3:14

Mukaddes Kitapy öwrenýas

MP3

Salam eziz doganlar,siz ezizler bilen ýenede sag aman duşuşmaga mumkinçilik bereni uçin Atamyz Hudaýa şükürler bolsun. Eziz doganlar,näme uçin Hudaýyň Sözini okap öwrenmek möhüm diyip hasaplanýar?Sözi şeýle bir okap çykmagyň özi ýeterli dälmi-na?

Menimçe,şu sorag kopçiligi gyzyklantyrmak bilen bille,kopçiligimiz şu soraga ýeterliçe jogap hem bilsek gerek.Geliň eziz doganlar,men size bir bolup geçen wakany geplep bereýin,belki şu wakadan soň kopçiligimiz ýokardaky soraglara jogap alsak geň däl.

Bir gun bir agamyzyň onüne bir dogan gelib:”Bu Ynjyl okamak usuly özi näme gerek?”diyip sorap galyptir.Çunki bu agamyz Ynjyly dogry okamak usuly hakda başgalara öwredýandy. Ol buňa hiç zat diyip jogap bermedik.Aradan änçe wagt geçenden soň,şu adam ýenede agamyzyň onüne gelip:”Agam,maňa bir imanly adam kompyuterler şeýtandan diyip aýtdy we Ynjyldan bir ýerini görkezdi”-diyiptir.

“Siz buňa näme diyip jogap berýanyz?”-diyiptir.Agamyz seredip durup:”Bilmeýan”,-diyip gysga jogap beriptir.”Ahrym bir maslahat beriň haýyşt”-diyip ynjalyk bermanson,agamyz oňa seredip:”Gördünmi,Ynjyl okamak usulyny öwrenmek nahilli möhüm”-diyiptir.

Meniň aýtjak bolanym,biz Ynjyldan aýatlary çekip alyp her hil zat aýtmagymyz mumkin.Şonuň uçin hem Ynjyl okamak usuly oran möhüm.Mukaddes Kitap-bu biziň haýatymyzyň dolandyryýjysy.Hudaý Sözi Hudaý tarapyndan bize beren ebediý we özgermeýan hakykat ölçeglerine eýedir.

Zebur kitapynyň 118 bap 89 we 91 aýatlarynda : “Ýa Reb, Seniň sözüň göklerde baky berkarar boldy.Wepalylygyň dowam edýär nesillerboýy,Sen dünýäni gurduň, ol hem mäkäm dur. Ähli zat şu güne çenli belleýşiň dek dur,çünki olar Saňa gulluk edýärler.”Mukaddes Kitap-başga hemme zatlar uçin ölçeg bolup hasaplanýan bar hakykatdir.

Ol bize näme hakykat we näme ýalan ekenini açyp berýar.Biziň pikrlerimiz bu dunýanyň täsiri astynda bözülan.Biz dogry pikirlep bilmeýas. Diňe Hudaýyň Sözi arkaly biz dogry pikirlemagimiz mumkin.Eger biz dünýa seredip ýaşaýan bolsak,tä dört aýagymyz bolup durup,uç aýak bilen ýörýana menzeýas.

Elbettde,Hudaýyň Sözi biziň haýatymyzda”ýol görkeziýji”hasaplanýar.Mukaddes Kitap bize haýatdaky umummyý ýollamalary tä şonuň ýaly gündelik haýatda nahilli ýaşamak gerekdigi dogrusynda anyk görkezmeleri hem berýar.Şonuň bilen ezizler möwzugymyz öz sonuna ýetdi.Höş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top