Salam ezizler. Mukaddes Kitabdaky şahslar hakyndaky täze radiogepleşigimizi
ünsiňize ýollaýars.Bugun Mukaddes Kitabdan iň kiçi ýeri eýlän bir şahs
Ýagbes hakynda gepleşýas. Hudaýy her wagty dileglerimize jogap berýar.
Muňlab imanlylar ybadatlaryna täsin ýgdaýda jogap alanlar. Yone Mukaddes
Kitabda käwagtlar ünussiz ökap geçilýan bir ýer bar,şol aýatlarda ýazylan
Ýagbesyň haýaty we dilegleri arkaly biz ymanlylar bugun hem köp zada
öwrensek bolýar.Ýagbes Ysrayl Hudaýyna ýalbardy.Mukaddes Kitabda Ýagbes
hakynda ýazylanlary üns edaýliň:”Ýagbes atly adam bardy,ol doganlarynyň
arasynda iň abraýlysydy( Ýyl ýazgylarynyň 1 kitaby4:9) Ýagbes Hudaý uçin
häzirki ýagdaýyndan köpak ähmiýetli bolmagy we Hudaý uçin köpak zady
etmagi islan.Hudaý bolsa onuň ybadatyna mynasyp sylag etdi.
Ýagbes eden işlerine seretib däl,etmekçi bolýan işleri uçin ybadat
edýady.Mukaddes Kitabda ýatlap geçilen Ýagbes hakyndaky ine şol kiçi böleg
bize we size Ýagbes ybadatynyň beýik hakykatyny açyp berýar. Ýagbes
Mukaddes Kitabdan tä Musa ýa-da Dawud ýaly ulakan ýeri eýelemäýar.Yone
onuň haýatyndaky kiçik özgeriş bir näçe eýýamlardan bari ymanlylaryň
haýatyny hem özgertip gelýar. Ýyl ýazgylarynyň kitabynda Ýagbes hakynda söz
barýaka ondan önçe Ýahuda nesliniň şejeresi sanap geçilýar.”Ýahudanyň
ogullary:Peres,Herson,Karmy,Hur we Şobal…”Bu atlar entek başlanyşy,ondan
soň ene atlar sanawlary dowam edýar:”Ahymaý, Ýýşma,Ýydbaş,Haslelpon
,Anub…” we şeýle .Bu kitaby ökasanyz tukat bolýanyz,yone Mukaddes
Kitabyň şol ýerlerini dykgat bilen ökamakda dowam ediň.Çunki dörtunçi
bapdaky kyrk dört atdan soň atlar sanawlary birdanikä bölunup aşakdaky
aýatlar başlanýar:
“…Ýagbes doganlarynyň arasynda iň abraýlysydy.”Agyry bilen
dogurdum”diýip,ejesi onuň adyna Ýagbes dakdy.Ýagbes:”Meni ýalkasadyň,meniň
çäklerimi giňeltsediň,meniň bilen bolup,meni azapdan we ýamanlykdan
gorasaýň” diýip Ysraýylyň Hudaýyna dileg etdi.Hudaý onuň islegini ýerine
ýetirdi”(Ýyl ýazgylarynyň 1 kitaby 4:9-10).Mukaddes Kitabdaky adlar
sanawlary arasyndaky Ýagbes hakyndaky maglumatlar kişini çyndan hem düýpli
oýlandyrýar. Hudaý bu ynsan hakynda biderek ýatlab geçmän.Ýagbes hakynda
ýazylyşynyň sebäbi nämede? Mukaddes Kitaby ökap ol hakynda şeýle pikre
gelmagimiz mumkin:1) Bu ynsannyň haýaty göz görüp gulak eşitmän ýagdaýda
ýaman başlanan.
2)Ol oran endiksiz gep bilen ybadat eden.3)Onuň haýatyndaky wakalar
üýtgeşik görünüşde gowlaşan. Ýagbesyň adyý we dogrudan-dogry eden ýbadaty
onuň haýatyny butinleý özgertip iberdi. Ýagbesyň ybadatyndaky her bir
dilegi siziň hem haýatynyzy özgertip ibermegi anyk. Aramyzda köp imanlylar
Hudaýdan nahilli soramagy we nahilli almagy bilmýarlar.Hudaýy merhemeti we
bereketini boll bermagi isleýar.Onuň perzentleri özlerini çäklän
ýagdaýda ýaşamaslyklary gerek.Siz hem tä Ýagbes ýaly Hudaýa: Meni bol
bereketle,agry däl peýda gelsin,meniň ýerlerimi giňeltir”,-diyip ybadat
ediň