördüsiniň-de ýüz keşpleri şeýledi: öňde dördüsiniň-de
ynsan ýüzi, sag tarapynda arslan ýüzi, çep tarapynda öküz ýüzi we yzda
bürgüt ýüzi bardy….Bu jandarlaryň görnüşi ýanyp duran oduň közlerini ýa-
da şamçyraglary ýada salýardy; ot jandarlaryň ortasynda dyngysyz hereket
edýärdi. Ot şöhle saçýardy we ondan ýyldyrym çykýardy. ..Men jandarlara
seredenimde, ine, dört ýüzli jandarlaryň ýanynda olaryň hersi üçin ýerde
bir tigir gördüm. ..Jandarlar ýöränlerinde, tigirler-de olaryň ýany bilen
ýöreýärdiler; jandarlar ýerden galanlarynda, tigirler-de bile ýerden
galýardylar. Ruh nirä gitmek islese, olar-da şol ýana gidýärdiler.
Jandarlaryň ruhy tigirlerdedigi üçin, tigirler-de olar bilen bile ýerden
galýardylar. Jandarlar ýöreseler, tigirler-de ýöreýärdiler; jandarlar
dursalar, tigirler-de durýardylar. Jandarlaryň ruhy tigirlerdedigi üçin,
olar ýerden galanlarynda, tigirler-de bile galýardylar.
Gümmeze çalymdaş, buz ýaly ýaldyraýan gorkunç bir zat jandarlaryň
kelleleriniň üstüne ýaýylypdy. Gümmeziň aşagynda olaryň ganatlary biri-
birine tarap gerilgi ýagdaýda gönelip durdy. Olaryň hersiniň bedenini
örtýän başga-da iki ganaty bardy. Olar ýöränlerinde, ganatlaryndan çykýan
sesi eşitdim: joşup akýan suwlaryň şaggyldysy, Gudratygüýçliniň sesi we uly
goşunyň gürpüldisi ýalydy. Olar duranlarynda, ganatlaryny aşak
goýberýärdiler. Ganatlaryny aşak goýberenlerinde, kelleleriniň üstündäki
gümmezden bir ses gelýärdi.Gümmeziň depesinde ýakut görnüşli tagtyň keşbi
bardy; tagtyň keşbiniň üstünde ynsan görnüşinde bir keşp bardy. Men keşbiň
bilinden ýokardaky görnüşini gördüm, ol içi tutuşlaýyn ot görnüşli
ýaldyraýan ýakut kimindi, keşbiň bilinden aşakdaky görnüşini-de gördüm, ol
ot deýin parlap, töwerek-daşa şöhle saçyp durdy. Daş-töwerekdäki şöhläniň
görnüşi ýagyşly gün bulutda peýda bolan älemgoşar kimindi. Bu Rebbiň
şöhratynyň görnüşiniň keşbidi.Men muny gören badyma ýüzin ýykyldym we
kimdir biriniň gepleýän sesini eşitdim. Gepleýän ses maňa: «Eý, ynsan ogly,
aýak üstüne gal, seniň bilen gepleşjek» diýdi. Ol geplände, Ruh içime
girip, meni aýak üstüne galdyrdy. Men Onuň özüme ýüzlenip gepleýänini
eşitdim. Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly, Men seni garşyma baş göteren
pitneçi millet bolan ysraýyl halkynyň arasyna iberýärin. Şu güne çenli olar
we olaryň ata-babalary Maňa garşy bolup geldiler. Bu halk dikdüşdi we
tekepbirdir. Men seni olaryň ýanyna iberýärin. Sen olara: „Hökmürowan Reb
şeýle diýýär“ diý. Bu pitneçi halk seni islese diňlesin, islemese
diňlemesin, ýöne olar öz aralarynda bir pygamberiň bardygyny bilsinler.
“(Ezekiyel 1:4-28,2:1-5).

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top