Salam ezizler.Sözüň danalygy diyip atlandyrylan programmamyza hoş geldiniz.Mähriban sözi durli adamlar uçin şonuň ýaly kop many berýar,Hudaýyň mähribanlygyny öwrenmek bunuň ýaly ýagdaýda gysgaça teswirlemekden başlanýar.Bu sözüň manysyny diňe kop sanly sinonimlardan peýdalanyp durli ýollar bilen bir karara gelen ýagdaýda düşünmek mumkin.
Masihiýlik yktykady Hudaý mahriban diyip suratlandyrylan wagtda Onuň hakykatçyl ýada mukaddesligine seredende nahillidir başga zatlar hakda gepleýar.Hudaýyň mukaddesligi gökde ýokary şöhratlanylýar we bu şöhratlandyrmagyň ýaňlanmasy –Hudaý her gezek Özüni adamlara görkezýan wagtynda ýaňlanýan ýer ýüzindaki ruhanýlar we akldarlaryň sesidir.Ýone biz häzir Hudaýyň mukaddesligini däl,belki Onuň mähribanligini görup çykýas,bu bolsa butinleý başga zatdir.
Hudaýyň mähribanlygy-bu Oňy mähr-şepagatly, mylaýym, geçirimli bolmaga we adamlara görä haýyrly dilekler bilen dolup däşmaga çagyrýan häsiýetdir.Hudaýyň galby şepagat we hoşniýetliligi görkezýar we Onuň ahli aňly barlyga degişli aragatnaşygy hemişe açyk,mulaýym we dostana ýagdaýda bolup galwerýar.Öz tebigatyna görä Hudaý adamlara parahatçylyk berýar we Öz halkynyň bahbitinden Oňuň galby şatlyga dolýar.
Mukaddes Kitapyň her bir sahypasynda Hudaýyň mähribanlygy hakda dogrudan-dogry aýdyp geçilýar we bu zady Hudaýyň tagty ýaly berk imanyň düzüm bölegi häsiýetinde düşünmek gerek.Bu Hudaý hakyndaky her hilli sagdin pikriň esasyý duýpi we ahlaky ruhyý sagdinligiň zeruryý şertidir.Hudaý mähriban bolup bilmesligi mumkin diyip pikirlemek-bu her hilli pikir ýöretmeni gadyryňy gaçyrmak we netijede her hil ahlakyý äňetmeni inkär etmek, diymekdir.Eger Hudaý mähriban bolmasa bu ýagdaýda mähr-şepagat we şaňsyzlyk ortasynda tapowut galmaýar we asman dowzaha dowzah bolsa asmana öwürilmagi mumkin.
Hudaýyň mähribanlygy-bu şeýle bir mehanizmdir,ol Hudaýyň her guni bize görkezýan bary merhemetlerini herekete getirýar.Hudaý Öz galbynda mähr-şepagatly bolandygy uçin hem bizi ýaratdy we edil şu sebäbe görä hem Ol biziň günalerimiz uçin töleg töledi.Hudaýyň mähribanlygy Hudaýyň häsiýetlerinden biri höküminde Hudaýyň Özünden başga sebabe eýe däldir.Ol çäksiz,kämil we ebediýdir.Hudaý ebediý bolany uçin,Ol hiç haçan Öz söýgisi we mähribanlygy derejesini özgertmeýar.Hudaý hiç haçan häzirka seredende koprak mähriban bolmadyk we Ol hiç haçan kem mähriban bolmaýar. Ol aýrym şahslara degişli hormat görkezmeýar,tersine Öz güneş nurlaryny ýamanlar üstinden hem,ýagşylar üstinden hem saçýar we häklaryň hem,nahäklaryň hem başyna barabar ýaşyş iberýar.Hudaýyň mähribanlygynyň esasy-Onuň Özündedir.Hudaýyň merhemetine ýetişenler ,eden hyzmatlaryndan we Hudaýyň mähribanlygyny nahilli ýagdaýda gaýtaranlaryna seretman,Onuň haýyr-sahyýlygyna eýe bolýarlar.Sözüň hakykatlaryny ýüreginiz sahypalaryna ýazyp goýmagynyzy Hudaýdan sorap galýan.Höş sag aman boluň.Rebbimiz merhemeti barynyza ýar bolsun.