4:24

Akanyň günasi

MP3

Salam. Mukaddes Kitabda paýgemberlerden daşary sada adamlar hakynda hem
maglumatlar berilen. Mukaddes Kitaby ökanymda şoňa ýnandym-Hudaý hiç haçan
bir adam hakyndaky hekaýany ýa-da maglumady bikär bermýan eken. Ol şahsnyň
haýaty arkaly bize nämedir owretmagi hyýal edýar. Hoş Akan diýan şahs
barada eşitenmisiz?Ol nämesi bilen Hudaýyň nazaryna düşip Mukaddes Kitabda
ol hakynda ýazylmanyňa ýetişdi? Aslynda günä edip Mukaddes Kitabdan ýer
almany gowdy. Emma gyýnansak-da şonuň ýaly bolan. Nahilli güna eden eken
diyip gyzykýaňyzmy? Ol Eriho şaheri haraba öwrülenden soň Hudaýa bagş
edilen baýlyklary ögürlap öz çadyryna geýimleri arsyna ýaşyryp goýan.

Bu günasi uçin Hudaý Ysrayl halkyny jezaladi.Nädip diýaňyzmi? Yýsraýl halky
Ierihoňy basyp alansoň Ierihondan 24 kilometr günbatarda ýerleşen Aý
şaherine hüjüm etdiler.Bu şaheriň halky onçä köp däldi,emma Hudaý bu şaheri
olara bermedi.Bu söweşde Ysraýylyklar ýeňildiler.Şonda Ýyahudo we halk
ýaşululary Pent sandygy onunde ýüzin çökip Hudaýa ýalbardylar.Hudaý bolsa
aralarynda kimdir güna edenini malim etdi. Şol döwüriň adetlerine görä her
bir tire bir ýere toplandylar.Haýsy tire güna edenini bije taşlap
bilmekçi boldular.Bije Ýahudo tiresine düşdi.Ýahuda tiresiniň uruglary
birme-bir geldiler. Hudaý Zera uruguni saýlady. Zera urugunyň maşgalalary
birin izin geleninda bolsa bije Zabdy diýan kişiniň maşgalasyna
düşdi.Maşgala içinde bolsa Hudaý Akaňny günäkär edip saýlady.

Akan öz günasini boýun aldi:”Hakykatdanam men Ysraýyl Hudaýy Rebbiň önünde
günä iş etdim.Men olja alnan zatlaryň arasyndan oowadan Şingar donuny,baş
gadak kümüş hem-de agramy bir ýarym gadak bolan altyn tokgasyny görenimde
gözüm gidip olary ogurladym.Aşagyna kümş goýup men olary çadyrymyň içinde
ýere gömdüm” –diydi.(Ýeşua 7:20) Mukaddes Kitabda Akanňy Zabdyňyň
agtygy,Zeranyň çowlygy diyip tanyştyran bolsa hem,onuň ýaş çaga bolmäny
anyk.Ol öýlenen we çagalary bolan adam bolan.Bu gunki gunda imanly şonuň
ýaly işe el ursa :” Biçäre çagalaryny oýlap şu işi eden-da!” diýanler
tapylýar.Emma Hudaýa çyndan ynanan özüni Oňa bagyşlan adam bu işe
etmesdi.Imanlylaryň bu bahanalary oran ejiz we ýigrenji eşitilýar.

Çunki Hudaýi bilmän adam ryzkny Hudaý berişine ynanýar.Şol wagtda hem bu
zat oraň biabraý ýagdaý bolup diňe günä eden kişi däl butin maşgalasy
jezalanan.Ysraýyl halky Akanňyň ögzrlän zatlaryny ögul-gyzlary,mal-
goýunlary,eşekleri,çadyrlary we ähli emlägini özi bilen bille Akor
julgesine alyp geldiler we daşlap öldürdiler we olary oda ýakdylar.Hudaý
günäni jezasyz galdyrmaýar.Bu gun hem şaýtan imanlylara baýlyga höwes
ruhyny döretýar. Kä wagtlar ögürlamaga golaý pursat hem berýar,emma şonuň
ýaly golaý ýagdaýda hem Hudaýa sadyk galan we şaýtanyň gyzykdyrmasyndan
üstin çykan imanlydan Hudaý hoşal bolýar. Hudaý her birimize Şeýtanyň was-
waslygyny özüne garşy işlatmäga guýiç bersin.Omin! Ezizler haýatymyzda
düşüşyp dürýan ryhýi meseleler hakynda bilmegi isleseňiz biziň saýtymyza
girip görüň we olar bilen tanyş boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top