4:42

Matta

MP3

Salam gadrly doganlar.Isa Mesihyň ilki izdeşleriniň arasynda Matta diýen resul hem bardy.Ol hakda birinji gezek Matta 9 bap 9 aýatynda,hemde Matta 10 bap 3 aýatlarynda ýazylan.” Isa şol ýerden geçip barýarka, salgyt ýygnap oturan Mattany görüp, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. Ol hem turup, Onuň yzyna düşdi. “ Mukaddes Kitapda onuň ady resulleriň arasynda tiz-tiz dile alynsada,onuň gelip çykyşy hakda maglumat berilmedik.Matta Höşhabaryna göşmaça ýagdaýda Luka we Mark Höşhabarlarynda ýazylan maglumatlara görä,onuň hakykyý ady Alfeý ogly Lewidi.Isa ýoldan geçip barýarka, salgyt ýygnap oturan Alfeýiň ogly Lewini görüp, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. Ol hem turup, Onuň yzyna düşdi.”. “Matta” ady oňa soň berilen at bolsa gerek.Lewi birinçi asyrda ýaşan Jelileli salgyt ýygnaçy bolan.

Jelile şol wagtda Ýahudiýa ýerine girmezdi.Onuň kärine seredýan bolsak,ol Arameý we grek dillerinde taglym alan bolmagy gerek.Onuň döwürdeşleri ýahudiýler oňan ýigrenenler,çunki ol Rim imperiýasyna hyzmat ederdi.Isa Mesih oňy yzynan eýermage çagyranyndan soň,Matta Isa Mesihy we başgalary özünuň öýine çagyrdy.Foriseýler bolsa Isa Mesihyň salgytçylar we günakärler bilen bille ötüranyny görüp,ony tankyt etdiler.Täze Ähtda Isa Mesih yzynan eýerenler arasynda Masihyň Göge göterilenine şaýat bolan resullerden biri hasaplanýar.Soňra döredilen jemagadyň ruhanyýlaryndan biri Iraniusyň ýazyşy boýunça Matta başga döwletlere barmazdan oň ýahudiýlere Höşhabar ýetiren.Gadymky elýazmalarda ol haýsy döwletlere barany hakda anyk maglumat berilmendir.

Katolik we Prawoslaw serkowleri Matta azap berip öldirilenini belläp geçýarler.Matta Höşhabarynyň awtory Mukaddes Kitapda görkezilmedik.Ýone eýamymyzyň 100-140 ýyllarynda ýaşan Episkop Parias Heratýulisyň ýazyşyna görä,Isa Mesihyň şägirdi Matta Isa Mesihyň aýdanlaryny ýewreý dilinde kagyza düşürip ýygyp baran.Şu sebäbli bu Höşhabar Matta Höşhabary diýip atlandyrylan.Üçinji asra gelip,Matta Isa Mesihyň haýaty we aýdanlaryny ýazyp alan elýazmalar ýahudiý-masihiýler arasynda kop okulýan boldy.Jerom Epifaniusyň we başgalaryň sitatalarynda şu elýazmalardan bölekler getirilen.Indi Gurhan kitapyna seretsek,onda Isa Mesihyň şägirdleri hakda gep gidende atlary getirilman,şeýle bir” Hudaýyň işi ýardamçylary”diyip ýazylan.Emma Gurhana getirilen düşündiriş kitaplarynda Isa Mesih şägirdlerinden Matta we Idris atlary getirilen.

Onda ýazylyşy boýunça,şu ikki şägird Efiopiya(Afrika dowletine däl,Kaspiý deňizi ilerinde ýerleşen Efiopiýa diyen ýere)Hudaýyň Höşhabaryny ýetirmek uçin baran.Gýnansakda Mattanyň Isa Mesih resuli bolmazdan onki haýaty hakda kop zat bilmeýas. Bilenimiz,Mukaddes Kitapa görä,atasynyň ady Alfeý bolany we salgyt ýygnakçysy bolanyndan artyk maglumat berilmedik.Onuň hakykyý ady Lewi bolan bolmagy mumkin.Çunki ýadynyzda bolsa,Petrusyň hakyký ady Simundy.Ýone Isa Mesihyň şägirdi bolanson,Mesih oňa Petrus ,ýagny “däş”diyen ady berdi.Mesihyň bir näçe şägirdleri Masihyň hyzmatyna göşulandan soň atlaryny özgertenler.Matta ady ewreýleriň dilinde “Ýahweniň sowgaty”diyen manyny bildirýar.Özünuň döwrinde Matta Rim Imperiýasyna hyzmat edip,ýahudiý halkynan alynýan salgyt ýygnaçysy bolan.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top