Salam,güýz bi diňe bir ýaprak düşme döwür ýada gyşyň başlanyýşy bolan gamly bir pasyl däl.Munuň başga tarapyna serediň.Güýzde doly pişmedik miwe we gök önümler galmaýar.Bu oran orak orma we ýygym wagty.Bolçylyk we hasyl ýygnaýan wagt.Bu wagtda adamlar oran şadýan bolanlar.Önümizde asuda gyş we ýyly peç ýanynda geçýan günler gelýar.Baýramçylyklar başlanýan wagt hem ýakyn.Aslynda Hudaý insana her gün baýram bolmagyny niýet edendi.Mukaddes Kitapda Hudaýyň merhemeti hakda şeýle diyip ýazylan:” Her bir oňat we kämil peşgeş ýokardan, gökdäki yşyklaryň Atasyndan gelýändir. Ol hiç haçan üýtgeýän däldir, Onda üýtgemekligiň ýokundysy hem ýokdur.” Biz aslynda bizdäki hiç hilli ýagşy zada laýyk däldiris.
Olar Hudaýyň söýgisi,halasgär merhemeti sebäbli haýatymyza akyp girýar.Mende Hudaýdan gelýan hiç hilli bereket ýok diýip oýlaýanyzmy? Onda sanap görüň! Hudaý size ýar bolsun.Meniň käbir tanyşlarym bu pikrleri özleşdirip alanlar.Her gezek düşüşanymda “Ýagdaýlaryň nahilli”diyip sorasam,”Laýyk bolanymdan soň änçeme ýagşy”diyip jogap berýar.Käbirlere bolsa munuň ýaly jogap ýaramaýar.Belki ýaramaýanynyň sebäbi bu gep garşy gaýtalanwerenden soň gadry we asly manysyny ýitirip goýmak ähtymaly bardygy uçindir.Ýone meniň pikrimça bu jümleni aýdan her bir masihyý munuň hakykyý manysyny ýitirmezligi uçin güýçli hereket etmegi gerek.Aslynda biz näme laýykdiris?Çarlz Sperjen diyen ýzyýji özünuň dünýagaraýyşyndan gelip çykyp däl,resul Pawlusyň geplerinden gelip çykyp şeýle diydi:”Insan diri we dowzahdan daşda eken,şikaýat etmäge hiç hilli sebäb ýok”.
Bu Hudaý bize aýdýan emrlerinden biri.Ýone nämuçin Hudaý bize nalamaň diyen?Çunki haýatynyza nämeler gelmesin ol siz laýyk bolanynyzdan ýagşyrak.Munuň ýaly pikri çyndan hem eden günalerimiz uçin Hudaýyň adalatly hökümine laýyk ekenini ýagşy bilýanler kabul edip bilýärler.Çunki resul Pawllus hem Mukaddes Kitapda bu hakda :”Günaniň öwezi ölüm”diyen.Mukaddes Kitapdäky prinsiplere seredýan bolsak,her bir işçi öz edýan zähmetine görä sylaglanmagy gerek.Şol wagtda bu nakyly hemmä ýagşy düşünýardy.Her kim ekenini örýar,diyen nakyla menzep gidýar.Emma mesele –biz ekkenimiz günä-örýanymyz bolsa Hudaýyň adalatly hökümi. Hudaýa we başgalara bolan aragatnaşygymyza seredip dowzahdan başgasyna laýyk däldigimizi görýas.Siz günani näçe yiti ekenini entek bilmeseniz gerek.
Emma Hudaýa şükürler bolsun,bu haýat otlymyz barýan soňky mesgen däl.Elbettde güna uly,ýone Mesih ondan hem eýk.We Isa Mesih arkaly Hudaý bize dar ornüna merhemeti,dowzah ornüna jennedi,höküm ornüna rehim-şepagaty sowgat etdi.Mukaddes Kitapda hem şeýle ýazylan:”Ol şepagatsyz adama rehim etmeýar.Rehimli insan bolsa höküm wgtynda Hudaýdan şepagat tapýar.” Biz laýyk bolmadyk zada eýe bolmak- merhemetdir. Çunki biz oňa öz hereketlerimiz bilen ýetişip bilmezdik. Mukaddes Ruh bolsa bu merhemetini palta ýaly işletýar.Ol bizdäki gopbamlygyň duýbine palta urýar. Güna bolsa biziň özümiz hakymyzda oran möhüm adam diyip bilmegimize öwredip goýan.Foriseý bilen salgytçy hakdaky hekaýa ýadynyzdamy? “Fariseý durup, özi hakda içinden: „Hudaýym, men käbir adamlar ýaly talaňçy, pis, zynahor däldigime, hatda bu salgytçy ýaly-da däldigime Saňa şükür edýärin. “Biz hem käwagt ine şonuň ýaly gopbamsylygyň düzagyna düşip galmagymyz mumkin. Şeýle eken seresap boluň.Hudaýyň onünde hemişe özünizi kiçigöwünli tutuň.