Salam hormatly doganlar.Siz bilen duşuşup duranymyzdan Hudaýa şükürler aýdýas.Hormatly doganlar häzirki gunde jemagatlarda koplap aýanlyklar hakda geplenýar.Hatta koplap doganlarymyz aýrym aýanlyklar hakda şaýatlyk hem berýarler.
Bu mowzukda siziň pikriniz nahilli?Bugun şu meselede biräz togtasak.Her hilli hakykat insanlara Hudaý tarapyndan berilýar. Diňe Hudaý şu aýanlyklary ýada hakykatlary açyp berse biz şu hakda bilmegimiz mumkin.
Tersine biz insanlar özümizçe hiç zady bilmagi başarmaýas.Hudaý hakykatlary ikki hil adamlara açyp beren diyip aýtmagymyz mumkin.Birinjisi bu paýgemberler.Hudaý paýgemberler bilen dogrydan-dogry gepleşen.
Meselen,Musa,Işaýa,Daniýel paýgemberler şolar hataryndandir. Meselen,Hudaý Musä dünýany nadip ýaradany hakda aýanlyk berdi.Eger Hudaý bu hakda Müsä açyp bermaninde Musa belki ýaradylyş hakda umumman bilmezdi.
Ikkinji turdak açyklyk alanlar bu resullerdir.Hudaý Täze Äht döwründe Pawlus,Petrus,Matta ýaly resullere kop aýanlyklar berdi.Hudaý Pawlusa iman bilen aklanmak hakdaky hakykatyny açyp berdi. Bolmanda Pawlus iman bilen aklanmak hakda bilmän bolardy.
Biz insanlar näme uçin Hudaý Öz hakykatlaryny edil şu ikki görünişdaki insanlara açyp berenini bilmeýas.Ýone Hudaý olara şu hakykatlary açyp berenini anyk bilýas.Meselen Rimlilere hatynyň 1 bap 17 we 18 aýatlary,1 Korintoslylara hatynyň 15 bap 3 aýaty,Galatiýalylara haty 1 bap 11 we 12 aýatlarynda şu hakda okäp görmegiiz mumkin.
Hudaý şu ýokarda adlaryny görkezen insanlara gerekli hakykatlary açyp bermanindw biz diňe bir olar hakda,belki olara açyp berilen möhüm hakykatlar hakda hem bilmän bolordyk.Şonuň uçin hem geljek nesile Hudaý hakda we Rebbimiz Isa Mesih hakda kop aýdyp bermegimiz gerek bolýar.
Geljek nesil bolsa öz perzentlerimizdir.Hudaý biz ýokarda adlaryny dile alan insanlara hakykatlary açyp berdi.Şu bilen bille olara ýolbaşçylyk etdi we şu hakykatlatlary ýazyp almaklary uçin olary ruhlandyrdy.Çunki adamlara bu hakykat dine dilden däl,belki ýazma ýagdaýda hem ýetip gelmegi gerekdi,goý geljekdäki insanlar şu hakykatlara ynansyn we amal etsin diyip.Ezizler bary insaniýet Hudaýyň hakykatlaryna amal edýarmy?diyen sorag bilen mowzugymyzy gutarýas.Höş sag aman boluň.