4:25

Diňe bir näçe güne

MP3

Salam ezizler.Bugunki şaýatlygymyz hem geçen asyryň 1997 ýyllarynda Bangladeşyň Mimensih diyen ýerinde bolup geçen.Bu şaýatlygy Mira Jarali diyen imanly ýazyp galdyran.Waka ine şeýle bolan eken:” Otyz Masihyý maşgalany mesjid onünde duryzyp göýup,oloryň töweregini gurşap alýarlar. “Ýagşysy Mesihiýliginizden geçip Musurmanlygy kabul ediňler”,diyip gyýgyrýadylar üýşmeleň adamlar.”Eger biziň gepimize girseniz,size ýardam berýas.Eger beýle etmeseniz öleniňizçenli urýas.” Mira Jarali bilen onuň maşgalasy başga imanlylar arasyndady.Ol şol wakany şeýle ýatlaýar:” Biz olor arasynda täze masihýydyk.Bu zat musulmanlary oraň gazaplandyrýady. Mesihiýlerin ikkimji nesline seredende bizden koprak gazaplanýadylar.

Şol güni irden her bir imanly aýallar we çagalar hem Musulman ýaşullylary onunde dort sagat aýak üstinde durdylar. Her bir maşgalany soraga tutdylar.Miranyň nowbaty gelende soraga tütýanlar onünde dürup “ Siziň dininizde halas bolmaga we jennete düşmege umyt ýok.Indi mende Mesih bar we men özümi doly düýan,çunki Mesih meniň günalerimi bagyşlady we Hudaýyň şälygyna girmaga umytym bar.” Buny eşidenden soň musulmanlaryň oraň gahary gelip hemme masihyý maşgalalary obadaky guýysyndan suw içmagi gadagan etdiler.Şol günden başlap her bir masihyý maşgala bir kilometrdan daşrak ýerden suw alyp gelmaga mejbur boldylar.Soň bolsa Mira bilen başgalary obadan suw ogurlanlyklarynda aýpladylar.Şondan soň näme bolanyny Mira oran ýagşy ýatlaýar.

“Mirşablar gelip meni urdylar,depdiler we ottüz güne tussaga aldylar.Meni we ýene bir masihyýny arkama-arka edip baglap goýdylar.Bizi dört gün dinygsyz urup altmyş musulman tussaglaryň arasyna basyp goýdylar. Musulman tussaglar biziň ýagdaýymyza gýnandylar. “Siziň Masihýy bolanynyz özüniz uçin ýagşy”-diydiler olar Mira.”Siziň haýatynyz biznikä görä dynç.Musulmanlar hiç haçan parahatçylykda ýaşamagy bilmeýarler.Olor hemişe biri-biri bilen uruşýarlar.”Miranyň ärini obanyň musulman ýaşylysy alyp galdy.Hatta Miranyň göwreli ekenine hem rehim etmediler.Ol tussagdalygynda hem Miranyň maşgalasynyň agzalaryny gelip urup-depkileb gitdiler.Oba köçelerinden ýöreseler öten-geçen musulmanlar laý atypdylar.

Bundan başga Masihiýleriň her birine gijesi hüjüm edenler.Şonda käbir masihýler imanda boluşlaryna seretman bu kynçylyklardan özlerini ýitirip goýmanlar.”Biz şonda Hudaý bizi taşlap goýmanyna,ruhymyzy düşurmäni uçin şükür edýas.”Isa Mesih bizi bu dünýa bar ýogy bir näçe günlik myhman ekenimizi aýdandy.Biziň Gökde bu ýerdakinden hem ýagşyrak haýatymyz bar.Ol ýerde Hudaý bilen ebediý haýat geçirýas.” Resullerden Pawlus Miranyň geplerine menzeş gepleri aýdypty: “Şoňa görä-de, biz ruhdan düşmeýäris. Biziň daşky barlygymyz könelse-de, içki barlygymyz günsaýyn täzelenýändir. Çünki ýeňil we wagtlaýyn muşakgatlarymyz bize juda ajaýyp, beýik we baky şöhrat gazandyrar. Şonda bu muşakgatlar edil bolmadyk ýaly bolar. “(2-ji Korintodlylara 4:16-17).

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top