Salam gadrdan doganlar.Bugun Musa paýgemberiň agasy Ysraýyl halkynyň ilki ruhanyýsy Horun hakda söhbetleşmagi makul gördik.Hudaý Musany halka başçy edip taýynlandan başlap Horun onuň sag eline öwrilendi.Musa halk uçin Hudaýyň örnünda bolsa,Horun Musä agyzdy.Horun oran uzak wagt Hudaýa we Ysraýyl halkyna hyzmat etdi.Ömri soňlap galan wagtynda….Söhbeti Mukaddes Kitapda ýazylan böleklerden döwam ettirsek,näme bolanyny dereww düşünip alýanyz.” Bütin ysraýyl halky Kadeşden göçüp, Hor dagyna gelip düşdi. Onsoň Reb Musa bilen Haruna Hor dagynda, Edom topragynyň serhedinde şeýle diýdi: «Harunyň ölüp, öz ata-babalaryna gowuşmaly wagty ýetdi. Ol ysraýyllara wada beren ýurduma girmez.
Hudaý Horuňy hem Musany hem Özi wada eden ýere girmes diyip wada berendi.Näme uçin beýle diyenini bilýaňyzmy?Hudaý sözüni dowam ettrip şeýle diydi:” , sebäbi siz Meriba çeşmesiniň ýanynda Meniň buýrugyma boýun egmändiňiz. Haruny we onuň ogly Elgazary ýanyňa al-da, olary Hor dagyna çykar. Harunyň egninden ruhanylyk lybaslaryny çykaryp, olary ogly Elgazara geýdir. Harun bolsa şol ýerde ölüp, öz ata-babalaryna gowşar». Musa Rebbiň buýruşy ýaly etdi. Ähli halkyň gözüniň önünde olar Hor dagyna çykdylar. Musa Harunyň egninden ruhanylyk lybaslaryny çykaryp, onuň ogly Elgazara geýdirdi. Harun bolsa şol ýerde, dagyň depesinde jan berdi.” Horunyň geýmlerini ogluna geýdirileni atasyndan soň ogly ruhanyý boluşyny aňlatýar.Horun ömrüniň sonky günlerini ýaşaýandy.Onuň öliminden oň Hudaý halkyna başga ruhanyý saýlamagy gerekdi.Oň özi aýdýşy ýaly diňe Horunyň neslindekiler Hudaýyň ybadathanasynda ruhanyý bolup bilerdiler.
Şonuň uçin Elgazar atasynyň ýerine ruhanyý bolup galdy.Musa paýgember Hudaý aýdyşy ýaly etdi.Hemmaniň göz onünde daga çykyp gitdiler.Musa agasy Horunyň geýimlerini Elgazara geýdirdi. Horun bolsa şol dagyň depesinde öldi.Musa bilen Elgazar dagdan düşdüler. Harunyň ölendigini gören bütin ysraýyl halky otuz günläp onuň üçin ýas tutdy. Näme uçin Horun Hudaý wada eden ýere girmedi.Hudaý bilen halk ortasynda ruhanyý bolmaga laýyk adam beýle bagta mynsayp dälmidi?Bunuň sebäbi bar.Hudaý aýdan hiç bir zat ýok bolup gitmeýar.Hudaý dagda Musä on emiri beren wagtynda Halk Musanyň dagdan yzyna dolanman, ol ýerde köp eglenenini görüp, Harunyň daşyna üýşdüler we oňa: «Öňbaşçylyk eder ýaly, hany, bize bir hudaý ýasa, çünki bizi Müsürden çykaryp getiren Musa diýen adama näme bolanyny biz bilemzok» diýdiler. Halkyň köpligimi ýada olary dolandyrmaga guýji we eradasy ýetmanindemni Harun olaryň aýdyşy ýaly iş tutdy. Ine şo onuň ullakan ýaňlyşy boldy.Hudaýyň bardygyny bilip durup Oňa şübhe etdi.Şonuň uçin Hudaý Horun _Men wada eden ýere girmeýar diyip emr etdi.Musa bilen bille ýörip Hudaýyň emrlerini eşiden,tasinliklerini gören Horun halkyň jenjellerinden aljyrap galdy. Iň esasyý hakykat Hudaýyň bardygy Onuň emrleri uzgermeýanyny ýatdan çykaryp goýdy. Ine şeýdip Hudaý onuň ömrine Hor dagynda netije çykardy Ezizler Mukadde Kitapda atlary bellenen şahslar haýaty bilen gyzyklansanyz biziň saýtymyza girin.