Ezizler bugun geçen gezekki gyzykly söhbetimizi dowam ettirýas. Bu
söhbetler siziň pikirlerinizi butinleý özgertirýanyna ynanýan. Hyzmatçy
Mesihde özünuň kimdigini bilmegi gerek. Olor mdama merhemet bilen söýgüli
ekenini ýatda saklamaklary gerek,hyzmatçy özünuň möhümdygyny subut
etmegi şert däl. Hyzmatçy uçin onuň durýan ornyna dogry gelmaýan işiň özi
yok. Olor her bir işi howes bilen kabul edýarlar. Mukaddes Kitabda bunuň ýaly
hasiýete ajaýyp nusga berilen. Yadyňyzdamy Isa şagirdleriniň aýaklaryny
ýuwupty.Aýak ýuwmak hyzmatyny köçede aýakgap arassalaýan oglanyklaryň işi
bilen deňleşdirip bolýar. Emma Isa özünuň kimdigini bilýady şonuň uçin hem
bunuň ýaly iş onuň durýan ornyna zyýan etirmesdi.
Ýhanna 13:3,4 aýatlarynda: ”Isa Atasynyň ähli zady Öz ygtyýaryna
berendigini,Özünuň Hudaýdan gelip,Hudaýa gitjekdigini bilýärdi. Şonuň uçin
Ol naharyň başyndan turup,donuny çykardy-da bir ýaglyk bilen bilini
guşady.” Eger siz hakykatda Hudanyň hyzmatçysy bolmakny isleseniz Mesihda
öz örnünuzy bilmegiňiz gerek. Diňe öz örnüny bilen adamlar hyzmat edip
bilýarlar.Öz örnüny bilmaýanlar başkalar olar hakynda näme öýlaýany bilen
meşgul bolýarlar.Siz Isada öz örnüňuzy näçe bilseniz şonça başkalara hyzmat
etmäk islegi güýçli bolýar.Masihda öz ornüny bilen huzmatçylar özlerini
goranyş gabygyna oramýarlar we işlerini artdyryp görkezmýarlar. Olor
abraýly at almak uçin ýa-da görmegeý giyým geýmege çalyşmýarlar.
Eger kimdyr biri öz durýan örny ýa-da ady bilen magtanmagy gerek bolsa
,Isanyň inisi ýaly Ýakup magtansa bolordy,emma ol öz hatynda özüni
“Hudaýyň we Isa Masinyň guly “-diyip atlandyrýar.Hyzmatçy näçe Isä ýakyn
bolsa şonça özuni beýglemegiň hajaty galmaýar.
Hyzmatçy Hudaýyň oňa beren hyzmatyny borç diýip däl mümkinçilik
diyip bilýar. Olar başkalara hyzmat etmekden,mätäjlere kömek bermekden we
hyzmat etmekden gaty şatlanýarlar. Olor Hudaýa begenip hyzmat edýarlar.
Olor näme uçin Hudaýa begenip hyzmat edýarlar? Çunki olor Hudaýi söýarler
we onuň merhemetinden minnatdar.Hyzmat etmek haýatyny bagyşlamak mumkin
bolan iň ulakan işdir.Olar Hudaý oloryň hyzmatlaryny sylaglaýyşyny hem
bilýarlar. Ýhanna 12:26 aýatynda Isa :”Maňa hyzmat eden adamy Atam
hormatlar”-diyip aýdan.
Resullerden Pawlus bolsa :” Ol siziň işiňizi,Onuň adyna görkezen
söýgiňizi unutmaýar”-diyip aýdan. Göz önünuze getiriň,eger butin dünýadäky
imanlylaryň b diňe 10 paizi gaýrat bilen hyzmat edýan bolsalar hemme gowy
işler berjaý edilen bolordy.Siz hem şonuň ýaly adamlar hatarynda bolmagy
isleýaňyzmy?Bu hyzmatda siziň ýaşyňyzyň ähmieti yok.Eger hakykatda hyzmat
etmägi isleseňiz Hudaý sizi elbetde işletýar.Albert Şweýtzer :” Diňe Hudaýa
nahilli hyzmat etmekni bilenler hakykyý bagtly adamlardyr”-diyip
ýazýar.Siz hem hakykatda bahtly bolmagy ýa-da bolmasa hakykýy baht
nämedigini bilmagi isleseňiz hyzmatçy bolup görüň..Siz buny başarýaňyz.Buňa
ýnanýas.